Gallaçylara bagyşlanan dabara

    Düýn paýtagtymyzyň «Aşgabat » aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň gallaçylarynyň ýeten ýokary sepgitleri mynasybetli dabara geçirildi. Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyran gallaçylarymyzyň zähmetsöýerligini, türkmen topragynyň sahawatyny wasp eden bu dabara hormatly Prezidentimiziň ak bugdaý ussatlaryna berýän ýokary goldawynyň, zähmet gahrymanlarynyň çekýän halal zähmetiniň waspçysyna öwrüldi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, paýtagtymyzyň hem-de welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, ýaşulular, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary boldy.