Gülgüne öwüsýär sähra sülgüni

    Durmuşda haýsydyr bir işiň amal edilmegine käbir tötänligiň sebäp bolaýan halatlary hem gabat geläýýär. Meniň şujagaz çaklaňja makalany ýazmagyma-da, şeýlekin tötänlik sebäp boldy diýsem, hakykatdan daş düşdügim däldir. Ýogsam, sülgün diýip atlandyrylýan bu owadan hem-de ýürege ýakyn guş hakynda ýörite bir makalany «häli ýazaryn-şindi ýazaryn» diýip ýörenime-de ep-eslije mütdet geçen eken.
    Dogrusy, şu ýylyň bahary diýseň hoştap geldi. Hanjaňa garasaň, göwnüň göterilip, kalbyň ganatlanýar. Sähranyň meňzine muşdak bolup, oňa öz ýanymdan guwanyp barýardym. Dyz boýy çigildemleriň arasyna aralaşanym hem şoldy welin, birdenkä edil gapdalymdan bir çalymtyk mäkiýan bilen gyzyl horaz zompa güsürdäp, asmana göterildi. Olaryň duýdansyz hereketlerine ziňk edip tisginenimi duýman galdym. Dogrymy aýtsam, birbada aljyramanam durmadym. Töweregime garanjakladym. Ýoldaşym welin tisginmedi, piňine-de däl, kemteresinden başynam galdyrmady. Herniçik bolsa-da, assyrynlyk bilen birküç ädim ätmänkäm, ýene-de otlugyň bir ýerinden pasyrdaşyp, jübüt guş al-howa galdy-da, dowamly jokurdap, taýak tüwdürim ýerdäki jümjümeleriň arasyna duwlandy.
    Gapyllykda uçup, meni tisgindiren ilkinji guşlary oňly synlap bilmedigem bolsam, soňraky guşlary az-kem synlamaga maý boldy. Olaryň gözelligi welin, diýseň ajaýypdy. Ylla diýersiň, uçup barýan guş däl-de, hakyt ýanyp duran bir tokga çog-gyzyl közi ýadyňa salýardy. Gelşikli kelläni boýny bilen gurşap alan altynsow, goýy ýaşyl, mämişiden mawumtyl reňk utgaşygy, Gün nuruna hakyk monjugyň çogdamy ýaly ýylpyldaşýardy. Ykjamja uzyn guýruk bolsa edil el bilen ýörite goýlan mysalydy. Biz esli salym bu guşlaryň gözelliginden aýňalyp bilmän, aňk bolup, garantga ýaly sömelip durduk. Ahyrsoňy meniň ýoldaşym — Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri Hojamyrat Hojamyradow ýuwaşjadan: «Sülgün-dä şu guşlar. Oňa ylmy dilde «Phasianus соlсhiсus» hem diýilýär. Heňňam öwrümlerinde pederlerimiz bu guşy dag horazy, gargawyl, gyrgawul, kargawyl, sylgyn, derehoraz, towuk, meýdan towuk, ýabantowuk, ýawaýy towuk, ýawantok, tezerw diýip atlandyrypdyrlar» diýip seslendi. 
    Guşlaryň şasy hasaplanylýan sülgün guşy owadanlygy, häsiýetli aýratynlygy bilen özi hakda süýji-süýji gürrüň etmäge juda mynasypdyr. Bu guşa Ýer togalagynyň aglaba ýerlerinde — Ýewropanyňdyr Aziýanyň jeňňelleridir tokaýlarynda, derýalaryň gamyşly kenarlarynda duş gelmek bolýar. Ýöne onuň esasy Watanynyň — iň köp duş gelýän ýeriniň Türkmenistandygy kalbymyzda buýsanç-guwanç, kanagatlanma duýgularyny döredýär. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda, Amyderýanyňdyr Murgabyň boýlaryndaky jeňňelliklerde, Garagum derýasynyň mele suwunyň baran ýerlerinde, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çemenzarlyklara beslenen sonarlyklarynda bu gülgüne öwsüp duran täsin guşa her daýym duşmak bolýar.
