RESMI HABARLAR

    Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 175-nji maddasyna we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri (ömrüni we saglygyny) ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
                                                            ***
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň maliýe ýagdaýlaryny gowulandyrmak we olaryň satyn alan harytlary üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna 2019-njy ýylyň dowamynda Merkezi bankyň serişdeleriniň hasabyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine degişli möçberde karz serişdelerini ýyllyk 2 göterim bilen bir ýyl ýeňillikli döwri bolan 10 ýyl möhlete karz bermek tabşyryldy.
                                                            ***
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2019-njy ýylyň hasyly üçin ekilen gowaçanyň zyýankeşlerine we köpýyllyk haşal otlaryna garşy göreşmekde hem-de gowaçanyň ýapragyny düşürmekde, şeýle hem 2020-nji ýylyň hasyly üçin ekiljek bugdaý tohumyny kesellere garşy dermanlamakda ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.