Jeýhun joşly owazlar

    Geçen hepdäniň şenbe gününde Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähiniň mähellesi adatdakylaryndan has kän boldy. Çünki şol gün welaýatyň çar künjeginden gelen sungat muşdaklary saýlama sesleriň owazyna — «Ýaňlan, Diýarym! — 2019» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyryna şaýat bolmaga ýygnandylar.
    Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäginde geçirilýän bu aýdym-saz dabarasynyň geçen ýyllaryň dowamynda ençeme zehinleriň ilkinji ädimine öwrülendigini aýtmak gerek. Bu gün halypalyga ýeten sungat ussatlarymyz hem özleriniň «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşigindäki çykyşlaryny heniz-henizler hem buýsanç bilen ýatlaýarlar. Şeýlelikde, bu bäsleşikde çykyş edip, ukybyňy il-güne ýaýyp bilmek ýaş ýerine ýetirijilerimiz üçin esasy maksatlaryň birine öwrüldi. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň gündogar welaýatynda hem bäsleşige gatnaşmaga ýaşlaryň ýüzlerçesi isleg bildirdi.
    Welaýat medeniýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary Maksat Akmämmedowyň aýtmagyna görä, bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlaryna gatnaşmak üçin şu ýyl islegler adatdakylardan hem kän boldy. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň kalba bagyşlaýan ýakym-ýaraşygy ýaş zehinleriň gursagynda joşgunly mukama, owazly aýdyma öwrülip, bäsleşigiň ilkinji tapgyrlarynda ýaňlandy.
    Welaýat boýunça tapgyra ýaş ýerine ýetirijileriň 10-sy gatnaşdy. Biri-birinden owazly, birinden belent sesler agşamyň sergin howasyna garyşyp, dumly-duşa ýaýrady. Ýurdumyzyň görnükli sungat wekillerinden, halypalardan ybarat eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň her birini üns bilen diňläp, olaryň ýerine ýetiriş ukybyna ýerlikli baha berdiler. Şeýlelikde, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Güljemal Taýlyýewa bilen Darganata etrabynyň medeniýet merkeziniň aýdymçysy Faruh Ergaşew bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Güljemal Taýlyýewanyň geçen ýyl hem welaýatda öňe saýlanyp, paýtagtymyzda geçirilen jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanandygyny ýatlatmak isleýäris. Talyp gyz bäsleşigiň ýeňijisi bolmak üçin ýene bir gezek synanyşyp görer.
    Dabaranyň ahyrynda bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşyjylaryň 10-sy hem gymmat bahaly sowgatlardyr Hormat hatlary bilen sylaglandy. Ýeňijilere bolsa paýtagtymyzda geçiriljek jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukugyň berilýändigi aýdyldy.