TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

    3-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine garaldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi.
    Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzda durnukly ösüşi, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, hukuk goraýjy düzümleriň ýokary hünärli işgärler bilen üpjünçiligini pugtalandyrmak ugrunda 2019-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.
    Ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň jemleri baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.
    Milli Liderimiz hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi, onda Türkmenistanyň bitaraplyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ygrarlydygyny nazara almak bilen, hukuk goraýjy edaralaryň anyk wezipeleri kesgitlenendir. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, täze garaýyşly işgärleri taýýarlamak meselelerini ýakyn geljekki wezipeleriň hatarynda kesgitläp, watançylyk terbiýesi boýunça çäreleri degişli derejede guramagyň möhümdigini belledi.
    Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Milli howpsuzlyk ministrliginiň işi barada aýtmak bilen, bu düzümiň işgärleriniň üstüne döwletimiziň milli howpsuzlygyny, onuň konstitusion gurluşyny, ykdysady bähbitlerini üpjün etmek boýunça ägirt uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz ministrligiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, geljekde hem iş ýüzünde anyk çäreleriň görülmelidigini aýdyp, birnäçe tabşyryklary berdi.
    Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak hem-de hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň düzgünlerini we ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny pugta berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň häzirki zaman usullarynyň we öňdebaryjy tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny talap edýändigini belledi. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ulag hereketiniň sazlaşygyny hem-de ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
    Hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik tertibini saklamak, hukuk we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak polisiýanyň bölümleriniň baş wezipeleriniň biridigini belläp, bu babatda ministre degişli tabşyryklary berdi.
    Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew Milli goşunymyzyň harby bölümlerinde ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň, esgerleriň we serkerdeleriň ýokary derejede gulluk etmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň raýatlaryny nobatdaky harby gulluga çagyrmak işleriniň netijeleri barada habar berildi.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, goşun bölümleriniň häzirki zaman harby tehnikalar bilen üpjün edilmeginiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde harby işgärleriň taýýarlanylyşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, sportuň harby-amaly görnüşlerini ösdürmegiň wajyp ähmiýetli wezipeler bolup durýandygyny aýtdy hem-de harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmak boýunça ministre anyk görkezmeleri berdi.
    Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde häzirki zaman talaplaryna, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda, işiň guramaçylyk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, şu ýylyň ilkinji alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
    Milli Liderimiz hasabaty diňläp, kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek meseleleriniň häzirki döwrüň wajyp wezipeleridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz kazyýet mejlisleriniň açyklygyny, aýanlygyny, kazylaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna laýyklykda iş alyp barmagyny üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny belläp, öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
    Baş prokuror B.Atdaýew Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri we hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça geçirilen prokuror barlaglarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
    Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli kanunçylyk düzgünleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilişine berk gözegçiligi ýola goýmakda prokuratura edaralarynyň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Wezipe borçlarynyň çäklerinde beýleki harby we hukuk goraýjy düzümler bilen bilelikde döwlet hem-de jemgyýetçilik tertibiniň goragyna, kanunçylygyň we hukuk tertibiniň berkidilmegine gönükdirilen çäreleri geçirmek boýunça Baş prokurora birnäçe tabşyryklar berildi.
    Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarly goragyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylan çäreler, şeýle hem täze serhet galalarynyň gurluşygy barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, serhetçileriň nazaryýet, söweşjeň beden taýýarlygyny ýokarlandyrmagyň, ýurdumyzyň dost-doganlyk serhedi hasaplanylýan döwlet serhetleriniň eldegrilmezligini üpjün etmegiň döwrüň wajyp talabydygyny belledi. Milli Liderimiz şol bir wagtyň özünde serhetçileriň döwrebap gulluk etmegi we amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmeginiň ýurdumyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň esasy ugrudygyny belläp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
    Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň gümrük serhetlerinde, halkara ulag geçelgelerinde düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
    Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamynyň giňeldilmegi hem-de olaryň täzeleriniň döredilmegi boýunça sebitara we halkara ähmiýetli taslamalar amala aşyryldy hem-de şolaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär.
    Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň dünýä logistika ulgamyna goşulyşmagyna oňyn täsirini ýetirýär we multimodal gatnawlar boýunça iri merkezleri döretmek üçin oňyn şertleri üpjün edýär. Şeýlelikde, üstaşyr ýük gatnawlarynyň sany artýar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman şertlerinde, bazar gatnaşyklarynyň okgunly ösýän döwründe gümrük bölümleriniň üstünden geçýän harytlaryň, ulag serişdeleriniň hukuk we ykdysady taýdan kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen zerur çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gözegçiligiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, iş ýüzünde bu ulgamdaky dünýä tejribesini işjeň peýdalanmak, gümrük ulgamynyň kadalarynyň bozulmagynyň öňüni almagyň hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň bu gullugyň öňünde durýan möhüm wezipelerdigini kesgitläp, düzümiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
    Adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de türkmen döwletiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
    Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň ýerine ýetirilişine we täze, häzirki döwrüň talabyna kybap gelýän kanunlary kabul etmek boýunça teklipleriň esasynda olaryň taýýarlanylyşyna yzygiderli gözegçiligiň zerurdygyny belledi hem-de degişli görkezmeleri berdi.
    Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we degişli edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän anyk çäreler barada hasabat berdi.
    Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine kybap gelýän hem-de milli we ählumumy bähbitlere esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny amala aşyrýan döwletimiziň halkara derejedäki abraýynyň belende galýandygyny belläp, dünýäniň syýasy we işewür toparlarynyň, daşary ýurtly raýatlaryň ägirt uly kuwwata eýe bolan Türkmenistana gyzyklanmalarynyň artýandygyny aýtdy.
    Şunuň bilen baglylykda, bu gullugyň işiniň gerimi giňelýär. Hormatly Prezidentimiz munuň işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, daşary ýurtly raýatlaryň migrasiýa çärelerini geçmegi üçin halkara ölçeglere kybap gelýän şertleri döretmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmegini talap edýändigine ünsi çekip, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň jemini jemläp, Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň özygtyýarly döwlet hökmünde diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň düzümlerini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak boýunça giň gerimli özgertmeleri amala aşyrýar diýip belledi.
    Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine toplumlaýyn çemeleşmeleriň zerurdygyna ünsi çekip, bu edaralaryň şahsy düzümleriniň arasynda tertip-düzgüniň berjaý edilişine, ýaş esgerleriň watansöýüjilik we mukaddes harby kasama wepalylyk ruhunda terbiýelenişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Döwletimiz geljekde hem harby gullukçylaryň ýaşaýyş jaý bilen üpjün edilmegi, olaryň gulluk etmegi, dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek babatynda alada eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.
    Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyza we eziz Watanymyza gulluk etmek ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde mejlise gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw etdi.