GURBANGULY HAJY METJIDINDE TOÝ SADAKASY BERILDI

    29-njy iýunda Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidinde hormatly Prezidentimiziň doglan güni mynasybetli toý sadakasy berildi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň müftüsi, ähli welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ymamlary hem-de hormatly ýaşululary we sebitiň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
    Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen bu metjidiň durky düýpli täzelenildi, onuň daşky görnüşi we içki bezeg aýratynlyklary ýokary ülňülere laýyk derejede ýerine ýetirildi.
    Metjit welaýat merkeziniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Onuň bezeg işlerinde milli binagärlik serişdeleri ulanyldy. Metjidiň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň binagärliginiň öňdebaryjy tejribesiniň utgaşdyrylmagy binanyň özboluşlylygyny we kaşaňlygyny şertlendirdi.
    Şu gün bu ýerde guralan dabara gatnaşyjylar Gurbanguly hajy metjidine zyýarat etdiler. Türkmenistanyň müftüsi bu ýerde ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy, Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik maksatly tutumlarynyň rowaç almagyny dileg edip, aýat-dogalar okady.
    Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalary dabaralandyrýan pursatlarynda gadymy taryhdan biziň günlerimize çenli saklanan we keramatly saýylýan mukaddes ýazgyny Marydaky metjide sowgat berdi.
    Bu golýazma 1855-nji ýylda ýazylypdyr. Bu mukaddes ýazgynyň «Hilýe-i Şerif» adynyň manysy «bezeg, nagyş, ýüz we ruh gözelligi» diýmegi aňladýar. Bu mukaddes ýazgy Muhammet pygamberiň nusgalyk häsiýetini söz bilen beýan edip, ynsanyň ruhy garaýşynyň kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
    Musulman dünýäsinde eger-de bir adam «Hilýe-i Şerifi» ýazgysyny elinde saklap görse ýa-da oňa seretse, Allatagala şol adamyň durmuşyny rowaçlyklara, bagtyýarlyga beslärmiş diýen ynanç bar. Eger-de bir adam ýola düşen wagtynda bu ýazgyny ýany bilen alyp gitse, şol ýol saparynda hemişe Allatagala onuň goragynda bolar. Yslam edebiýatynda «Hilýe-i Şerif» aýratyn sarpa goýulýan çeşme hökmünde ýygy-ýygydan ýatlanylýar we onuň jümleleri getirilýär. Musulman ýurtlarynyň köpüsinde häzirki wagtda hem, eger-de düýşüňde pygamberi görmek isleseň, «Hilýe-i Şerifi» gaýta-gaýta okamaly diýen ynanç bar.
    Ýakynda Gadyr gijesi mynasybetli bu ýerde hormatly Prezidentimiz neşir edilen kitaplaryndan gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna agzaçar sadakasyny berdi. Milli Liderimiziň 2016-njy ýylda Saud Arabystany Patyşalygynda bolup, haj parzyny berjaý eden pursadynda çuňňur hormatyň nyşany hökmünde berlen teperrik hem Gurbanguly hajy metjidinde goýuldy.
    Ildeşlerimiz bu ýerde bolan pursatlarynda metjitde goýlan keramatly ýazga we mukaddes teperrige togap edip, «Goý, biziň ýurdumyz hemişe asuda bolsun! Goý, biziň halkymyz milli Liderimiziň daşynda has-da mäkäm jebisleşip, abadan we agzybir durmuşda ýaşasyn!» diýip, ýagşy dilegleri etdiler.
    Metjitde ýurdumyzyň müftüsi tebärek okady. Şeýlelikde, bu ýerde hormatly Prezidentimiziň pygamber ýaşyna gadam goýmagy mynasybetli sadaka berlip, oňa gatnaşyjylara türkmen halkynyň milli tagamlary hödürlenildi.
    Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiz hajy Arkadagymyza berk jan saglygyny we işlerinde üstünlikleri Beýik Biribardan dileg edip, aýat-doga okadylar.
    Berlen sadaka Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!