Paýtagtymyzyň şäher gurluşygyny ösdürmek wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy 

    14-nji iýulda paýtagtymyzyň häkimliginde iri durmuş ugurly taslamany amala aşyrmak — belent binalary bolan täze ýaşaýyş toplumyny döretmek meseleleri boýunça maslahat geçirildi, bu toplumda ýüz müňden hem gowrak adam ýaşar. 
    Şu gün Aşgabat şäher häkimliginde ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, hususy bölegiň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener- tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary täze taslamanyň ähli bölekleri bilen tanyşdylar. 
    Bu taslama 200 binadan gowrak bolan ägirt uly toplumy gurmaga bölünip berlen umumy meýdan 744 gektara barabardyr. Dürli belentlikdäki — 12 gatdan 35 gata çenli diňe ýaşaýyş jaýlarynyň 180-sini gurmak maksat edinilýär. Şolardaky öýleriň sany 17 müň 836 bolar. Umuman, tutuş etrap 107 müňden gowrak ilata niýetlenendir. Ýagny, ýakyn ýyllarda Aşgabadyň demirgazygynda dolandyryş binalarynyň, hyzmat ulgamynyň edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, medeniýet merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de beýleki durmuş maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýän täze şäher peýda bolar.