    — Daşky gurşawyň dürli ekologik täsirleri sülgünleriň dört görnüşiniň emele gelmegine tekge beripdir. Sumbardyr Çendir derýalarynyň kenarlarynda, dag jülgelerinde pars sülgünleri ýygy-ýygydan duş gelýär — diýip, meniň ilkinji gürrüňdeşim Hojamyrat aga sülgünli söhbedimizi saýhallap başlady: — Geçmişde olar Günbatar Köpetdagdan başlap, tä onuň merkezi bölegindäki Sarymsakly jülgesine çenli, käbir maglumatlara görä bolsa, hatda Gökdepäniň ilersindäki Sekizýabyň — Germaw jülgesine çenli aralykda hem duş gelipdir. Tejendir Murgap derýalarynyň jeňňelliklerinde Murgap sülgünleri, Amyderýanyň jeňňelliklerinde bolsa Amyderýa sülgünleri duş gelýär. Jeýhunyň aýagujunda — Daşoguz oazisinde, Syrderýanyň kenarýaka sebitlerinde garamtyl-gyzyl, altynsow öwüşginli hywa sülgünleri giňden ýaýrandyr. Olar ýelek örtüginiň, ýumurtgalarynyň reňkleriniň dürlüligi, ýaşaýan ýerleri boýunça tapawutlanýarlar.
    Pah, şu gürrüňleri eşidenimde, meniň öz bilýän zatlarym hem yzly-yzyna sepleşip gidiberdi. Hünärmenleriň aýtmagyna göra, towuklar maşgalasynyň görnükli wekili bolan sülgün guşunyň özge guşlara meňzemeýän, aýratyn häsiýetli taraplary kän. Ol juda hüşgär guş hasaplanýar. Ýöne şeýle-de bolsa, ol beýleki guşlar ýaly, sähel şygyrdy eşitse, uçup ötägidýän guşlaryň hilinden däl, hemişe uçup ýörmegi känbir halabam baranok. Uly bolmadyk aralyga ýorgalap, ýöräp hem baryp bilýär. Onuň perleridir ýelekleri dürli reňklere beslenendir. Ine, şonuň üçin hem ol ot-çöpleriň arasynda bukulyp, çugutdyryp oturmaga juda ezber. Käbir ornitologlar sülgüniň tä üstünden barýançaň, uçman oturýandygyny, eger uçaýanda hem ilki dik asmana göterilip, soňra belli bir ugra gönügýändigini aýdýarlar. Mäkiýan sülgünler has-da hüşgär bolýarlar. Sülgünlere bir owadan görnüşde güsürdäp uçmak, edil zer çaýylan alöýmäni göge oklan ýaly diýdirýän derejede uçmak gözelligi mahsusdyr.
    Daş görnüşi boýunça bu guşuň horazy bilen mäkiýanyny aýyl-saýyl etmek, tapawutlandyrmak asla kyn däl. Horaz sülgüniň çog-gyzyl, şeýle-de, ýaşyl öwsüp duran ýelekleri agdyklyk edýän bolsa, mäkiýan sülgüniň reňki goňrasdan melemtil, ýere, gurap galan ot-çöplere çalymdaşdyr.
    Alabaharyň ilkinji günlerinde sähra meýdanlarynda horaz sülgünleriň «jok-jok» edip saýramasyny häli-şindi eşitmek bolýar. Bu saýraşma sülgüniň özüne taý gözläp, nesil öndürmek aladasyna ulaşandygyny aňladýar. Maý aýynda mäkiýan sülgün höwürtgesinde ýumurtga basyrmaga oturýar. Onuň höwürtge ýasaýşam bir täsin. Ilki höwürtge gurunjak ýeriniň töwereginden ösgün gök otlary depgiläp, torç eýläp, oňaýly geçelge edinýär. Ine, şondan soňra höwürtgesini içine ot-çöp düşelen kiçeňräk çukurjygyň içinde edinýär-de, oňa 8-den 24-e çenli ýumurtga goýup, olary basyryp ugraýar. Şahyryň: «Aýra düşmez käkilik, çölde goýuban balasyn» diýşi ýaly, bu döwürde horaz sülgün hem höwürtgeden känbir daşlaşman, ýumurtgalary hemişe goraglap gezýär. 23 — 24 gün diýlende, höwürtgedäki etenejikler gymyldap ugraýar. Türkmençilikde «sülgüniň jüýjesi ýaly» diýilýän bir meňzetme ulanylýar. Munuň özi ýöne ýere däldir. Sülgün jüýjeleri örän ýeserje bolup, heniz daşlary oňly gurap-guramankalar enesiniň yzyna düşüp başlaýarlar-da, höwürtgelerini hemişelik terk edýärler. Niçikmi, bir zatdan tebil tapyp, howatyrlananlarynda bolsa kellejiklerini aşak basyp, guýrujaklaryny galdyryp, ümdüzine tutdurýar-da, çöp-çalamlaryň arasynda bukulýar. Olar hem eneleri ýaly ot-çöpleriň däneleridir baldaklary, mör-möjekler bilen iýmitlenýärler.
