Birinji Hazar ykdysady forumy halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

    29-njy iýunda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda boljak birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi.
    Oňa daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň — Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Owganystanyň, Germaniýanyň, Gruziýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň habarlar agentlikleriniň, teleýaýlymlarynyň, gazet-žurnallarynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri žurnalistlere Türkmenistanyň milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda ýeten derejesi we öňde boljak forumyň ugurlary barada gürrüň berdiler.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjy 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde öňe sürdi. Hazaryň kenarynda geçirilen bu sammitde öňe sürlen başlangyç sammite gatnaşyjy ýurtlaryň Baştutanlarynyň goldawyna mynasyp boldy. Milli Liderimiziň pikirine görä, bu iri halkara forum Hazarýaka döwletlerde her ýylda geçirilýän köptaraply gatnaşyklar üçin hemişelik hereket edýän binýada öwrülmelidir. Oňa hökümet, işewür we ylmy toparlaryň, halkara guramalaryň we hususy pudagyň wekilleri işjeň çekilmelidir.
    Media forum birinji Hazar ykdysady forumy, onuň mümkinçilikleri we geljekki ugurlary barada gürrüň berýän wideorolik bilen açyldy. Bellenilişi ýaly, bu çäre gerimi boýunça sebitiň çäklerinden çykyp, Hazarýaka döwletleriniň arasynda bolşy ýaly, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde ähmiýetlidir.
    Öňde boljak forumyň gün tertibine Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýanyň çäklerinde döwletleriň özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy giriziler. Forumyň dowamynda ählumumy möçberde Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň eýeleýän orny, senagat, energetika, söwda, syýahatçylyk we beýleki pudaklara gönükdirilýän maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmak boýunça pikir alyşmalar bolar.
    Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, birinji Hazar ykdysady forumy Hazarýaka döwletleriň hökümetleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk we Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitiniň jemleri boýunça ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gol çekilen Ylalaşyk boýunça pikir alyşmalar babatynda netijeli meýdança bolup hyzmat eder.
    Şeýle hem žurnalistlere Türkmenistanyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmaga gönükdirilen energetika syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanan üstünlikleri barada gürrüň berildi.
    Mediaforumda taryhy taýdan gysga döwrüň içinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda nebitgaz senagatynyň mümkinçiliklerini, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny mundan beýläk-de berkitmek üçin ägirt uly ähmiýeti bolan iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylandygy nygtaldy.
    Gyýanly şäherçesinde ýyllyk kuwwaty 386 müň tonna polietilene we 81 müň tonna polipropilene barabar bolan gazhimiýa toplumynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän senagat toplumynyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň soňky ýyllarda ýeten derejesini aýdyň görkezýär. Ahalda gurlan toplum ýylda EURO-5 ülňüsine laýyk gelýän tebigy gazdan ECO-93 kysymly sintetiki benziniň 600 müň tonnasyny, 115 müň tonna suwuklandyrylan gazy we 12 müň tonna kükürtsiz dizel ýangyjyny öndürmäge niýetlenendir.
    Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda pes dykyzlygy bolan ulgamlaýyn polipropileniň, polietileniň, polistirolyň, poliwinilhloridiň, poliakriliň, sintetik kauçugyň, sintetik ýangyjyň, şeýle hem metanol, etilenglikol, metildietanolamin, kaustik soda, suwuk hlor, duzly kislota ýaly dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan himiýa önümleriniň önümçiligi boýunça birnäçe iri gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy barada gürrüň berildi. Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde tebigy gazy ýokary tehnologiýa taýdan gaýtadan işlemekde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň wekilleri hem-de maýadarlar bilen duşuşyklar guralar.
    Eksport ugurly önümleriň mukdarynyň artmagy Türkmenistanyň we tutuş Hazar sebitiniň öňünde ulag-logistika düzümini ösdürmek we pugtalandyrmak wezipesini goýýar. Öňde boljak forum Hazarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde we halkara ugurlary ösdürmekde deňziň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakda wajypdyr.
    Ýewraziýa giňişliginde sebitara we yklymara gatnaşyklary ulag gatnawlaryny artdyrmak arkaly işjeňleşdirmek meseleleri aýratyn möhümdir. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty yklymdaky gatnaşyklary ösdürmegiň wajyp tapgyryny üpjün etdi. Ol Gara deňiz, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň ýurtlaryna çykmak üçin aňrybaş amatly şertleri döredýär hem-de ýük daşamakda wagty ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.
    Şeýle hem forumyň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine meýilleşdirilen esasy çäreler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn duşuşyklaryň, döwlet, işewür toparlaryň we kompaniýalaryň wekilleriniň arasynda gepleşikleriň geçiriljekdigi barada habar berildi. Mundan başga-da, forumyň çäklerinde halkara maslahat, Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi we “Türkmen sährasy — 2019” dünýäniň awtoulag gurluşy ulgamynyň ýeten derejesi barada sergi guralar.
    Innowasion tehnologiýalar sergisinde Hazarýaka döwletleriň milli bölümlerinden başga-da, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nebitgaz, energetika hem-de himiýa pudaklaryndaky täzeçil çözgütleri, önümçilik enjamlary, senagatyň dürli pudaklarynyň önümleri, serişdeleri görkeziler. Sergä Hytaýyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Gollandiýanyň, BAE-niň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalary gatnaşarlar.
