Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

    31-nji maýda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi boldy.
    Şu ýyl GDA başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanda geçirilýän mejlise gatnaşmak üçin Aşgabada Arkalaşygyň ýurtlarynyň hökümet wekiliýetleri geldi. Ozal habar berlişi ýaly, forumyň öň ýanynda — 30-njy maýda milli Liderimiz GDA döwletleriniň käbiriniň wekiliýet baştutanlaryny kabul etdi.
    Şu gün irden, mejlis başlanmazdan öň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk tamamlanandan soň, milli Liderimiz we belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasyna bardylar. Bu ýerde, merkezi girelgäniň öňünde döwlet Baştutanymyzy hem-de RF-iň hökümetiniň ýolbaşçysyny GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew mähirli garşylady. Soňra binanyň eýwanynda Türkmenistanyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
    Şeýle hem bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşmak üçin gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Ismail ogly Mamedowy, Ermenistan Respublikasynyň wise-premýer-ministri Mger Grigorýany, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Sergeý Rumasy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamini, Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer-ministri Ženiş Razakowy, Moldowa Respublikasynyň wekili Wiktor Soroçany, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Dawlatali Saidi, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripowy mähirli garşylady. Hormatly Prezidentimiz GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlary bilen ýadygärlik surata düşdi.
    Foruma gatnaşyjylar GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň mejlisiniň resmi banneriniň we Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baýdaklarynyň öňünde däp bolan bilelikdäki surata düşüşlikden soňra, çäkli düzümde geçirilmeli duşuşyk ýerine çagyryldy.
    Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky 73-nji mejlisini açyk diýip yglan edip, oňa Geňeşiň agzasy hökmünde Gazagystan Respublikasynyň täze bellenen Premýer-ministri Askar Maminiň ilkinji gezek gatnaşýandygyny belledi. Milli Liderimiz Geňeşiň adyndan we hut öz adyndan Gazagystanyň hökümet Baştutanyny tüýs ýürekden gutlap, oňa jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
    Döwlet Baştutanymyz Geňeşiň agzalary hasaplanylmaýan wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň çözgüt çykarmaga degişli ygtyýarlyklarynyň bardygyny belläp, Moldowa Respublikasynyň synçy derejesinde mejlise gatnaşýandygyny habar berdi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berdi. Ol guramaçylyk meseleleri boýunça degişli maglumat bilen çykyş etdi.
    Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibi tassyklanylandan soňra duşuşyga gatnaşyjylara GDA-nyň çäklerinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmagy teklip edip, olara söz berdi.
    Wekiliýetleriň baştutanlary öz çykyşlarynda Aşgabatda geçirilýän sammitiň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän mejlisiň Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.
    Bellenilişi ýaly, GDA-nyň çäklerinde özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagy, dürli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň toplumlaýyn esasda ösdürilmegi, senagat pudagynda tejribe alşylmagy, şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň höweslendirilmegi häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup durýar. Häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde umumy tagallalaryň birleşdirilmegi hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi.
    Soňky ýyllarda tutuş dünýäde bolşy ýaly, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady ulgamlarynda innowasion ösüş we sanlaşdyrma ileri tutulýar. Munuň özi önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, GDA ýurtlarynyň degişli hünärmenleriniň arasynda bu ugur boýunça özara peýdaly tejribe alşylmagyny şertlendirýär.
    Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň anyk resminamalarda öz beýanyny tapýan başlangyçlarynyň uzak möhletleýin häsiýeti aýratyn bellenildi. Munuň özi biziň ýurdumyzyň GDA-da başlyklyk edýän döwründe geçirilýän häzirki forumyň tapawutly aýratynlygy, şeýle hem geljegi nazara almak bilen, Arkalaşygyň ýurtlarynyň netijeli köpugurly hyzmatdaşlygy ugur edinýändiginiň subutnamasy bolup durýar.
    Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň diňe bir sebitiň ýurtlary üçin däl, eýsem, GDA gatnaşyjy döwletler üçin hem buýsançly ýagdaý bolandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, mejlise gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy şanly waka bilen gutlap, Türkmenistanyň öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamaga taýýardyklaryny tassykladylar.
    Şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, BMG-niň, ÝHHG-niň we GDA-nyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň Arkalaşygyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygy bellenildi. Häzirki wagtda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek meseleleri esasy şertleriň biri bolup durýar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow many-mazmunly çykyşlary üçin wekiliýetleriň baştutanlaryna minnetdarlyk bildirip, pikir alyşmalary jemlemek bilen, Arkalaşygyň çäklerinde, şol sanda ýurdumyzyň GDA başlyklyk edýändigini nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.
