Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

    Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmek hakynda
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin:
    1. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmeli.
    2. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyna bermeli.
    3. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny işini bes eden Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

    N.A.KULIÝEW hakynda
    Nurnepes Annaýewiç Kuliýewi Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory wezipesine bellemeli.

    A.AŞIROW hakynda
    Allaberdy Aşirowy Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory wezipesine bellemeli.
                                                                                Türkmenistanyň Prezidenti 
                                                                                Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                                            Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 12-nji iýuny.