TÜRKMENISTAN — GDA: deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

    Hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň daşary syýasaty üstünlikli amala aşyrylyp, milli, sebit we dünýä bähbitleriniň hatyrasyna hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine ýetilýär. Munuň aýdyň mysallaryny Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde durmuşa geçirýän giň gerimli çärelerinde hem görmek bolýar. Türkmenistan GDA başlyklyk edýän döwlet hökmünde Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň çäklerinde gatnaşyklaryň geriminiň artmagyna aýratyn ähmiýet berýär, şundan ugur almak bilen, gurama gatnaşýan döwletler bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň öňünde möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi. 
    Ýurdumyzyň GDA-nyň işine gatnaşmagynyň we köptaraplaýyn, şeýle-de ikitaraplaýyn esasda guramanyň agza döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasaty alyp barmagynyň wajyp ähmiýeti bar. 2018-nji ýylyň sentýabrynda GDA-nyň Duşenbede geçen ýokary derejeli maslahatynda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna ýolbaşçylyk etjekdiginiň yglan edilmegi ýurdumyzyň halkara abraýynyň artýanlygynyň, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň goldaw tapýanlygynyň görkezijisi boldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyny tassyklamagy we onuň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly çäreleriň ýaýbaňlandyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyz şu ýylyň özünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşinde, hökümet Baştutanlarynyň Geňeşinde, daşary işler ministrleriniň Geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk edýär.
    Şu ýylyň 15 — 16-njy maýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň, 15-nji maýynda Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi Arkalaşygyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem netijeli alnyp barylmagyna uly itergi berdi. Konsepsiýada göz öňünde tutulan Kitap neşirýaty boýunça halkara ýarmarkanyň, Türkmenistanyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA döwletleriniň çagalarynyň aýdym-saz festiwalynyň, GDA-nyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisiniň, GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisiniň, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegine garaşylýar.
    Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki wajyp ugurlarda döwletara gatnaşyklary utgaşdyrmak bilen bagly meseleleriň uly toplumyna seredilmegine garaşylýar. 
    Ýurdumyzyň GDA döwletleri bilen strategik ugurlar boýunça däp bolan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üstümizdäki ýylda bu gurama ýolbaşçy ýurt hökmünde Türkmenistanyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermek meseleleri boýunça köptaraplaýyn gatnaşygy ýola goýmak, energiýa serişdeleriniň halkara bazarynda döwletleriň işiniň anyk we takyk ýörelgelerini işläp taýýarlamak maksady bilen, Arkalaşykdaky hyzmatdaşlary bilen işi güýçli depginde dowam etdirýär. 
    Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda «Kitap ýyly» diýlip yglan edildi. Şunuň bilen bagly medeni çäreler türkmen paýtagtynda-da yzygiderli guralýar. Onuň çäklerinde ýaş nesli çeper edebiýat bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen, medeni aň-bilim çärelerini geçirmek, şekilli kitaplaryň sergilerini guramak we beýleki wajyp ähmiýetli çäreler göz öňünde tutulýar. 
    Türkmenistanyň GDA bilen medeni-ynsanperwer ulgamda oňyn hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň gadymy şäherleriniň Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde saýlanmagynda aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. 2012-nji ýylda Mary şäheriniň, 2016-njy ýylda bolsa Daşoguz şäheriniň Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik döretdi. 
    Hormatly Prezidentimiziň GDA döwletleriniň özara bähbitlerine hormat goýmak bilen bagly alyp barýan daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ählumumy ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyň möhüm merkezi hökmündäki ornunyň mundan beýläk hem barha berkejekdigini ynamly aýdyp bolar.