    Milli Liderimiz GDA döwletleriniň hökümet ýolbaşçylaryny Türkmenistanda mähirli garşylamak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde möhüm hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada gelmäge çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Arkalaşyga gatnaşyjy ähli ýurtlarda şu gezekki duşuşyga işjeň taýýarlyk görlendigini belläp, duşuşygyň üstünlikli we netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.
    Şu gün ylalaşylan meýilnama laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň gün tertibine uly ähmiýete eýe bolan meseleleriň birnäçesiniň girizilendigini aýtdy. Milli Liderimiz bu meseleler boýunça degişli çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirip, GDA-nyň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmegiň öňde boljak pikir alyşmalaryň esasyny düzjekdigini belledi.
    Türkmenistan üçin Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlyk ugry ileri tutulýan mesele bolup durýar. Biz bu mesele aýratyn ünsi, energetika, senagat, ulag, söwda ýaly geljegi uly ugurlarda tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýär diýip hasap edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
    Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamlarda yzygiderli hem-de anyk hyzmatdaşlygyň zerurdygyny, GDA-nyň ýurtlaryny günbatar-gündogar we demirgazyk-günorta ugry boýunça yklym hem-de yklymara ykdysady gatnaşyklary derejesine çykarmak boýunça strategik wezipelere gönükdirilen bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamagyň möhümdigini belledi.
    Häzirki wagtda Arkalaşyga halkara möçberinde giň hem-de ygtybarly goşulyşmak meýilleri zerurdyr, munuň özi diňe bir GDA-nyň giňişliginde däl-de, onuň çäklerinden daşarda hem ýurtlarymyzyň iri düzümleýin taslamalara gatnaşmagyny öz içine alýar. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, häzirki zaman ählumumy ösüşiň meýilleriniň Arkalaşygyň mümkinçiliklerine strategik garaýşyň, iri ykdysady subýek hökmünde, GDA-nyň giňişligini hem-de onuň bilen serhetleşýän sebitleri öz gerimine alýan giň möçberli taslamalary amala aşyrmaga ukyply düzüm hökmündäki ornuny anyk kesgitlemegiň zerurdygyny talap edýär.
    Diňe şonda Arkalaşyk dünýäniň köp ýurtlary hem-de goşulyşmaga ymtylýan düzümler üçin köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň özüne çekiji giňişligi, halkara maýa goýum gaznalary we maliýe edaralary üçin geljegi uly hyzmatdaş bolup biler. Biziň diňe öz serhetlerimiziň çäklerinde hereket etmek bilen şeýle netijelere ýetip bilmejegimiz äşgärdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
    Şundan ugur alyp, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär, GDA-nyň iri ulag, energetika, kommunikasiýa taslamalaryny Arkalaşygyň günorta, gündogar hem-de günbatar giňişliklerinde durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň zerurdygy baradaky başlangyjy yzygiderli öňe sürýär, munuň üçin zähmet, serişdeler, önümçilik we tehnologiýa mümkinçilikleri bar.
    GDA  Aziýany we Ýewropany öz gerimine alýan tebigy çäkdir, biz beýleki ýurtlardan hyzmatdaşlaryň gelmegine garaşmazdan, bu artykmaçlyklardan mümkin derejede peýdalanmalydyrys, özümiz ykdysady ösüşiň hem-de okgunly öňe gitmegiň täze meýdançalaryny döretmelidiris, beýleki döwletlere bähbitli we geljegi uly taslamalary teklip etmelidiris diýip, milli Liderimiz belledi. Şunda Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin strategik mümkinçilikleri görýär.
    Ozal biziň ýurdumyz degişli başlangyçlary öňe sürüpdi, şol başlangyçlar GDA gatnaşyjy döwletleriň, umuman, goldawyna eýe boldy, munuň üçin türkmen tarapy minnetdardyr. Şu gün biz bu ugurda geljekki bilelikdäki hereketleri anyk we kesgitli ara alyp maslahatlaşmaga umyt baglaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, ony diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri boýunça pikirleri hem-de teklipleri alyşmagyň bähbitli boljakdygyny belledi. Munuň üçin ähli mümkinçilikler, netijeli işläp taýýarlamalar, bilelikdäki işiň peýdaly tejribeleri bar, şolary aňrybaş derejede peýdalanmak gerek.
    Şunda GDA-nyň Ykdysady geňeşi tarapyndan biziň işlerimiziň has netijeli utgaşdyryljakdygyna bil baglaýarys, ondan biziň hyzmatdaşlygymyzyň has anyk häsiýete eýe bolmagyna, ahyrky netijä gönükdirilen tekliplere garaşýarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.
    Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge esasy çemeleşmeleriň hem-de onuň ileri tutulýan ugurlarynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda jarnamasynyň taslamasynda beýan edilendigini aýtdy, ony şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde kabul etmek göz öňünde tutulýar.
    Milli Liderimiz GDA-da pugta parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi babatynda möhüm meseläni kesgitläp, dünýäniň birnäçe sebitlerinde ýüze çykýan çylşyrymly daşary syýasat ýagdaýlary bilen baglylykda, Arkalaşygyň giňişliginde özara düşünişmek, ynam, açyklyk hem-de birek-birege hormat goýmak esasynda durnuklylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň saklanmagynyň möhümdigini nygtady.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda GDA ýurtlarynyň dünýä giňişliginde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde has anyk hyzmatdaşlygy talap edýändigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistan tarapyndan Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de bu maksat bilen hereketleriň orta möhletleýin maksatnamasyny işläp düzmek teklip edilipdi. Bu resminamanyň taslamasy, umuman, taýýarlanyldy. Ony şu ýylyň 10-njy oktýabrynda GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisinde kabul etmek meýilleşdirilýär.
    Şu günki mejlisiň dowamynda ýurtlarymyzyň medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilýär. Mundan iki hepde ozal Aşgabatda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň XIV forumy üstünlikli geçirildi, oňa biziň ýurtlarymyzyň belli ylym, bilim, medeniýet hem-de sungat işgärleri gatnaşdylar. Türkmenistan GDA-nyň Başlygy hökmünde şu ýyl ýurdumyzda ýene-de birnäçe täsirli medeni çäreleri guramagy meýilleşdirdi diýip, milli Liderimiz Arkalaşygyň döwletlerinden dostlarymyzy bu çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
    Döwlet Baştutanymyz şu günki mejlisiň gün tertibine köp meseleleriň girizilendigini belläp hem-de olaryň ählisiniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bidirip, hemmelere netijeli işlemegi arzuw etdi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi we ýeri baradaky meselä garamaga geçmek bilen, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berdi.
    Döwlet Baştutanymyz GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Moskwa şäherinde geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigini yglan etmek bilen, çäkli düzümde geçirilen duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň ählisine garalandygyny aýtdy.
    Soňra mejlis GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň agzalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  ýygnananlara ýüzlenip, Arkalaşygyň ýurtlarynyň hökümet ýolbaşçylaryny Aşgabatda garşylamaga şatdygyny ýene bir gezek aýtdy hem-de mejlise gatnaşyjylara çakylygy kabul edendikleri, bu duşuşyga taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlarynda işjeň we netijeli bilelikdäki işleri üçin minnetdarlygyny beýan etdi.
    Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, özboluşly, köp babatda ýeke-täk birleşik bolmak bilen, häzirki wagtda täze syýasy we ykdysady şertlerde öz işlerini amala aşyrýar, bu ýagdaýlar ählumumy ösüş meýilleri bilen şertlendirilendir.
    Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman dünýäsinde bolup geçýän hadysalar oýlanyşykly, düýpli seljermäni talap edýär. Munuň özi dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgemelere degişli derejede hem-de öz wagtynda seslenmek, Arkalaşygyň çäklerinde işleriň esasy ugurlarynyň ösüşine anyk çemeleşmeleri kesgitlemek üçin zerurdyr.
    Biziň ýurtlarymyz geografik taýdan birleşendir, umumy taryhy tejribä eýedir, şolary köpugurly ynsanperwer gatnaşyklar birleşdirýär we biz üýtgäp durýan häzirki zaman şertlerinde öz mynasyp ornumyzy eýelemelidiris. Elbetde, her bir döwlet, her bir halk kim bilen hem-de hyzmatdaşlygyň haýsy ugurlary boýunça gatnaşyk etmekde öz ýoluny saýlamaga haklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
    Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletlerine özleriniň eýe bolan tebigy artykmaçlyklaryndan doly derejede peýdalanmagyň zerurdygyny, ozaly bilen bolsa, geoykdysady babatda ählumumy we yklym derejeli wakalara doly derejeli, netijeli deňhukukly gatnaşmak üçin bu mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurdygyny belledi.
    Muňa, ilkinji nobatda, Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has giň geografiýa we ykdysady giňişliklere çykarmak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlary gönükdirilendir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gürrüň ozaly bilen, türkmen tarapynyň 2017-nji ýylda Soçi şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitiniň barşynda ulag, logistika we energetika ulgamynda ilkinji gezek öňe süren teklipleri barada barýar. Mälim bolşy ýaly, bu başlangyçlaryň esasy many-mazmuny GDA ýurtlarynyň Ýewraziýada giň gerimli düzümleýin taslamalary, Arkalaşygyň çäklerinden çykýan gündogar — günbatar we demirgazyk — günorta ugry boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmagyndan ybaratdyr.
