RESMI HABARLAR

    Ýurdumyzda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümi tassyklanyldy.
                                                            ***
    Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, saglygy goraýyş ulgamyny halkara kadalara laýyklykda has-da ösdürmek, bitewi öňüni alyş ulgamyny döretmek, saglygy goraýşy dolandyrmagy kämilleşdirmek, raýatlaryň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak boýunça zerur çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de saglygy goraýyş babatda köpulgamlaýyn pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy.
                                                            ***
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň «Saglyk — 2020» syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen çärelerden we tekliplerden ugur alyp, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda raýatlarymyzyň sagdynlygyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014 — 2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň Milli strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça Milli utgaşdyryjy geňeşiň düzümi tassyklanyldy.
                                                            ***
    Ilatymyzyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny amala aşyrmak baradaky Pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümi tassyklanyldy.
                                                            ***
    «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň häkimligine:
    S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyny 2019 — 2024-nji ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak, şu toplumyň gurluşygynyň birinji tapgyryny 2019 — 2022-nji ýyllarda we ikinji tapgyryny 2021 — 2024-nji ýyllarda amala aşyrmak; täze guruljak ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň baş meýilnamasyny 3 aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy.
    Daşoguz welaýatynyň häkimligi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary täze guruljak ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynda gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmäge borçly edildi.