Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde gutardyş döwlet synaglary dowam edýär

    Şu ýyl özbaşdak durmuşa gadam basýan 11-nji synp okuwçylarynyň şanyna ýurdumyzyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasynyň uly şowhun bilen geçirileni ýaňy ýalydy. Bu gün bolsa mekdebiň uçurymlary gutardyş döwlet synaglaryny tabşyrýarlar. 
    Hawa, geçen hepdäniň şenbe güni, ýagny 1-nji iýunda orta mekdebi tamamlaýan uçurymlaryň ilkinji synaglary başlandy. Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde bolşy ýaly, bu tolgundyryjy pursatlar Aşgabat şäherindäki Ruhnama adyndaky ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde-de ir säherden başlandy. Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty, mekdebiň müdiri Hemra Aramedowyň ýolbaşçylygyndaky agzybir mugallymlar toparynyň tagallasy bilen synaglary guramaçylykly geçirmek üçin taýýarlyk işleri göwnejaý ýola goýlupdyr. Biz muňa mekdepde bolanymyzda göz ýetirdik. Mekdebiň tejribeli müdiri Hemra Aramedow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle diýdi:
    — «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda mekdebimizi 63 uçurym tamamlaýar. Durmuşyň ak ýoluna gadam basýan pursatlarynyň öň ýanynda uçurymlara gutardyş döwlet synaglaryndan üstünlikli geçip, kalbynda besleýän ýagşy niýetleriniň wysal tapmagyny, ilhalar, ökde hünärmenler bolmagyny arzuw edýärin.
    Hawa, teleýaýlymyň üsti bilen türkmen dili we edebiýaty dersinden düzme ýazmak üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan üç sany tema yglan edilýär. Olar «Watan rowaçlyga beslenýär»,  «Seýitnazar Seýdiniň ömri we döredijiliginde watançylyk», «Älem içre at gezer» romanynda watançy mugallym Berdimuhamet Annaýewiň çeper keşbi» diýen temalar. Synag alýan türkmen dili we edebiýaty mugallymlary Bahar Geldimyradowa, Gülşat Artykowa we olaryň kömekçileri her bir temanyň aýratynlygy, olar barada pikir ýöretmegiň ýollary dogrusynda okuwçylara ugrukdyryjy tabşyryklar, gysgaça düşündirişler berdiler. Okuwçylaryň düzmäni many-mazmunly, bellenen wagtdan öň ýazyp, synagçy mugallymlaryna tabşyrmagy olaryň bu dersden oňat taýýarlanandygyny görkezdi. 
    Olar öz saýlap alan temalary boýunça hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ajaýyp işleri, ýaş nesil hakyndaky atalyk aladalary, yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bilen baglanyşdyryp ýazan düzmelerini yzly-yzyna mugallymlaryna tabşyryp, bu ugurdan öz başarnyklaryny görkezdiler. 
    6-njy iýunda, ýagny şu gün ýurdumyzyň orta mekdepleriniň uçurymlary algebra we analiziň başlangyçlary dersinden döwlet synaglaryny tabşyrarlar. 
    Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde gutardyş döwlet synaglary dowam edýär. Bu synaglaryň netijesi ruhubelent ýaşlarymyzy geljekki arzuwlaryna ýetirip, durmuşyň ak ýoluna atarar. Tiz wagtdan mekdebiň uçurymlarynyň köpüsi göwün söýen hünärlerine eýe bolmak üçin ýurdumyzyňdyr daşary ýurtlaryň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyrarlar. 
    Goý, ruhubelent ýaşlaryň kalbynda besleýän arzuwlary hasyl bolsun!