Türkmeniň ruhy täji

    Magtymguly atamyzyň şygyrlary halkyň köňül nagşydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip belleýär. 
    Akyldar şahyryň döredijiliginiň ähmiýetine üns çekilip, Magtymguly adyndaky Halkara baýrak döredildi. Bu abraýly baýraga Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň hem mynasyp bolmagy bu sylagyň derejesiniň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Döwrümiziň görnükli döredijilik işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy, şygryýetiň täze öwüşginleri bilen edebiýatymyzy baýlaşdyrýan Amangözel Şagulyýewa hem bu abraýly baýragyň eýesidir. 
    Bu baýraga Türkmenistanyň raýatlary bilen birlikde, ýurdumyzyň taryhyny öwrenmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge, Magtymguly Pyragynyň we beýleki türkmen şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge we wagyz etmäge uly goşant goşan daşary ýurtlaryň wekilleri-de mynasyp bolýar. Magtymguly adyndaky Halkara baýrak bilen sylaglananlaryň arasynda nusgawy şahyryň döredijilik mirasyny öwrenmäge, ýaýratmaga we wagyz etmäge, şeýle-de Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň hem-de halkara guramalaryň arasynda ylym, bilim, medeniýet we ynsanperwer ulgamlarda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly goşant goşan daşary ýurtly raýatlar hem bar. Mysal hökmünde Ýaponiýadan terjimeçi Sasaki Ýoşiaki, Russiýanyň Tebigat ylymlary akademiýasynyň akademigi W.M. Masson, Turin şäheriniň Arheologiýa barlaglary we gazuw-agtaryş işleri baradaky merkeziniň direktory Karlo Lippolis, Polşa Respublikasynyň Warşawa uniwersitetiniň professory Barbara Kaim ýaly döwürdeşlerimizi görkezmek bolar. 
    Halkara baýraklar baradaky komitetiň şahyryň adyny götermegi türkmen halkynyň öz beýik ogluna, onuň öçmejek şygyrlaryna goýýan belent sarpasydyr. Hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşanda: «Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän «Ylham» seýilgähinde dünýä ylmynyň, medeniýetiniň we sungatynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan beýik şahsyýetler bilen bir hatarda Magtymguly adyndaky Halkara baýraga eýe bolan ýazyjy-şahyrlarymyz — Ata Gowşudowyň, Beki Seýtäkowyň, Ýylgaý Durdyýewiň, Gara Seýitliýewiň, Allaberdi Haýydowyň, Mämmet Seýidowyň, Berdi Kerbabaýewiň, Nazar Gullaýewiň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Nurmyrat Saryhanowyň, Aman Kekilowyň, Nury Baýramowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Gurbannazar Ezizowyň, şeýle hem ýazyjy Aşyrberdi Kürtüň atlary ebedileşdirildi. Bular Watanymyzy belende göteren belli şahsyýetlerimizdir» diýip, belläp geçdi.
    Şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli döredilen «Magtymguly Pyragy» medaly ýurdumyzyň hem-de dünýä döwletleriniň medeniýet we sungat, ylym we bilim işgärlerine, edebiýatçylaryna gowşurylýar. 
    Magtymguly adyndaky Halkara baýraga has zehinli, ýokary çeperçilikli edebiýat we edebiýaty öwreniş, saz, kino hem-de şekillendiriş, teatr sungatynyň eserleri, teleradiogepleşikler, nusgawy hem-de tygşytly binagärlik desgalary, konsert işi, aýry-aýry raýatlaryň, döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň Magtymgulynyň ynsanperwerlik ýörelgelerini durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, çagalara niýetlenilip ýazylan ýokary çeperçilikli eserler üçin hödürlenilip bilinýär. Baýragy almaga bäş ýylyň dowamynda çap edilen edebiýat we sungat eserleri, ylmy işler hem-de binagärlik desgalary hödürlenilip bilner. 
    Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda komitetiň çäginde hyzmat edýän agzalar topary hem işleýär. Olar ýurdumyzyň belli döredijilik wekilleri bolup, baýragyň at-abraýyny ýokarlandyrmakda birnäçe işleri ýerine ýetirýärler. Bu işleriň esasy maksady baý edebi mirasymyzy geljekki nesle ýetirmek, wagyz etmek bolup durýar. 
    Magtymguly Pyragynyň tutuş döredijiligi halkyň terbiýeçilik ýörelgelerini, ýiti akyl-paýhasy, nurana duýgulary, belent adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýär. Bu günki gün şahyryň döredijiligi giňden wagyz edilýär, dünýä edebiýatçylary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilip öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda halkymyza peşgeş beren «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitabynda türkmeniň bedewine bolan gatnaşygynyň üsti bilen halkyň ruhy ýörelgeleriniň, ruhy güýjüniň kökleri açylyp görkezilýär. Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň öňündäki borjumyzyň nesillere söz bilen baky ýadygärlik goýmakdadygy baradaky pikiri öňe sürüp, beýik şahyryň döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýetine ünsi çekýär: «Magtymgulynyň sözi türkmençilik ýörelgelerine öwrülip ýaşapdyr. Olary biz kitapdan öňürti özümizden ulularyň gulagymyza guýan pentleri arkaly bilýäris. Käteler haýsydyr bir kitapdan okalan maglumat ata-enesinden kemally terbiýe alan perzent üçin öňki tanyş maglumatynyň ykrar edilmesi bolýar. Ykrar edilme bolsa pikiriň örüsini giňeltmegiň mümkinçiligidir». Türkmençilik ýörelgelerine öwrülip, öçmez-ýitmez bolan Magtymguly Pyragynyň sözi bu gün nesilleriň yhlasly zähmetinde, nurana döredijiliginde şöhlelenýär. Şeýdip, milli ruhdan kemal tapan türkmen şahyrynyň sözi bu gün nesilleriň döredijiliginde şöhlelenip, dünýä ýüzüne ýaýraýar, agzybirligi we döredijiligi wasp edýär. Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitet akyldar şahyryň sözüne ganat berýän, milli sungatymyzy şanlandyrýan, taryhymyzy öwrenip, milli medeniýetimizi wagyz edýän zehinleri ýüze çykarmakda, baýrak almaga hödürlenýän işleriň has mynasybyny seçip almakda uly işleri alyp barýar. Magtymguly adyndaky Halkara baýraga mynasyp bolan şahsyýetlerimizi öwrenmek, olar barada gyzykly maglumatlary toplamak biziň mukaddes borjumyzdyr.