Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş wagtyny kitap ýazmaga bagyşlady 

    15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullandy, şu pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň agtyklary bilen bolmagy maşgala gymmatlyklarynyň durmuşyň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek subut etdi. 
    Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz diňe bir iş wagtyny däl, eýsem, dynç alyş döwrüni hem hemişe mümkin boldugyça netijeli peýdalanmaga çalyşýar. Milli Liderimiz boş wagtyny, köplenç, ylym we döredijiligiň dürli görnüşleri bilen, şol sanda täze eserleri ýazmak bilen meşgullanmaga bagyşlaýar. 
    Ine, şu gün hem döwlet Baştutanymyz şu ýörelgesine eýerip, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň nobatdaky jildini tamamlamagyň üstünde işlemegini dowam etdi. 
    Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, daşary döwletleriň birnäçe ylmy-barlag merkezleriniň hormatly doktory, professory milli Liderimiziň şu hem-de beýleki ylmy işleriniň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilendigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň galamynyň astyndan çykan kitaplarynyň her biri diňe bir Watanymyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly gyzyklanma hem-de giň jemgyýetçilik seslenmesini döredýär. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp jiltli ensiklopedik işi umymy ylmy ugurly bolmak bilen bir hatarda, aň-düşünjäni artdyrýan peýdaly maglumatlary özünde jemleýär. Bu bolsa köp sanly okyjylar köpçüligine halkymyzyň baý medeni mirasynyň bir bölegine ýakynlaşmaga mümkinçilik berýär. 
    Işlemeginiň dowamynda döwlet Baştutanymyz köpsanly çeşmeler bilen ünsli tanyşdy. Bu bolsa täze ylmy işiň esasyna öwrüldi. Milli Liderimiz ýörite haltajyklara gaplanan dermanlyk ösümlikleriň we otlaryň nusgalaryny gözden geçirip we giň işleýin öwrenip, şolaryň tapawutly aýratynlyklaryna ünsi jemledi. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzalan kitabyň 11-nji jildiniň üstünde esasy işini tamamlap, oňa gutarnykly düzedişlerini, takyklamalaryny we goşmaçalary girizmek bilen meşgullandy.