    Bahar paslynyň orta gürpünde ýumurtgany ýaryp çykan kindiwanja sülgün jüýjeleri güýzüň paýawlap, öz ornuny gyş paslyna berip ugran günleri özleriniň owadan, gülgün reňkli lybaslaryna beslenip, hakyky zyba keşbine bürenýärler. Soňra 5 — 6 aýlyk bolan sülgün jüýjeleri towuk jüýjeleri kimin ululykda bolýarlar. Olar tä özbaşdak maşgala bolýançalar süri bolup gezmegi halaýarlar. Türkmen halky bu guşy aýratyn eý görýär. Adamlaryň sülgün guşy ýaly, owadan hem edaly bolsun diýen yrym-niýet bilen gyz perzentlerine «Sülgün» diýip at goýmaklary-da, elbetde, ýöne ýere däldir.
    «Dile geldi, bile geldi» diýleni. Sünt-Hasardagdan soňra, Amyderýa jülgesinde bolanym hem edil şu günki ýaly ýadymda. 
    — Kenarýaka tokaýlarda hemişe ýaşaýan, has ýaýran we iň owadan guşuň biri-de Amyderýa sülgünidir. Ýabantowuklaryň Merkezi Aziýada 8 görnüşi bolup, olar öz aralarynda horazlarynyň daşky görnüşi — ganatdyr perleriniň reňkleri bilen tapawutlanýar. Amyderýa sülgüni kenarýaka tokaýlyklarda Kelifden başlap, tä Düýeboýun suw howdanyna çenli, şeýle-de, Garagum derýasynyň kenarlarynyň ep-esli ýerine ýaýrandyr — diýip, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri Umytjan Huseýinow guşlar hakyndaky gürrüňiniň soňuny sülgünli söhbede syrykdyrdy: — Goraghananyň çägindäki bu guşlaryň agramy 1,5 — 2 kilogram bolup, horazy ulurak, boýnunyň reňki garamtyl-ýaşyl, arkasy gara tegmiljikler bilen jäheklenen, gyzylymtyldan açyk goňur, ganatlary aksowult gara menekli, guýrugy uzyn hem gyzylymtyldyr. Mäkiýany bolsa kiçiräk, ähli bedeni bir reňkde — mele, gara tegmilli — ýeriň reňkine çalymdaşdyr. Diňe bir goraghananyň çäginde däl, eýsem-de bolsa, obalaryň gyrak-çeträklerindäki ekin meýdanlarynda-da sülgünleriň sany ýylsaýyn artýar. Arassa howa, bol iýmit, asuda, gorky-ürküsiz erkana ýaşaýan sülgünlere bu tokaýlarda köpelmek üçin ähli şertler bar. Aslynda-da, bu ýerler olaryň dogduk mekany ahyryn — diýip, Umytjan aga erkana gezişip ýören sülgünleri görjek bolup, gamyşlaryň arasyna egilip, olary synlap başlady. Puryja barka bu guşlary mazalyja synlan ýagşy. Sülgün mäkiýanlarynyň jüjelerini yzyna tirkäp, hatarlanyşyp ýöreýişleri tebigata özboluşly bezeg berýär... 