    Hazar deňziniň hukuk derejesi barada 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda ýörite Konwensiýanyň kabul edilmegi netijesinde, geografik we düzümleýin, tehniki hem-de tehnologiki mümkinçilikleri birleşdirmekde, şol sanda Gündogardan Günbatara, Günbatardan Gündogara halkara ulag geçelgelerini ösdürmekde Hazarýaka döwletleriň eýeleýän orny artýar.
    Bu ýagdaýy işjeňleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işleri wagyz etmek üçin «Türkmen sährasy — 2019» halkara sergisinde ýeňil, ýolagçy hem-de ýük awtoulaglarynyň, ýörite tehnikalaryň täze görnüşleri, awtoulag gurluşynda täzeçil işläp taýýarlamalar, audio-wideo serişdeleri, gorag we bekleýji ulgam, howpsuzlyk üpjünçiligi enjamlary görkeziler. Şeýle hem serginiň esasy maksatlarynyň biri awtoulag gurluşygy, awtoserişdeleriň önümçiligi we awtoulaglaryň önümçiligini we oňa hyzmat etmegiň ähli ugurlaryny döretmekden ybaratdyr.
    Mälim bolşy ýaly, her ýylda geçirilýän sergiler awtoulag gurluşygy, onuň enjamlary we serişdeleri bilen meşgullanýan hünärmenleriň köp sanlysyny özüne çekýär hem-de işewür duşuşyklar, täze gatnaşyklar hem-de netijeli gepleşikleri geçirmek üçin oňyn mümkinçiligi döredýär. «Türkmen sährasy — 2019» halkara sergä gatnaşyjylara öz ýeten sepgitleri we alyp barýan işleri barada giňden maglumat bermäge hem-de Türkmenistanyň, şeýle hem tutuş sebitiň bazarynda çykyş etmäge mümkinçilik dörediler. Serginiň çäklerinde önümçilik boýunça hünärmenleriň gepleşikler geçirmegi üçin işewür duşuşyklar guralar.
    Bu forum Hazar deňziniň we onuň ýanaşyk sebitlerinde ykdysady, söwda hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, Hazaryň Ýewraziýada täze geoykdysady giňişligi döretmekde möhüm orun eýeleýän we häzirki zamanyň ählumumy meýillerine laýyk gelýän iri ulag-üstaşyr geçelgesine öwrülmegine kuwwatly itergi berer.
    Soňra žurnalistlere Hazarýaka döwletleriň özara gatnaşyklarynyň taryhy, öňde boljak çäreler hakynda esasy maglumatlar ýerleşdirilen internet-saýt görkezildi, şonda bu foruma gatnaşyjylara onlaýn tertibinde bellige almak we beýleki mümkinçilikler döredildi.
    Öňde boljak forumyň işine Hazarýaka döwletleriň hökümet agzalarynyň, bilermenleriň, işewür toparlaryň, ylmy işgärleriň, halkara maliýe guramalarynyň wekilleriniň köp sanlysynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi bar bolan ykdysady meseleleri ylmy taýdan esaslandyrylan ýagdaýda çözmek we hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny taýýarlamak maksady bilen amala aşyrylýar.
    Birinji Hazar ykdysady forumynyň esasy wezipeleri özara peýdaly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak ugrunda Hazaryň mümkinçiliklerini peýdalanmak, onuň tebigy serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyny höweslendirmegiň usullaryny işläp taýýarlamak, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny hem-de maksatnamalary durmuşa geçirmek, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça tejribe alyşmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek we işewür toparlaryň netijeli gatnaşyklary ýaly meselelerden ybaratdyr.
    Mediaforumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Hazar sebitiniň dünýä energetika giňişliginde netijeli we deňeçer gatnaşyklary döretmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi bolsa tutuş sebitiň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine iri taslamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm binýady emele getirer.
    Sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän dünýäde ilkinji kärhana bolan täze senagat toplumynyň açylandygy barada žurnalistlere habar berildi. Täze senagat-innowasiýa ugurly kärhananyň ulanylmaga berilmegi daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýokary hilli önüm öndürýän iri senagat toplumyna eýe bolan ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň eksport edilişini artdyrmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň subutnamasydyr.
    Dürli ýurtlaryň žurnalistleri öňde boljak forum boýunça pikir alyşdylar hem-de mediaforumy guraýjylar we beýleki ýurtlardan gelen kärdeşleri bilen dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Hazar sebitinden beýleki ýurtlaryň ösüşiniň geljekki ugurlary, syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwer ulgamlar boýunça tagallalary birleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda we haryt dolanyşygyny ýokarlandyrmak üçin niýetlenen düzümleriň işi barada gürrüň edildi.
    Türkmenistanyň DIM-niň wekilleriniň belleýşi ýaly, ýurdumyz taryhy kerwen ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, onuň geosyýasy ýagdaýy Ýewropanyň hem-de Aziýanyň döwletleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda köp sanly taslamalar amala aşyrylýar. Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe döwletleriniň «Lapis Lazuli» ulag-logistika ugry arkaly baglanyşmagy diňe bir Owganystany dünýä ulag gatnawlaryna birleşdirmäge däl, eýsem, bu ýurduň ykdysady taýdan galkynmagynda hem möhümdir. Şeýle hem Aziýa ýurtlarynyň Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuny Türkmenistanyň demir ýol ulgamyny ulanmak arkaly Ýewropa bazarlaryna çykmagyna we Ýewropa ýurtlarynyň Aziýa çykmagyna mümkinçilik berýär.