Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

    Soňky bäş ýylyň içinde Türkmenistan bilen Türkiýe birek-biregiňkide üçünji gezek Medeniýet günlerini geçirýär. Bu maglumaty has takyklaşdyrmaly bolsa, 2015- nji ýylyň dekabr aýynda Türkiýede Türkmenistanyň, şondan iki ýyl soňra biziň ýurdumyzda Türkiýäniň Medeniýet günleriniň geçirilendigini ýatlap we şu günlerde-de dostlukly döwletde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dowam edýändigini buýsanç bilen habar berip bileris. Munuň özi ýönelige däldir. Çünki köki we dili bir türkmen hem-de türk halklarynyň umumy medeniýete teşneligi ýürekleri biri-birine barha ýakynlaşdyrýar. Galyberse-de, medeni çäreler iki ýurduň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlyklara ruhy ganat bolup hyzmat edýär. 
    Ýurdumyzyň Türkiýedäki Medeniýet günlerini geçirmek üçin bu gezek Siwas hem-de Erzurum şäherleri saýlanyp alyndy. Munuň özi ýönelige däldir. Çünki bu şäherleriň ikisinde-de taryhyň iň şanly nesilşalyklarynyň biri bolan seljuklylaryň baý mirasy ýatyr. Şeýlelikde, şu gezekki çäreler arkaly seljuk türkmen medeniýetiniň dürli döwürleriniň duşuşygy gurnalýar. 
    Medeniýet günleriniň dabaralaryna Siwas şäherinde badalga berildi. 10-njy iýulda bu ýerde täsirli çäreleriň üçüsi geçirildi. Olaryň ilkinjisi Şemsi-Siwas kitaphanasynda ýaýbaňlandyrylan sergidir. Onda şäheriň ýaşaýjylaryna türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň, milli gymmatlyklarynyň iň naýbaşy eserleri hem-de fotosuratlar görkezildi. Dabaralara Siwas welaýatynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdy. 
    Sergini hem-de Medeniýet günleriniň Siwas şäherindäki duşuşyklarydyr beýleki çäreleriniň aglabasyny geçirmek üçin saýlanyp alnan ýeriň Şemsi-Siwas kitaphanasynyň tutuş ýurda meşhur paýhas ojaklarynyň biridigini ýeri gelende nygtamak gerek. Hazynasynda 100 müňden gowrak kitap bolan bu kitaphana 4 ýyldan bäri işleýär we geçen ýylyň netijeleri boýunça Türkiýede iň köp okyjy çeken kitaphana bolupdyr. Türkmenistanyň Medeniýet günleri şeýle abraýly kitaphanadaky ilkinji halkara çäredir. 
    Şol gün Siwas Kongres binasynda «At — myrat» atly türkmen filminiň görkezilişi boldy. Filmiň görkezilişi üçin saýlanyp alnan ýeriň hem tutuş Türkiýäniň taryhynda mukaddes mekana öwrülendigi aýratyn nygtalmaga mynasyp. Göni bir asyr mundan ozal Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürk hut şu binada öz döwrüniň garşylyklaýyn güýçleri bilen göreşip, täze döwletiň düýbüni tutupdyr. 
    Merdan atly oglanjygyň ezber çapyksuwar bolup ýetişişi barada gürrüň berýän çeper filme tomaşa etmek üçin ýygnanan mähelle bir sagat çemesi wagtyň dowamynda türkmeniň ahalteke bedewleriniň dünýäsine siňdi diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Özümiz hem Aşgabatdan 2,5 müň kilometrden-de gowrak uzaklykda ýerleşýän şäherde oturandygymyzy bir pursatlyk unutdyk. 
    Agşam şäherde ýerleşýän Atatürk adyndaky Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy. Onda Türkmenistanyň halk artistleri Parahat Şyhymow, Annaguly Myratdurdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gözel Öwezowa; şeýle-de aýdymçylar Guwanç Ýazmämmedow, Gülşirin Geldimyradowa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Miras» folklor topary bilen birlikde ýerli aýdymçylar hem çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň sözlerine we sazyna döredilen «Leýlisaç barada rowaýat» atly aýdym aýratyn şowhunly elçarpyşmalar bilen kabul edildi. Türkmen halk aýdymlary bilen bir hatarda ýaňlanan türk aýdymlary-da täsirli boldy. Konserte ýygnananlar olary türkmenistanly sungat ussatlarynyň ýerine ýetirişine ýokary baha berdiler. Konsert Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini wasp edýän aýdym bilen tamamlandy. 
    Düýn, 11-nji iýulda Şemsi-Siwas welaýat halk kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan kitap sergisi dürli eserlerdir gollanmalaryň 200-e golaýyny öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň dürdäne eserleriniň 30-dan gowragy sergide görnükli orny eýeledi. 
    Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň döredijilik işgärleri, taryhçylary türk kärdeşleri bilen bilelikde «Seljuklar döwründe medeni galkynyş» atly ylmy maslahaty geçirdiler. Maslahat döredijilikli we ylma daýanýan pikir alyşma öwrüldi. Ata-babalarynyň göçüp gaýdan topraklaryndan gelen döredijilik işgärleridir alymlar bilen duşuşmak türk wekilleri üçin aýratyn ýakymly boldy. Siwasyň Kangal etrabyndaky Balykly Kaplyja ýadygärligine edilen gezelenç bilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Siwasdaky bölümi tamamlandy. Şu gün türkmen wekiliýeti Erzurum şäherine ugrar. Ertir bu ýerde hormatly Prezidentimiziň kitaplary bilen tanyşlyk dabarasy we kitap sergisi geçiriler. Şeýle hem Atatürk adyndaky uniwersitetiň medeniýet merkezinde türkmen kinofilmi görkeziler. 
    Türkmenistanyň Türkiýedäki Medeniýet günleri 16-njy iýula çenli dowam eder.