RESMI HABARLAR

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýaşlaryň hünär taýýarlygyny we iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasy we şu maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
                                                            ***
    Ýurdumyzyň häzirki zaman bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek we olary höweslendirmek boýunça çäreler toplumyny işläp düzmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary ýurt maýa goýumlary boýunça pudagara topar döredildi we bu toparyň düzümi hem-de topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.