GÜNÜŇ OWADAN, AŞGABAT!

    Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça geçiren iş maslahaty hem-de Aşgabadyň güni mynasybetli käbir oýlanmalar
    Şu gün — Aşgabadyň güni! Aşgabat — paýtagt şäher, tagtdan paýly şäher. Ol ähli şäherlerimize-obalarymyza baş bolup, görelde görkezýän şäher. Alty ýyl mundan öň, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda hut şu maksat bilen, ýagny şäherimizde amala aşyrylýan taryhy özgertmeleri wagyz-ündew etmek üçin Aşgabadyň güni döredildi. 
    Şäherlerem, edil adamlar ýaly, ykbally bolýar. Bagty çüwüp, ýyldyzy gowşanda adamyň ykbaly açylýar, ýörän ýoly oňuna, eden işi şowuna bolýar. Şäherlere, obalara, umuman, jansyz zatlara duýgy berilmedigem bolsa, biz öz Aşgabadymyzy ýyldyzy gowşan, bagtyny duýýan şäher hökmünde kabul edýäris. Garaşsyzlyk döwründe, Aşgabat diňe bir aşgabatlylary ýa türkmenistanlylary däl, bütin dünýäniň halklaryny ýyly mährine çoýýar. Häzirki döwürde Aşgabat, hormatly Prezidentimiziň iş maslahatynda aýdan sözleri bilen aýtsak, «Aziýanyň merjenine öwrüldi». 
    «Aziýanyň merjeni» diýen ada mynasyp bolmak aňsat däl, bu söz owadanlamak üçin hem aýdylan söz däl. Aziýa, bilşimiz ýaly, uly yklym. Onda müňlerçe we müňlerçe şäher bar, hemmesi-de owadan, hemmesi-de ösen. Kaşaň-kaşaň binalary-da bar, amatly köçeleri-de, häzirki zaman infrastrukturalary-da gurnalan. Şeýle-de bolsa, hut Aşgabada «Aziýanyň merjeni» diýilýär. Bilýäňizmi näme üçin?! Men aýdaýyn: «Merjen» diýen sözüň özi owadan. Bu sözde inçelik bar, ýakym bar. Bu sözde ýylgyryş bar. Biziň Aşgabadymyz hem ýylgyryp duran şäherdir. Hem owadan, hem-de inçelik bilen, ussatlyk bilen bina edilen şäherdir. Iň esasy-da, şäherde owadan kalply, ýylgyryp duran adamlar ýaşaýar. Şäherlerem, obalaram ýaşaýjylaryna meňzeýändir. Ýaşaýjylaryň kalby päk, ýüregi arassa, niýeti düzüw bolanda, bu hökman olaryň ýaşaýan şäherlerine, obalaryna geçýär. Gülüp duran ýüzleriň gurýan binalary-da gülüp durýar. Sebäbi olara mähir siňdirilýär. Şonuň üçin Aşgabadymyz owadan. 
    Aşgabadymyzyň daňlary owadan. Aşgabadymyzyň gündizleri owadan. Aşgabadymyzyň gijeleri owadan. Sebäbi Aşgabadyň owadan bolmagy üçin çynlakaý alada edilýär, ýurt möçberinde, ýurt Baştutany derejesinde. Onsoň, Aşgabat ýurt garaşsyzlygyny, azat döwleti arzuwlan Magtymguly atamyzyň dogasyna duş bolan deý, gülleýär, gül açýar. Ýazda-baharda, umuman, ýyly günleriň-ä gürrüňini-de etmäliň, aýazly, sowuk günlerde-de Aşgabadyň gülleri pajarlap, açylyp durandyr. Sebäbini bilýäňizmi?! Yhlas edilýär, yhlas! 
    Aşgabat — gözel şäher. Onda aýdym bar, saz bar. Ylym bar, tehnika bar. Aşgabatda kitap bar. Kitap bolsa taryhdyr, şu gündür, geljekdir. Aşgabatda kanun bar, düzgün-tertip bar, adalat bar. Aşgabat ähli gowulyklaryň jemlenen şäheridir.
    Şäherleriň käbirinde şol şäheriň nyşany bolýar. Ol şäheriň taryhy, meşhur şahsyýeti ýa täsin wakasy — aýratynlygy bilen bagly döredilýär. Şäheriň nyşany hökmünde ondaky haýsy-da bolsa bir üýtgeşik binanyň keşbi hem ulanylaýýar. Eger aşgabatlylar öz şäherleriniň nyşanyny döretmekçi bolsalar, haýsy şekili saýlarlarka? Bir zada üns berip, beýlekini ünsden düşürer ýaly däl: hemme babatda gyradeň ösüş-özgeriş saklanylýar. Belki, şäheriň nyşany hökmünde bir maşgalanyň — ejesidir kakasy, ogly hem gyzy jem bolup, şäherde gezim edip ýören bagtyýar maşgalanyň keşbi saýlanylyp alnar?! Aşgabat bagtyýarlaryň şäheridir!