    GDA ýurtlarynyň şeýle taslamalara gatnaşýandygy barada eýýäm oňat mysallar bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Her ýylda 10 — 12 million tonna ýük daşamaga ukyply Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurulmagy Arkalaşygyň ähli döwletleri üçin günorta ugurda — Pars aýlagy we Ýakyn Gündogar ugry boýunça ulag düzümine goşulyşmaga mümkinçilik döredýär. Türkmenistan Özbegistan bilen bilelikde täze üstaşyr geçelgäni döredýär, ol gysga ýol bilen Eýranyň, Omanyň we Hindistanyň deňiz portlaryna çykmaga mümkinçilik berer.
    Biz Azerbaýjan bilen bilelikde Merkezi Aziýa, Hazar deňziniň we Gara deňziň sebitlerini netijeli birleşdirmegiň ugrunda işleýäris. Bir söz bilen aýdanyňda, ägirt uly yklym giňişliklerini öz içine alýan köp şahaly birleşdirilen ulag ulgamy kemala gelýär. Şeýle görnüşde Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagy tebigy we bähbitli bolup durýar. Şeýle hem ol deňze göni çykalgasy bolmadyk GDA döwletleriniň kanuny bähbitleriniň üpjün edilmeginiň maksadyna laýyk gelýär.
    Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz geçen ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Hazar kenarynda Türkmenbaşy şäheriniň portuny gurmak hem-de ony döwrebaplaşdyrmak işleriniň tamamlanandygyna aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda bu kuwwatly, köpugurly terminal tehnikanyň iň soňky gazananlary we häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilip, Aziýanyň we Ýewropanyň arasynda ulag gatnawlarynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Türkmenbaşynyň porty yklym ähmiýetli ägirt uly ulag merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Onuň mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmagyň GDA-nyň ýurtlary üçin örän bähbitlidigi äşgärdir.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewraziýa ykdysady hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan, umuman, Hazar deňziniň möhüm ornuny bellemek bilen, Hazar sebitiniň diňe bir kenarýaka ýurtlarynyň özi üçin däl-de, beýleki döwletler, şol sanda GDA gatnaşyjy ýurtlar üçin hem işewürlik bähbitleriniň birleşdirilýän strategik merkezi bolmalydygyny nygtady.
    Türkmen tarapynyň birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjy hem şu maksada gönükdirilendir, ol şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriler. Garaşylyşy ýaly, öňde boljak bu forumda Hazarda hut şeýle giň gerimde hyzmatdaşlygyň geljegi barada çynlakaý hem-de anyk gürrüň bolar. Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, GDA-nyň ähli ýurtlarynyň wekiliýetlerini Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.
    Şunuň bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Arkalaşygyň döwletleriniň energetika ulgamynda köptaraply taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi. Gürrüň, ilkinji nobatda, GDA bilen gündogar we günorta ugurlarda serhetdeş sebitler bolan Hytaýa, Owganystana, Pakistana, Hindistana energiýa serişdelerini uzakmöhletleýin ibermek barada barýar. Arkalaşygyň birnäçe ýurtlary Ýewraziýada iň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň we iberijileriň hataryna girýär.
    Kuwwatly serişde binýady, üstaşyr geçirmegiň artykmaçlyklary energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermek boýunça iri möçberli, köp babatda täsin taslamalaryň amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär. Türkmenistandan Hytaýa çekilen gaz geçiriji munuň aýdyň mysalydyr. Onuň bir bölegi Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden geçirildi.
    Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy barada-da şulary aýdyp bolar. Bu ugurdaky işler eýýäm doly güýjünde barýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu taslama oňa gyzyklanma bildirýän GDA döwletleriniň dürli görnüşde gatnaşmagy üçin geljegi açýar. Ugurdaş düzümleriň gurulmagy, hyzmatlar, taslamany amala aşyrmak üçin zerur enjamlary we tehnikalary ibermek barada hem gürrüň edip bolar.
    Milli Liderimiz energiýa akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy babatda Arkalaşygyň döwletleriniň öz kuwwatlyklaryny durmuşa geçirmek üçin hemme mümkinçiliklere eýedigine ynam bildirdi. Bu işlere yklymyň iri ýakynlaşdyryjy düzümleriniň goşulyşmagy üçin anyk geljek görünýär. Şol düzümlere gatnaşyjylar GDA-nyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlarydyr.
