TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

    14-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, taslamalara seredildi, käbir möhüm resminamalar kabul edildi.
    Döwlet Baştutanymyz gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işler barada hasabat berip, milli Liderimiziň ýaşlaryň iş bilen üpjünçiliginiň meselelerine degişli beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler hakynda aýtdy.
    «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň» hem-de bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň taslamalary taýýarlanyldy.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu maksatnamany amala aşyrmagyň çäklerinde ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça hünärmenlere bolan zerurlyklary öwrenmek we ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmek, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, oba ýerlerinde zähmet çekmäge bolan höwesini artdyrmak üçin çäreleri işläp düzmek, ýaş hünärmenler üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek göz öňünde tutulýar.
    Şeýle hem iň kämil maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan iş orunlarynyň sanyny artdyrmak maksat edinilýär. Şeýlelik bilen, bu maksatnamanyň ýerine ýetirilmegi ýaşlaryň işe ýerleşmegini üpjün etmäge, zähmet bazarynda olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen bir hatarda, wise-premýer milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we degişli pudagara topary döretmek baradaky meseleler boýunça hasabat berdi.
    Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň innowasion taýdan ösüşe tarap ugur alyp, ýokary hünär derejelerine, häzirki zaman bilimlerine we baý dünýägaraýşa eýe bolan ýaş hünärmenlere aýratyn üns berýändigini nygtady. Ýaş nesilleriň aň-paýhas we döredijilik mümkinçiliginiň netijeli ulanylmagy Watanymyzyň yzygiderli gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň özenidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de döwletimiziň munuň üçin mundan beýläk-de hemme zerur şertleri döretjekdigini belledi.
    Soňra milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we senagatlaşdyrmaga hem-de bazar gatnaşygyna geçirmäge, işewür düzümleriň işlerini işjeňleşdirmäge gönükdirilip durmuşa geçirilýän strategiýa, şeýle hem amala aşyrylýan pudaklaýyn iri taslamalar, döredilen degişli hukuk binýady daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, şol sanda maýa goýum ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
    Munuň üçin bar bolan hemme mümkinçilikleriň doly derejede ulanylmagy Türkmenistany mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmäge, ýurdumyzyň häzirki zamanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyna hyzmat eder.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny tassyklamak hakynda» hem-de «Daşary ýurt maýa goýumlary boýunça pudagara topary döretmek hakynda» Kararlara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda geçirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
    Soňra hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy. Wise-premýer şu ýyl üçin meýilleşdirilen halkara çärelere, şol sanda Hazar ykdysady forumyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
    Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň bu forumy geçirmek baradaky başlangyjy Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň geçen ýyl Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen V sammitinde biragyzdan goldanyldy. Häzirki wagtda bu ugurda guramaçylyk we beýleki zerur işler alnyp barylýar, degişli Guramaçylyk komiteti döredildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazar sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. Şol syýasat bolsa oňyn Bitaraplyk, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyz Hazaryň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga saldamly goşant goşmak bilen, onuň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi derejesiniň berkidilmegine hemmetaraplaýyn ýardam edýär. Munuň özi bolsa anyk başlangyçlarda öz beýanyny tapýar.
    Hazar deňziniň we bu sebitiň sebitara hem-de ählumumy geosyýasy we geoykdysady işlerde strategik ähmiýete eýe bolmagy, onuň möhüm üstaşyr-ulag we logistika merkezi hökmündäki orny uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, dürli ugurly gatnaşyklary ösdürmek üçin umumy tagallalary netijeli birleşdirmegiň zerurdygyny şertlendirýär.
    Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, abraýly halkara guramalar, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak meselesine ünsi çekip, Hazarda netijeli hyzmatdaşlygyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam etjekdigini belledi.
    Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine meýilleşdirilen ähli halkara çäreleri geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek, olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de 28-nji iýunda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu waka bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasy barada habar berildi.
    Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhana görkezijiler boýunça täsin bolup durýar. Bu ýerde dünýä tejribesinde ilkinji gezek senagat möçberinde tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjy öndüriler.
    Zawodyň taslama kuwwaty Euro-5 standarty boýunça ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän benziniň 600 müň tonnasyny, şeýle hem bir ýylda arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.
