«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

    Düýn paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezi nobatdaky gezek belentden ýaňlanan hoş owazlara beslendi. Bu ýerde her ýylda geçirilmegi däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.
    Bilşimiz ýaly, bu aýdym-sazly bäsleşik ýurdumyzyň gülläp ösüşleriniň belent beýany bolmak bilen birlikde, ýaş zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Çünki onda Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerini belentden wasp edýän aýdymlar bilen birlikde, halk aýdymlary-da ýaş zehinler tarapyndan ýerine ýetirilýär. 
    «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň geçirilişi has hem ajaýyp sazlaşyga eýe boldy. Çünki rowaçlyk diýmek, aýdym-saz ýaly ýakymly hem belent ýaňlanýar. Onda ýurdumyzyň gülläp ösüşleriniň, bedew bady bilen öňe barýan batly gadamlarynyň ýakymy bar. Şonuň üçin köňüllerde şatlyk mukamyny çalan bu bäsleşige medeniýet, sungat ussatlary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, talyp ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyrynda ýaş zehinleriň 10-sy çykyş etdi. Emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine laýyklykda, Aşgabat şäherinden Umyt Tekäýew, Gurbanjemal Orazdurdyýewa bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de ter gül desseleri gowşuryldy.