    — Goraghanada bu ýabantowuklary köpeltmek babatda hem ylmy işler alnyp barylýar. Olaryň ýumurtgalary tokaýdan ýygnalyp, inkubator şertlerinde jüýje çykarylýar. Jüýjeler gaýnadylan ýumurtgadyr üwelen mekgejöwen dänesi, kepekdir dürli gök önümler bilen iýmitlendirilýär. Gezelenje gelen çagalardyr mekdep okuwçylary ýörite gurnalan ketekdäki sülgünleri hezil edip synlap, göwün solpusyndan çykýarlar. Seret, ynha, sülgün horazlary älemgoşaryň ýedi reňkiniň ählisinden özüne gerek paýy alan owadan guşdur. Ýelekleriniň dürli öwüşginleri haýran galdyryjydyr. Beýle gözelligiň asyrlaryň dowamyndaky tebigy seçginiň netijesinde dörändigi ikuçsuzdyr — diýip, Umytjan aga guşlary iýmitlemäge gümra bolup ýörşüne dillendi.
    Sülgünler, esasan, ot-çöpleriň arasynda, şeýle-de, obadan, goh-galmagaldan känbir uzak bolmadyk agaçlaryň şahalarynda hem ýatyp, gijelerini geçirýärler. Köplenç halatda günüň ikinji ýarymynda, ak öýlänler diýilýän wagtlary gezmelemegidir iýmitlenmegi halaýarlar. Soňky ýyllarda aw düzgünleriniň berk berjaý edilmegi, döwletimiz tarapyndan olaryň goraglylygynyň güýçlendirilmegi sülgünleriň sanynyň artmagyna, olaryň adamlara golaýlaşmagyna mümkinçilik döretdi. Şol sebäpli-de, güýz aýlarynda gök-bakja ekinleri ekilen melleklere hem sülgünleriň gelip, iýmitlenýändigini görmek bolýar.
    Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimizde ähli ugurlar bilen bir hatarda, oba hojalygy, şol sanda maldarçylykdyr guşçulyk ýokary depginde ösýär. Towukdyr bedene, käkilik ýetişdirmäge, olardan etdir ýumurtga almaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şol önümleriň içinde bedene ýumurtgasy aýratyn tapawutlanýar. Çünki bedenäniň ýumurtgasydyr eti örän ähmiýetli, ýokary kaloriýaly berhizlik iýmitdir. Ýogsa-da, sülgünleri eldekileşdirmek, öý şertlerine uýgunlaşdyrmak mümkinmikä?!
    — Siziň bu sowalyňyz köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Ýurdumyzyň çägindäki döwlet tebigy goraghanalarynyň köpüsinde bu guşy eldekileşdirmek babatda gözegçilik işleri birnäçe ýyl bäri ylmy esasda alnyp barylýar — diýip, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni Kadyrguly Annagulyýew göwünjeň söz açýar: — Bu ýerlerde saklanylýan sülgünler ýörite döredilen şertlerde ýumurtga guzlaýarlar. Ýöne olaryň ýumurtgalaryny basyrjak gümany ýok. Sülgünleriň eldekileşdirilen şertlerde ýumurtgalaryny basyrmaýanlygynyň sebäbini onuň ganyndadyr zandynda, aslynda henizem gorky-ürkiniň, tezligiň, ätiýaçlygyň berk saklanyp, mizemän galanlygy bilen düşündirmek bolar. Ýöne her näme-de bolsa, sülgünleriň adamlar bilen ysnyşmagy üçin ilkinji ädimleriň ädilýänligi diýseň guwandyryjydyr. Ýurdumyzda negada sülgünleri eldekileşdirip, ýörite fermalarda saklaýar. Elde saklanýan sülgünleriň ýumurtgalary inkubatorda goýmak arkaly hem çykarylýar. Biziň hünärmenlerimiz sülgünleri şahsy hojalyklarda ýetişdirmek barada ýörite maglumatlary işläp düzdi. Eger-de, sülgün guşlaryny öz hojalyklarynda ýetişdirip, köpeltmek isleýän bar bolsa, onda ildeşlerimiz bu babatda bize ýüz tutup bilerler.
    Hawa, sülgünler türkmen guşlarynyň şasydyr. Onuň görk-görmegi-de, gülgün öwüsmesi-de, häsiýetli aýratynlygy-da göze yssy, kalba ýakyndyr. Bu guşuň ýyl-ýyldan köpelmeginde esasy borç bize — adamlara baglydyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň sargyt edişi ýaly, türkmen tebigatyny, onuň täsin gözelligini, tebigy baýlyklaryny aýap saklap, ony geljekki nesillerimize miras galdyrmak biziň mukaddes borjumyzdyr.