    Hormatly Prezidentimiz bu giň möçberli maýa goýum taslamasynyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we eksport kuwwatyny pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gaz pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça täze taslamalary işläp taýýarlamak, çig maly gaýtadan işlemäge hem-de dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan dürli görnüşli gazhimiýa önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilen innowasion önümçilikleri döretmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
    Şunda ýangyç-energetika toplumyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmy-tehniki işläp taýýarlamalarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleri çözmek babatda möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky täze zawody açmak dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmek barada wise-premýere görkezmeleri berdi.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyz boýunça 65384,84 gektar, şol sanda Ahal welaýaty boýunça 6074,5 gektar, Balkan welaýaty boýunça 4888,5 gektar, Daşoguz welaýaty boýunça 17813,21 gektar, Lebap welaýaty boýunça 18546,87 we Mary welaýaty boýunça 18061,76 gektar ýer gaznalary döredildi.
    Wise-premýer döredilen ilatly ýerleriň çäklerinde durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini, awtoulag ýollarynyň abadanlaşdyrylýandygyny aýtdy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere täze şäherçeleri düzümleýin ösdürmek, ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, oba ýaşaýjylary üçin oňaýly şertleri döretmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz binagärlik-gurluşyk taslamalaryny işläp taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn hem-de yzygiderli esasda çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Şu wezipeler ekologiýa taýdan meýilleşdirmek, tebigy-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen geljekki desgalary inžener-tehnologik taýdan seljermek meselelerini öz içine almalydyr.
    Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýyl desgalary gurmagyň we ulanmaga bermegiň giňişleýin maksatnamasynyň göz öňünde tutulandygyny belledi. Öňde täze wezipeler goýuldy, şolaryň üstünlikli çözülmegi özygtyýarly Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen okgunly ösdürmäge ýardam etmelidir. Döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan işler ýerine ýetirilende, döwrebap tehnikalary we täze tehnologiýalary ulanmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
    Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek we ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny çekmek boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew 2019 — 2025-nji ýyllarda senagat we kommunikasiýa toplumyna degişli kärhanalaryň durkuny täzelemek, hususylaşdyrmak hem-de täze önümçilikleri gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
    Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginde, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde we «Türkmensenagat» agentliginde hünärmenlerden düzülen ýörite seljeriş toparynyň döredilendigini habar berdi.
    Seljeriş topary kärhanalary doly kuwwatynda işletmek hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly durkuny täzeläp, döwrebap ýagdaýa getirmek, şeýle hem ýerli çig mal serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen, ekologiýa taýdan arassa, eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalary gurmak boýunça meýilnamany işläp taýýarlady.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat we aragatnaşyk ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli çäreleriň görlendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz zawodlaryň we fabrikleriň doly kuwwatynda işledilmegini berk gözegçilikde saklamagyň hem-de bu kärhanalary hususylaşdyrmak, olaryň durkuny täzelemek ýa-da täze desgalary gurmak boýunça çäreleri kabul etmegiň wajypdygyny nygtady.
    Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň öndürilişini we olaryň daşary ýurtlara iberilýän mukdaryny artdyrmagyň, täze iş orunlaryny döretmegiň wajypdygyny aýdyp, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli, daşary bazarlarda bäsleşige ukyply önümleri öndürmelidiris diýip belledi.
    Milli Liderimiz munuň üçin topluma degişli kärhanalaryň ýokary tehnologiýaly döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmelidigini belledi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen meýilnamalary makullady hem-de olary durmuşa geçirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşky gurşawy goramak, suw we energiýa serişdelerini aýawly peýdalanmak, Aral hem-de Hazar deňizleriniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak boýunça başlangyçlary, ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty babatda ýola goýulýan çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek ulgamynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
    TSTB-niň agzalary ulanyşdan galan plastik, kagyz, polietilen, rezin, agaç serişdelerini gaýtadan işlemek hem-de şolardan önümleri öndürmek boýunça kiçi önümçilikleri ýola goýdular. Bu işleri dowam edip, ýurdumyzyň welaýatlarynda zibilleri we gaty galyndylary gaýtadan işleýän önümçilik taslamalaryny amala aşyrmak maksat edinilýär.
    Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy netijesinde bir ýylda 500 müň tonna golaý zibilleri we galyndylary gaýtadan işlemäge mümkinçilik döräp, munuň özi daşky gurşawyň goralmagyna goşant bolar. Taslamalary hususy taraplaryň maýa goýumlarynyň we karz serişdeleriniň hasabyna iki ýylyň dowamynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçileriň tekliplerini goldap, galyndylaryň gaýtadan işlenilmeginiň we ikilenji çig maldan önümleri öndürmegiň uzak möhletleýin geljekde «ýaşyl» ykdysadyýet üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Mundan başga-da, bu ulgama maýa goýulmagy ony girdejili işewürlige öwrüp biler.
