Däne oragy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň sany artýar

    22-nji iýunda Görogly etrabynyň daýhanlary ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ilkinji bolup, däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Şu ýylyň hasyly üçin bu ýerde 16 müň gektar ýer bölünip berlip, şonça ýerden bugdaýyň 31 müň 500 tonnasy ýygnalyp alyndy. Hasylyň köp bölegini ýokary hilli tohumlyk däne emele getirdi.
    Şeýle netijäniň gazanylmagyna oba hojalyk önümçiliginde bugdaýy ösdürip ýetişdirmegiň öňdebaryjy ylmy usullarynyň ulanylmagy we oraga gatnaşyjylaryň ählisiniň üznüksiz işlemegini üpjün edýän örän oýlanyşykly orak möwsüminiň strategiýasy, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň zähmetkeşleri baradaky aladasy netijesinde satyn alnan oba hojalyk tehnikalarynyň giň gerim bilen peýdalanylmagy mümkinçilik döretdi. Etrabyň meýdanlarynda «John Deere» (ABŞ) we «CLAAS» (Germaniýa) kysymly kombaýnlaryň 39-sy, 200-e golaý ulag gije-gündizleýin işledilýär.
    Etrabyň ekerançylyk hojalyklaryndan «Magtymguly» daýhan birleşiginiň daýhanlary wezipä ilkinji bolup üstünlikli hötde gelip, olar 1 müň 670 gektardan 
    4 müň 800 tonnadan gowrak däne ýygnadylar, bu bolsa bellenilendäkiden ep-esli köpdür. Bugdaý taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren hojalyklaryň hatarynda «Aksaraý» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem bar. Görogly etrabynyň ýer eýeleri depginlerini gowşatmaýarlar, orak möwsümi dowam edýär. Çünki meýdanlarda däne heniz az däl.
    Umuman, Daşoguz welaýaty boýunça bugdaý oragy ýokary depginler bilen barýar. Welaýatda 157 müň gektardan gallaçy daýhanlar bugdaýyň 300 müň tonnasyny taýýarlamagy maksat edinýärler. Oraga däne orujy kombaýnlaryň 380-si gatnaşýar, göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň 117-si üznüksiz işleýär, ulaglaryň 1 müň 900-si bugdaýyň kabul ediş bölümlerine daşalmagyny üpjün edýär.
    Häzirki jogapkärli möwsümiň öňdebaryjylarynyň hatarynda Ruhubelent we Gubadag etraplarynyň daýhanlary barýarlar. Mehanizatorlar hem-de däne oragy möwsümine beýleki gatnaşyjylar hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp, olar üçin meýdanlarda dynç alyş wagtyny medeniýetli geçirmek çäreleri guraldy.
                                                            * * *
    22-nji iýunda Darganata we Kerki etraplarynyň zähmetkeşleriniň yz ýany bilen şu gün Lebapda dänäni iri öndürijileriň biri bolan Halaç etrabynyň kärendeçileri bugdaý taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine üstünlik bilen hötde geldiler.
    Olar 25 müň gektara golaý meýdanda oňat hasyl ýetişdirdiler hem-de Watan harmanyna bereketli gallanyň 54,3 müň tonna golaýyny tabşyrdylar. Mehanizatorlaryň, sürüjileriň yhlasly zähmeti, däne orujy-daşaýjy toplumlaryň işleriniň sowatly guralmagy, meýdan şertlerinde möwsüme gatnaşyjylara medeni taýdan hyzmat edilmegi şeýle giň gerimli meýdanda hasyly gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almaga ýardam etdi.
    «Pelwert», «Ärsarybaba», «Garamätnyýaz», «Rahmançaga» daýhan birleşikleriniň kärendeçileri şertnamalaýyn borçnamalaryna etrapda ilkinjileriň hatarynda hötde geldiler. Olar borçnamalaryny 5 we ondan hem köp göterim artyk ýerine ýetirdiler. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda geçýän ýylymyzy Seýitnazar Seýdi adyndaky we «Ak gala» daýhan birleşikleriniň daýhanlary hem uly üstünlige besläp, harmana 4,2 müň tonna däne, şol sanda borçnamadan artyk degişlilikde 500 tonna hem-de 380 tonna golaý hasyl tabşyrmagy başardylar.
    Bugdaýly meýdanlarda orak dowam edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen obasyny gülledip ösdürmek baradaky aladasyna iş bilen jogap berip, Halaç etrabynyň gallaçy kärendeçileri meýdandaky hasyly doly ýygnap almagy hem-de Watanymyzyň harmanyna azyklyk bugdaýyň ýene-de ýüzlerçe tonnasyny tabşyrmagy maksat edinýärler.