Welosipedli ýörişler guraldy

    3-nji iýunda sagdynlygyň hem ruhubelentligiň mekany Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli weloýörişlerdir sport çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Bu günki gün Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Bütindünýä welosiped güni» atly Kararnamany öňe süren ýurt hökmünde bütin dünýäde şöhratlanýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary we konsullyk edaralary tarapyndan hem dünýäniň dürli künjeklerinde welosipedli ýörişler guraldy.