    Ýurdumyzda bu pudagy netijeli ösdürmek üçin bu ulgamda beýleki döwletleriň tejribesini ünsli öwrenmek gerek, daşary döwletlerde şeýle tejribe has oňyn netijelere eýedir diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi. Ekologiýa medeniýeti we jogapkärçilik durnukly ösüşiň aýrylmaz şertleri hökmünde ajaýyp türkmen tebigatyny gorap saklamaga hem-de halkymyzyň durmuş derejesini gowulandyrmaga kömek eder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň 12-nji iýunda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçiren maslahatynyň netijeleri barada hasabat berdi. Şol maslahatda ylym we bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça täze möhüm wezipeler öňde goýuldy. Degişli edaralarda we düzümlerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini, ýurdumyzyň ylmynyň ykdysadyýetimize goşýan goşandyny artdyrmak, bilim ulgamynyň ähli düzümlerini kämilleşdirmek boýunça anyk tabşyryklary durmuşa geçirmek babatda netijeli işler ýaýbaňlandyryldy.
    Mundan başga-da, orta mekdeplerde guramaçylykly geçirilen gutardyş synaglary hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine giriş synaglaryna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi.
    Wise-premýer şeýle hem Aşgabat şäherinde iri ýaryşlaryň — 2020-nji ýylda geçiriljek sambo boýunça dünýä çempionatynyň hem-de 2021-nji ýylda geçiriljek welotrek boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk toparlaryny döretmek baradaky mesele boýunça hasabat berdi.
    Halkara sambo federasiýasy hem-de Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasy, Welosipedçileriň halkara birleşigi we Türkmenistanyň welosport federasiýasy bilen degişli ylalaşyklar baglaşyldy. Geçiriljek iri möçberli ýaryşlaryň guramaçylyk toparlarynyň döredilmegi taýýarlyk işlerine ulgamlaýyn we toplumlaýyn häsiýet bermäge, oňa gatnaşjak düzümleriň işlerini utgaşdyrmaga, giň gerimli sport wakalaryny geçirmek babatda ýurdumyzyň toplan tejribesini netijeli ulanmaga mümkinçilik berer.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň abraýly halkara ýaryşlary kabul etmeginiň ýurdumyzyň sport döwleti derejesini diňe bir pugtalandyrman, eýsem, dünýä giňişliginde parahatçylyk we hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolan döwlet hökmünde abraýyny hem ýokarlandyrýandygyny belledi.
    Dünýä çempionaty ýaly derejedäki wakalar, gürrüňsiz suratda, ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmäge ýardam berer, ýöne, esasy zat olar köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine uly itergi berer, bu bolsa ilatyň saglygyny goramak boýunça döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
    Döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatynyň we 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylyk toparlaryny döretmek baradaky resminamalary taýýarlamak boýunça görkezmeleri berip, türkmen türgenleriniň 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görmeklerini hem ünsden düşürmezligi tabşyrdy.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa 22 — 27-nji iýun aralygynda Balkan welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşi hem-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çäreleri barada hasabat berdi.
    «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde birnäçe çäreleri, şol sanda döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, şygryýet agşamlaryny, sergileri, ylmy-amaly we usuly maslahatlary, teatrlaşdyrylan edebi çykyşlary, şeýle hem Magtymguly etrabynyň gözel ýerlerine, Gerkez obasyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine hem-de beýik akyldar şahyryň muzeýine baryp görmek göz öňünde tutulýar.
    Däp bolşy ýaly, döredijilik işgärleriniň baýramçylygyna opera sahnasy taýýarlanyldy, onuň ilkinji görkezilişi Balkan welaýatynyň Döwlet drama teatrynda geçiriler.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň ruhy baýlyklaryny artdyrmakda, Türkmenistanyň häzirki döwürdäki üstünliklerini wagyz etmekde, türkmenistanlylaryň ahlak we gözellik taýdan terbiýelenilmeginde medeniýet ulgamynyň örän möhüm orun eýeleýändigini nygtady.
    Ýurdumyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerinde döredijilik intelligensiýasynyň hem mynasyp goşandy bar. Döwlet Baştutanymyz medeniýet edaralarynyň mirasymyzy öwrenmekde we gorap saklamakda, halkymyzyň ruhy durmuşynda uly ähmiýete eýedigini belledi hem-de Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň göz öňünde tutulan ähli çärelerini ýokary derejede, milli däplerimize laýyklykda geçirmegi, olaryň many-mazmuna we täsirli duýgulara baý bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz döredijilik ulgamynyň işgärleriniň baýramçylygynyň milli sungatyň hakyky dabaralanmasyna öwrülmelidigini belledi.
    Soňra göni wideoaragatnaşyga çagyrylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalyk özgertmeleriniň barşy we ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.
    Milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen 12-nji iýunda Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň daýhanlary hem galla oragyna girişdiler. Galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek, däne orýan kombaýnlaryň doly güýjünde işledilmegini, gallanyň kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşalmagyny üpjün etmek üçin hemme zerur çäreler görüldi.
    Galla oragy bilen bir wagtda, bugdaýdan boşan meýdanlarda saman ýygnalýar we sürüm geçirilýär. Mundan başga-da, agrotehniki kadalara laýyklykda gowaça ideg edilýär, olaryň hatarara bejergisi ýerine ýetirilýär, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär.
    Wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, oba hojalyk tehnikalarynyň daýhan birleşiklerinde netijeli ulanylmagyny, obasenagat toplumy tarapyndan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak, şol sanda hususy öndürijileri işjeň çekmegiň hem-de bu ulgamda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň hasabyna artdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hem hasabat berdi. Suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, oba hojalyk önümçiligine öňdebaryjy ylmy tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada-da aýdyldy.
    Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň depginini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de bu möhüm oba hojalyk möwsümi bilen baglanyşykly ähli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Möwsümiň netijeleri obasenagat toplumynyň esasy düzümleriniň işine beriljek baha bolar.
    Döwlet Baştutanymyz häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen oba hojalyk ylmynyň gazananlaryny iş ýüzünde giňden ornaşdyrmak boýunça işleriň wajypdygyny aýdyp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
    Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzir ýurdumyzda obasenagat ulgamyny ösdürmek üçin örän uly mümkinçilik bar. Oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, obada döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri kemala getirmegiň meseleleri döwletimiziň hemişe üns merkezinde bolar.
    Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary we halkara hukugyň kadalary bilen baglylykda, milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.
    Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň beýleki ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan goldamak boýunça parlamentiň öňünde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekdi.
    Döwlet Baştutanymyz halkara tejribe esasynda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň, dünýä tejribesini içgin öwrenmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
    Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini wideokonferensiýa görnüşinde dowam edip, öňde örän uly wezipeleriň durýandygyna ünsi çekdi.
    Türkmenistanyň durmuşa geçirýän hemişelik Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasaty, türkmen tarapynyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ekologiýa meselelerini çözmek, ulag-logistika düzümini ösdürmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary tutuş dünýäde uly goldawa eýe bolýar.
    Milli Liderimiz ýurdumyzyň suw diplomatiýasy ulgamyndaky teklipleriniň, hususan-da, BMG tarapyndan goldanylan Araly halas etmek baradaky täze başlangyçlarynyň hem ýokary baha mynasyp bolýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda işleri dowam etmegiň wajypdygyny nygtap, hökümetiň agzalaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
    Milli Liderimiz Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda görkezmeleri berip, öňümizdäki döredijilik forumynyň ata-babalarymyzyň ruhy mirasyny aýawly saklamakda we wagyz etmekde möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekdi. Şol miras bolsa nesilden-nesle geçirilip, ýaşlaryň watançylyk hem-de ahlak terbiýesine ýardam etmelidir.
    Döwlet Baştutanymyz bu möhüm çäräniň çäklerinde meýilleşdirilen döredijilik çäreleriniň ählisiniň guramaçylyk derejesiniň onuň belent ruhuna we ähmiýetine laýyk gelmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz deputatlaryň hem öňümizdäki çärelere giňden gatnaşmagynyň möhümdigini aýtdy.
    Obasenagat ulgamynyň ýolbaşçylaryna möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz möhletinde we agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeler berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ýurdumyzyň obasenagat pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň anyk netijeleri bermelidigini nygtady.
    Ýurdumyz milli ykdysadyýeti doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, öňdebaryjy tehnologiýalary we daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýerlere 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
    Mejlisiň dowamynda şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.