    Döwlet Baştutanymyz şeýle özara hereketleriň, onuň umumy bähbitlere kybap gelýändiginiň maksadalaýykdygyny nygtap, Arkalaşygyň kuwwatynyň häzir aragatnaşyk we kommunikasiýa ýaly geljegi uly ulgamda doly açylmandygyna ünsi çekdi. Diňe bu ulgamda döwrebap, ygtybarly düzümleriň bolmagy GDA döwletlerine dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna doly bahaly goşulyşmagyna, geljekde bolsa yklymda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň öňdäki orunlaryna çykmaga mümkinçilik berer.
    Geçen ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbi tutuldy. Bu waka köp döwletleri hem-de tutuş sebitleri gurşap alýan giň kommunikasiýa ulgamyny döretmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginiň başlangyjy hökmünde garalýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA boýunça hyzmatdaşlary özleriniň şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini dykgatly öwrenmäge çagyrdy.
    Döwlet Baştutanymyz serhetüsti ulag, energetika, kommunikasiýa düzümleriniň gurulmagynyň häzirki wagtda döwletlerimiziň depginli ykdysady ösüşiniň, adamlaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň, goşmaça iş orunlaryny döretmegiň, iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň has pugta we esaslandyrylan kepili bolup çykyş edýändigine ynam bildirdi.
    Bularyň ählisi, öz nobatynda, sebit howpsuzlygynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna, bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy, wehimlere bilelikde netijeli jogap bermek üçin zerur bolan oňyn syýasy ýagdaýyň döredilmegine ýardam berer.
    Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, innowasion ösüş, ýokary tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň iň ýokary derejede möhüm bolup durýandygyny aýtdy. Bu bolsa ýene-de häzirki zamanyň ählumumy ösüşiniň barşyndan ugur alýar, şunda innowasiýa netijelilik hem-de bäsdeşlige ukyplylyk bilen deň derejede çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň ählisinde innowasion ösüşiň mümkinçilikleriniň, ajaýyp ylmy mekdepleriň, öňdebaryjy tehnologik işläp taýýarlamalaryň bardygyna ynam bildirdi.
    Bu ugurda tagallalarymyzy birleşdirmek gerek, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerine aýdyň ýüze çykan innowasion häsiýet, sanly ölçegleri bermek zerur diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de degişli düzümler we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan anyk teklipleriň taýýarlanylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
    Elbetde, GDA-nyň çäklerinde özara söwda, haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagy, diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürilmegi möhüm mesele bolmagynda galýar. Biziň ykdysadyýetlerimiziň düzümleýin utgaşmagy, bilelikdäki söwda işleriniň tejribesi bize netijeli işlemäge, ykdysady aragatnaşyklaryň we söwda amallarynyň gurallaryny kämilleşdirmäge, önümçilik, hyzmatlar ulgamynda taslamalara çykmaga mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz nygtady.
    Şu babatda serhetýaka hem-de sebit söwdasynyň, kiçi we orta işewürligiň eýeleýän orny möhüm bolup görünýär. Şunuň bilen baglylykda, biz bilelikdäki taslamalara, GDA-nyň çäklerinde haryt öndürijileriň sergilerini we ýarmarkalaryny giňden geçirmek arkaly, işewür jemgyýetçilikleriň ugry boýunça has ýakyndan gatnaşyk etmegi maksat edinýäris diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy.
    Parahatçylygy we howpsuzlygy ygtybarly saklamak meseleleri GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň gün tertibinde möhüm bolmagynda galýar. Arkalaşygyň giňişligi dürli sebäplere görä, halkara dartgynlylygyň käbir ojaklaryna gönüden-göni ýa-da ýeterlik ýakynlykda ýerleşýär.
    Munuň özi biziň üns bermeli hakykatymyzdyr we şoňa görä, häzirki gün howpsuzlygy üpjün etmek işinde GDA döwletleriniň ysnyşykly, iş ýüzünde hyzmatdaşlyk etmegi has zerur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şunda biziň ýurtlarymyzyň diplomatiýasynyň aýratyn orun eýelemäge gönükdirilendigini nygtady.
    Bu işlere zerur depgin bermek maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça hereket etmegiň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy hem-de GDA ýurtlarynyň ählisine garamaga iberildi. Biziň ýurdumyz olardan maksatnamanyň taslamasyna gelip gowşan tekliplere we maslahatlara ýokary baha berýär diýip, milli Liderimiz belledi hem-de onuň ylalaşylan möhletde kabul ediljekdigine we mundan beýläk-de bilelikde işlemegi işjeňleşdirmäge badalga berjekdigine ynam bildirdi.
