Täze döwrebap şäherçeleriň düýbüni tutmak dabaralary boldy 

    26-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze döwrebap şäherçeleriň düýbüni tutmak dabaralary boldy.
    Irden geljekki ýaşaýyş jaý toplumlarynyň çäginde hakyky uly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Hemme ýerde Döwlet baýdaklary pasyrdaýar, ak öýler dikildi, senagat we azyk harytlarynyň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Estrada aýdymçylary, sazandalar, bagşylar, folklor toparlary şu günki dabara üçin ýörite taýýarlanylan gyzykly konsert maksatnamasy bilen çykyş edýärler. Türgenler öz ussatlyklaryny görkezýärler.
    Döwrebap şäherçeleriň hem-de Türkmenabat şäherinde täze ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak mynasybetli dabaralara Mejlisiň Başlygy, ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
    Dabaralarda çykyş edenler täze döwrebap şäherçeleriň şu gün badalga alýan gurluşygynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge hem-de olaryň ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydygyny aýratyn bellediler. Nygtalyşy ýaly, şäherleriň we obalaryň keşbiniň täzelenilmeginde, täze şäherçeleriň gurluşygynyň giň geriminde milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda geçirýän durmuş ugurly syýasatynyň dabaralanýandygy äşgär görünýär.
    Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynyň başynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Lebap welaýatynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz «Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakyndaky» Karara gol çekdi.
    Bu etraplar Amyderýa jülgesiniň iň gür ilatly etraplarydyr. Täze şäherçeler 3 müň 500 maşgalanyň ýaşamagy üçin niýetlenendir.
    Döwlet Baştutanymyz şeýle desgalaryň gurluşygynyň hiline hem-de olarda ähli degişli düzümi döretmäge toplumlaýyn çemeleşmäge aýratyn üns berip, şunda her bir meseläni göz öňünde tutmagyň, sebitiň tebigy-howa şertlerini, şol sanda ykdysady, ekologiýa we estetiki şertleri nazara almak bilen, döwrebap gurluşyk serişdelerini ulanmagyň wajypdygyny nygtaýar. Täze şäherçeleriň keşbinde milli binagärligiň iň gowy däpleri hem-de häzirki zaman binagärliginiň gazananlary öz beýanyny tapmalydyr.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan şu hem-de beýleki anyk wezipeleri geljekki döwrebap şäherçeleriň taslamalaryny işläp taýýarlamakda binagärler we taslaýjylar tarapyndan göz öňünde tutuldy. Mellek ýerleri boljak ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamak üçin hemme şertler göz öňünde tutuldy. Täze ilatly ýerler etraplaryň dolandyryş merkezleriniň golaýynda gurlar hem-de olar bilen döwrebap awtomobil ýollary arkaly birleşdiriler.
    Çärjew etrabyndaky 1 müň maşgala niýetlenen geljekki şäherçe 185 gektar meýdanda ýerleşer. Şol çäkde her birinde 32 öý boljak 
    4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 12-si, üç, dört we bäş otagly bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 381-si, 5 öýli 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 236-sy, geňeşligiň binasy, her biri 640 orunlyk mekdepleriň 2-si, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 2-si, 200 orunlyk Medeniýet öýi, Durmuş hyzmatlary, söwda dükanlarynyň ulgamy, «Toý mekany» dabaralar merkezi, bazar we beýleki durmuş maksatly desgalar gurlar.
    Halaç etrabyndaky täze şäherçäniň gurluşygynyň taslamasy hem 1 müň maşgala niýetlenendir. Olar üçin 200 gektar meýdanda 5 otagly 1 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 641-si, üç we dört otagly 2 gatly jaýlaryň 359-sy, her biri 640 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 2-si, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 2-si, Durmuş hyzmatlar öýi, Saglyk merkezi, söwda dükanlarynyň ulgamy we beýleki durmuş maksatly desgalar bina ediler.
    Saýat etrabynda guruljak täze döwrebap şäherçede hem 1 müň maşgala ýaşar. Onuň meýdany 215 gektara barabar bolar. Şäherçäniň binagärlik toplumy bäş otagly 2 gatly jaýlaryň 430-syndan, üç we dört otagly 1 gatly jaýlaryň 570-sinden, her biri 640 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 2-sinden, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 2-sinden, söwda dükanlaryndan, Medeniýet öýünden, Durmuş hyzmaty öýünden, «Toý mekany» dabaralar merkezinden, geňeşligiň binasyndan we beýleki desgalardan ybarat bolar.
    Kerki etrabynda täze şäherçe 115 gektar meýdanda ýerleşip, şol ýerde 500 maşgala ýaşar, olar üçin bäş otagly 2 gatly jaýlaryň 140-sy, üç we dört otagly 1 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 360-sy, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda dükanlarynyň ulgamy, çörek we çörek önümlerini çykarýan önümçilik, Durmuş hyzmaty öýi we beýleki durmuş maksatly desgalar gurlar.
    Täze döwrebap şäherçeleriň ählisiniň gurluşygyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda doly tamamlamak göz öňünde tutulýar.
    Şeýle hem şu gün Lebap welaýatynyň merkezinde — Türkmenabat şäherinde täze döwrebap ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy. Bu toplum köp gatly jaýlaryň we durmuş maksatly desgalaryň onlarçasyny öz içine alar. Kaşaň öýler şäheriň bagtyýar maşgalalarynyň ýüzlerçesine niýetlenendir.
    Şu dabaralara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze döwrebap şäherçeleri we obalary yzygiderli gurduryp berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu maksatnama bolsa halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin iň gowy şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.