Bir bäsleşikde 28 medal!

    Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar döwrüň talabyna laýyk okamak, öwrenmek bilen bir hatarda, özümizde we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara olimpiadalara, taslama we internet bäsleşiklerine gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezip, öňdäki orunlary eýeläp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. 
    Ine, Russiýa Federasiýasynyň Ýoşkar-Ola şäherinde geçirilen Halkara internet olimpiadasynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň gazanan ýokary netijesi, ýagny degişlilikde 7 altyn, 12 kümüş, 9 bürünç medallara mynasyp bolmagy aýdylanlaryň aýdyň mysaly boldy.
    Ýakynda ýokary okuw mekdebinde Halkara internet olimpiadasynda ýeňiji bolan talyp ýaşlara medallaryň we diplomlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Onda professor-mugallymlardyr talyplar olimpiadanyň ýeňijilerini gutlap, geljekde hem bu üstünlikleriň dowamly bolmagyny arzuw etdiler, okamaga, döretmäge, ylmy işler bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk bildirdiler.