    GDA döwletleriniň halkara guramalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň, ÝHHG-niň çäklerinde alyp barýan işleri daşary syýasat gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolmagynda galýar. Bu düzümlerde biziň ýurtlarymyzyň işleriniň utgaşdyrylmagyny güýçlendirmek, Arkalaşygyň döwletleriniň umumy bähbitleri aýdyň görünýän ulgamlarda bilelikdäki başlangyçlar we teklipler bilen çykmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de terrorçylyga, ekstremizme, narkotrafige, kiberjenaýatçylyga garşy göreşmegi, umuman, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegi möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Häzir energetika, ekologiýa, azyk howpsuzlygyna, migrasiýa syýasatyna degişli meseleler hem möhümdir.
    Medeni-ynsanperwer ulgam GDA döwletlerini we halklaryny birleşdiriji berk hem-de ygtybarly halka bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kanagatlanma bilen nygtaýşy ýaly, bu ugurda köp işler amala aşyryldy we ýerine ýetirilýär, hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär, täze ulgamlary gurşap alýar. Iň esasy zat, şeýle gatnaşyklar Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklary tarapyndan doly goldawdan peýdalanýar.
    Türkmenistan GDA-nyň Başlygy hökmünde 2019-njy ýyl üçin medeni ugurly çäreleri geçirmegiň meýilnamasyny taýýarlady. Şol çäreler eýýäm başlandy. Iki hepde mundan ozal Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy üstünlikli geçirildi.
    Ol Arkalaşygyň ähli döwletlerinden görnükli ylym, bilim, medeniýet we sungat işgärlerini bir ýere jemledi. Biziň ýurdumyzda beýleki çäreler hem geçiriler, şolarda biz GDA-nyň ähli döwletlerinden geljek adamlary görmäge şat bolarys diýip, milli Liderimiz aýtdy.
    Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginde çagalar we ýaşlar baradaky işler, talyplary we mugallymlary alyşmak möhüm orun eýelemelidir. Bu ýerde GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň halkara gaznasynyň başlangyçlar bilen çykyş etmegine umyt edýäris hem-de oňa ýardam we goldaw bermäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
    Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, biziň halklarymyzyň baý medeni-taryhy mirasyny öwrenmekde, Arkalaşygyň ýurtlarynyň çäklerinde arheologiýa we etnografiýa işlerini geçirmekde, kitaphana hem-de arhiw işinde, edebi ýadygärlikleri goramakda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada pikirini aýtdy.
    Türkmenistan şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Başlyklyk etmegi kabul edip, bu wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşdi. Biz hyzmatdaşlygymyzyň neneňsi wajypdygyna örän aýdyň düşünýäris, bu bolsa köplenç biziň ýurtlarymyzda ýaşaýan adamlaryň bähbitlerine hem-de möhüm isleglerine gönüden-göni täsir edýär diýip, milli Liderimiz belledi. GDA döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklarda birek-birege hormat goýmagy we deňhukuklylygy saklamak, bir-biregiň bähbitlerini göz öňünde tutmak, zerur bolanda oňşuklylygy hem-de özara kabul ederlikli çözgütleri tapmagy başarmak şonça-da wajypdyr.
    Döwlet Baştutanymyz aýdanlaryny jemläp, biziň halklarymyzyň zehinine we zähmetsöýerligine, baý taryhy tejribesine daýanýan GDA-nyň mümkinçiliginiň uludygyna hem-de köptaraplydygyna ynam bildirdi. Häzir biz şol mümkinçiligi açmaga, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň diňe bir syýasy durmuşda däl, eýsem, ählumumy möçberdäki ykdysady ösüşde hem kuwwatly we oňyn ýagdaýlaryň hatarynda pugta orun eýelemegini gazanmak üçin bar bolan önümçilik, logistik, serişde, ylym, tehnologiýa mümkinçiliklerini has doly herekete getirmäge netijeli ýardam bermelidiris. Türkmenistan bu ýolda örän işjeň hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
    Milli Liderimiz sözüniň ahyrynda mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli we netijeli işlemegi arzuw edip, Arkalaşygyň döwletlerinden bolan hyzmatdaşlara hem-de häzirki mejlisi taýýarlamakdaky we geçirmekdäki uly goşantlary üçin GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe, onuň toparynyň ähli agzalaryna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyna — Ýerine ýetiriji sekretaryna söz berdi. Ol çäkli düzümde geçirilen mejlisde garalan meseleler barada habar bilen çykyş etdi.