    «Döwlet adam üçindir!». Hormatly Prezidentimiziň bu ýörelgesi, bu talaby şähergurluşyk syýasatynda-da ýörgünlidir. Şähergurluşygynda bu ýörelge ähli ajaýyplygy bilen mese-mälim ýüze çykýar. Ýaşaýyş jaý toplumlary ähli zerur durmuş binalary bilen birlikde gurulýar. Binagärlikde «toplumlaýyn gurmak» diýen adalga Aşgabat tejribesinde dörän düşünjedir. Çagalar baglary, mekdepler, sport bilen meşgullanar ýaly ýerler, bazarlar, söwda merkezleri, durmuş hyzmatlary gulluklarynyň binalary we ýene-ýeneler adamlaryň ýaşaýan ýerlerine golaý ýerlerde gurulýar. Bularyň hemmesi birleşip, ýeňillikleri döredýär. 
    Aşgabat ýaşamak üçin dünýäde iň amatly, iň oňaýly şäherleriň biri bolmalydyr. Hormatly Prezidentimiziň kesgitlän bu wezipesi ädimme-ädim, yzygiderlilikde we oýlanyşykly ýerine ýetirilip gelinýär. Hatda eýýäm çözüliberdi diýerlikdir. Arassaçylyk, tertip-düzgün, giň köçeler, gijelerine asudalyk, gündizlerine rahatlyk, mydama gök salyp duran seýilgähler, suw çüwdürimleri, ulag-aragatnaşyk, kommunikasiýa hyzmatlary, şäher gulluklarynyň saz we dürs işi, azyk harytlarynyň bolçulygy, saglyk, medeni meseleleriň çözülenligi we ýene-de kän-kän zatlaryň adam üçin elýeterlidigi Aşgabadyň buýsanyp gürrüň eder ýaly derejede üpjün edilen şäherdigini görkezýär. Üç arassa — arassa suw, arassa howa, arassa gurşaw Aşgabada mahsusdyr. Aşgabatda hem-de onuň daş-töwereginde zyýanly senagat zyňyndylary ýokdur. Asyl, bu zeýilli närseler bütin Türkmenistanda-da ýokdur. Biziň ýurdumyz hernäçe uly depgin bilen senagatlaşdyrylsa-da, bular ýaly ýagdaýa ýol berilmeýär. Türkmen ykdysadyýeti, aýdylyşy ýaly, «ýaşyl» ykdysadyýet diýenlerindendir. Ýurdumyza berlen halkara güwänamalar aýdýanlarymyza subutnamadyr. 
    Elbetde, öňde edilmeli işler, çözülmeli meseleler hem bar. Bular babatda-da iş maslahatynda düýpli gürrüň edildi. Şu wagt plastik gaplar babatda Aşgabatda mesele ýüze çykanok. Emma şeýle-de bolsa, hormatly Prezidentimiz şunuň ýaly meseläniň geljekde-de ýüze çykmazlygy üçin öňünden alada etmelidigini şäher ýolbaşçylarynyň öňünde wezipe edip goýdy. Aşgabat öňe seredip ýaşaýar, geljegiň aladasyny edip ýaşaýar.
    Şu ýylyň bahary adatdakylardan ygally geldi. Ýagyş-ygal köp ýaganda-da şäher gulluklarynyň şular ýaly hadysalara hemişe taýýar bolmalydyklary hakynda hem maslahatda aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz her bir meselä düýpli çemeleşýär. Şäher durmuşyndaky beýleki meseleler dogrusynda-da esasly gürrüň edildi. Ýöne şol gürrüňleriň, gozgalan meseleleriň barysy bir maksat bilen — aşgabatlylaryň geljekde-de rahat, ünjüsiz ýaşaýşyny gazanmaga gönükdirilendir. 
    Bu gün toý, bu gün baýram! Bu gün Aşgabadyň güni! Toý gününde diňe gowy zatlaryň gürrüňi edilýär, diňe gowulyklar arzuw edilýär. Bizem size şu gün ýaly, diňe şatlykly günleri arzuw edýäris. 
    Herki zadyň öz medeniýeti bolýar. Aşgabat ýaly ajaýyp şäherde ýaşamagyň hem öz medeniýeti bar. Aşgabatlylar bu medeniýeti döredýänler hem-de ony saklaýanlardandyr. Bu medeniýetiň güberçekläp görünýän esasy aýratynlygy-da adamlaryň biri-birine mähribanlygydyr, myhmanlaryna gülerýüzlüligidir. Bu medeniýet gadymyýetden — ata-babalarymyzyň myhmansöýerliginden gözbaş alýar. 
    ...Men Aşgabadyň iň gözel künjekleriniň birinde — adam eli bilen gurlan Aşgabat derýajygynyň ilersinde ýaşaýaryn. Bäşinji gatda ýerleşýän jaýymyzyň penjiresinden gaýra seretseň, gözýetimde ajaýyp görnüş ýaýylyp gidýär. Daňdanlar, Günüň dogup gelýän çaglary bu görnüş has owadan bolýar: sagda Gün dogup gelýär, solda bolsa onuň ilkinji şöhleleri belentde gurlan beýik binanyň — «Ýyldyz» myhmanhanasynyň aýnalaryna düşüp, şeýle bir lowurdaýar welin, gözüňi gamaşdyrýar. Şol pursat Aşgabadyň depesinde ýene bir Gün dogdy diýdirýär. Ho-ol aşakda bolsa derýajygyň iki kenarynda gök salyp duran agaçlaryň şahalarynda guşlaryň şadyýan jürküldisi eşidilýär. Tizara olaryň jürküldisine çagalaryň gülki sesleri hem goşular. Onsoň, asuda şäher durmuşynyň ýene bir güni başlanar. Dowamly bolsun!