Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

    Oraza baýramyny bellemek hakynda
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, türkmen halkynyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmek, gymmatly ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
    1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2019-njy ýylyň 4-nji iýunynda bellemeli we şol güni iş güni däl diýip yglan etmeli.
    2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
                                                                                Türkmenistanyň Prezidenti 
                                                                                Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

                                                            Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 1-nji iýuny.