    Habar berlişi ýaly, ady agzalan duşuşygyň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça düýpli we mazmunly pikir alyşmalar boldy. Russiýa Federasiýasynyň teklibi boýunça GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini 2019-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Moskwa şäherinde geçirmek hakynda çözgüt kabul edildi. Şonuň bilen birlikde, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy giňişleýin düzümdäki duşuşykda serediljek meseleleri beýan etdi.
    Soňra GDA döwletleriniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin innowasiýa hyzmatdaşlygynyň döwletara maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanandygy baradaky meselä garaldy.
    Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň ylmy-tehniki we innowasiýa ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça döwletara geňeşiniň başlygy, Belarus Respublikasynyň Ylym we tehnologiýalar baradaky döwlet komitetiniň başlygy Aleksandr Şumiline söz berdi.
    Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Arkalaşygyň çäklerinde GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň 2011-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda kabul eden 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Döwletara maksatnamasyny amala aşyrmak işi dowam edýär. Onuň ýerine ýetirilýän döwründe GDA ýurtlarynyň arasynda degişli gatnaşyklar ýola goýuldy, innowasion ösüşiň milli düzümleri döredildi, resminamalaryň 31-sini içine alýan degişli kadalaşdyryjy-usulyýet binýady kesgitlenildi. Şol resminamalaryň 6-sy 2018-nji ýylda kabul edildi. Döwletara innowasion taslamalaryň 10-synyň amala aşyrylmagy üpjün edilýär, olar eýýäm Arkalaşygyň döwletleriniň ykdysadyýetleri üçin anyk netijelerini berýär.
    Şunuň bilen baglylykda, bu maksatnama özüni gowy tarapdan görkezdi hem-de kesgitlenen ugurda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek maksady bilen, Döwletara geňeş 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Döwletara maksatnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça başlangyç bilen öňe çykdy. Onuň esasy wezipesi GDA ýurtlarynyň milli innowasion ulgamlarynyň mümkinçiliklerini birleşdirýän döwletara innowasion giňişligi ösdürmek bolup durýar.
    Şu çykyş boýunça sowallaryň bolmandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň innowasion hyzmatdaşlygynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Döwletara maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak hakynda Geňeşiň çözgüt kabul edendigini habar berdi.
    Soňra Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Wladimir Bulawine söz berildi. Ol intellektual eýeçiligiň desgalaryna bolan hukugy goramak ulgamynda Arkalaşygyň döwletleriniň gümrük edaralarynyň özara gatnaşygy hakynda ylalaşyk baradaky mesele boýunça çykyş etdi.
    Çykyş edýäniň habar berşi ýaly, intellektual eýeçilige hukuklary goramak hem-de harytlaryň serhetlerden bikanun geçirilmegine garşy durmak ulgamynda gümrük gulluklarynyň hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, GDA gatnaşyjy döwletleriň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşi tarapyndan degişli maglumatlary alyşmak üçin hukuk esaslarynyň döredilmegini göz öňünde tutýan Ylalaşygyň degişli taslamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de gol çekilmegine hödürlenildi.
    Şonuň bilen bir hatarda, W.Bulawin şu günki mejlisiň gün tertibine girizilen gümrük meseleleri boýunça başga-da birnäçe meselelere degip geçmek bilen, ozal kabul edilen resminamalara üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnamalaryň taýýarlanylan taslamalary barada habar berdi.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, bu Ylalaşyk boýunça sowallaryň ýoklugyny nazara almak bilen, Geňeş tarapyndan oňa gol çekilmeginiň teklip edilýändigini aýtdy.
    Hormatly Prezidentimiz gün tertibiniň indiki meselesine — GDA-nyň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky merkeziniň ýolbaşçysynyň birinji orunbasary baradaky meselä geçip, ýene-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewe söz berdi. Sekretar bu wezipä Gazagystan Respublikasynyň wekilini — polkownik Žanat Saýpoldaýewi bellemegiň teklip edilýändigini habar berdi. Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky merkez hakynda düzgünnama laýyklykda, onuň kandidaturasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň degişli düzümleri tarapyndan makullanyldy.
    Döwlet Baştutanymyz Žanat Saýpoldaýewi GDA-nyň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky merkeziniň başlygynyň birinji orunbasary wezipesine tassyklamak hakynda Geňeşiň kabul eden çözgüdini yglan edip, ony wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de netijeli işlemegi arzuw etdi.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazanylan ylalaşygy nazara almak bilen, beýleki resminamalaryň ara alnyp maslahatlaşylmazdan, gol çekiljekdigini habar berip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine degişli işlere girişmek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
    Mejlisiň jemleri boýunça Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen resminamalara gol çekildi.
    Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine bilelikdäki netijeli işler üçin minnetdarlyk bildirip, GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.
    Aşgabat forumy tamamlanandan soň, onuň netijeleri metbugat maslahatynda beýan edildi.
    GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň netijeli bolandygyny belledi. Onuň gün tertibine girizilen ähli meseleler ylalaşylyp, oňat taýýarlanyldy hem-de şu gün degişli çözgütler kabul edildi. Şunda Aşgabat duşuşygynyň ýokary derejesi bellenildi, oňa Arkalaşyga girýän döwletleriň 10-synyň wekilleri gatnaşdylar.
    Habar berlişi ýaly, çäkli düzümde geçirilen mejlisde açyk we düýpli pikir alyşmalar bolup, ilkinji nobatda, ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal öňe süren Arkalaşygyň çäklerinde strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda konseptual resminamany taýýarlamak hakynda başlangyjynyň ähmiýetini we zerurdygyny aýratyn belledi. Onuň taslamasyny türkmen tarapy GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine hödürledi hem-de Arkalaşygyň döwletlerinde deslapdan ylalaşyldy.
    «Strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama» adyna eýe bolan bu resminama häzirki wagtda gutarnykly ylalaşma ýagdaýynda dur. Bu Jarnama GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň güýzde geçiriljek mejlisinde gol çekiljekdigine umyt baglamak bilen, Sergeý Lebedew oktýabr aýynda Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek şol duşuşyga eýýämden taýýarlyk görülýändigini belledi. Öňde boljak sammitiň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ýardam edýän birnäçe ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.
    Şu günki mejlis barada aýdylanda, onuň jemleri boýunça Arkalaşygyň giňişliginde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň birnäçesine gol çekildi diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy belledi. Şolaryň hatarynda intellektual eýeçilige hukuklary goramak babatda GDA gatnaşyjy döwletleriň gümrük edaralarynyň özara gatnaşyklary hakynda Ylalaşyk; GDA gatnaşyjy döwletleriň düýpli barlaglar babatda döwletara gatnaşyklaryny utgaşdyrmak hakynda Ylalaşyk; Muzeý işi babatda GDA gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyk, şeýle hem ozal kabul edilen resminamalara üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnamalar bar. Olar söwda ulgamynda, harytlary gümrük taýdan resmileşdirme we olara gözegçilik etmek, şeýle hem olary GDA ýurtlarynyň çäklerinden üstaşyr geçirmek babatda Arkalaşygyň ýurtlarynyň özara gatnaşyklaryny giňeltmäge mümkinçilik berýär.
    GDA gatnaşyjy döwletleriň innowasion hyzmatdaşlygynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Döwletara maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak hakynda çözgüt kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Sergeý Lebedew diňe bu resminamanyň däl-de, eýsem, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň köpüsiniň uzak döwür üçin niýetlenendigine ünsi çekdi. Munuň özi GDA-nyň uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, onlarça ýyl öňe gitmek bilen giň hyzmatdaşlygy ugur edinýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
    Bulardan başga-da, Gazagystan Respublikasynyň wekili Žanat Saýpoldaýewi GDA-nyň Terrorçylyga garşy göreşmek baradaky merkeziniň başlygynyň birinji orunbasary wezipesine bellemek hakynda çözgüt kabul edildi. Russiýa tarapynyň, has takygy, onuň wekiliýetiniň Baştutany — Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň teklibi boýunça Arkalaşygyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 25-nji oktýabrynda Moskwada geçiriler. Ol hem Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriler. Habar berlişi ýaly, mejlisde Özbegistan Respublikasynyň hökümetiniň Baştutany hem çykyş etdi. Şu ýyl GDA-da gezekleşikli başlygy bolmak bilen, Özbegistan geljek ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklygy kabul edýär.
    Sergeý Lebedew sözüniň ahyrynda öz adyndan hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine diňe şu günki mejlisi geçirmekde däl-de, umuman, Arkalaşygyň çäklerinde özara gatnaşyklary guramakda berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, Türkmenistan integrasiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşýar hem-de türkmen Lideriniň tassyklaýşy ýaly, geljekde hem Arkalaşygyň çäklerinde şol hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşar diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary belledi.
    Hormatly Prezidentimiz GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň baştutanlarynyň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berip, onda mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, söz sözledi.
    Şeýle hem şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripowy kabul etdi.
    Şeýlelikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň Aşgabatda geçirilen mejlisi GDA-nyň çäklerinde netijeli köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Bitarap Türkmenistanyň işjeň orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Şeýle hem gatnaşyjy ýurtlaryň umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassyklady.