TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY MEJLISI

    24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
    Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň döwrebap bilim alan we ýokary hünär eýesi bolan ýaşlaryň başarnyklaryny netijeli peýdalanmak bilen bagly meseleleri oňyn çözmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda geçirilen işler barada hasabat berdi.
    «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipelerden ugur alnyp, «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň» hem-de bu resminamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Onuň baş maksady ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça hünärmenlere bolan zerurlyklary öwrenmekden hem-de ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri kabul etmekden, ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, ýaş işgärler üçin degişli ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmekden, ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan höwesini artdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem häzirki döwürde öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary baradaky bilim zerur bolan iş orunlarynyň möçberini artdyrmak göz öňünde tutulýar.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagy ugur edinýän Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipelerinden ugur alanyňda, giň dünýägaraýyşly we öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli çözmäge ukyply ýokary hünärli işgärlere bolan islegiň artýandygyny nygtady.
    Hormatly Prezidentimiz bu maksatnamanyň ýaşlaryň zähmet bazarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, olaryň paýhas we döredijilik mümkinçiliginiň işjeň herekete girizilmegine gönükdirilmelidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn işleri dowam etdirmek barada wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
    Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, 21 — 22-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Õ Halkara gaz kongresiniň jemleri barada hasabat berdi.
    Nebitgaz pudagy, şol sanda Hazaryň türkmen kenaryny özleşdirmek, nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlyk, pudaga maýa goýumlary çekmek, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly çykyşlar boldy.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň işewür toparlary bilen energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, tebigy gazy gaýtadan işlemek, ýurdumyzda öndürilýän nebit we gazhimiýa önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça iri taslamalara maýa goýumlary çekmegi özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi.
    Dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň ägirt uly tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak milli ykdysadyýetimiziň mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
    Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzda jemi taslama kuwwaty 6721,6 megawata deň bolan 12 sany elektrik bekediniň hereket edýändigini habar berdi. Bu desgalarda 36 gaz we 12 bug turbinalary işleýär.
    «Türkmenistanyň elektrik energetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy meýilleşdirildi. Munuň özi elektrik beketlerinde zerur işleri öz wagtynda alyp barmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem elektrik energiýasynyň eksport möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa edara ediş, abatlaýyş, hyzmat desgalaryny, ammary, himiki barlaglar binasyny, tehniki desgalary we awtoduralgany öz içine alýan merkeziň taslamasy görkezildi. Bu merkezi Büzmeýiniň döwlet elektrik bekediniň çäginde umumy meýdany 2,60 gektara barabar bolan ýerde gurmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi.
    Milli Liderimiz hasabaty diňläp, elektrik bekediniň hereket edýän enjamlarynyň tehnologik kadalaryna laýyklykda bellenen möhleti işländen soň, ony çalşyrmaly ýa-da abatlamaly bolýandygyny aýtdy. Meýilnamalaýyn işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi elektrik bekediniň durnukly işi we elektrik energiýasynyň degişli möçberlerini öndürmek üçin möhüm şert bolup durýar.
    Hormatly Prezidentimiz «Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini gurmak hem-de gazturbina desgalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak hakynda» Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de ondan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek barada degişli tabşyryklary berdi.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli düzümleriň öňünde durýan ähli wezipeleriň berjaý edilmeginiň, şol sanda döwlet elektrik bekedinde alnyp barylýan abatlaýyş işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, hojalygy dolandyrmagyň oňyn usullaryny özleşdirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
    Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlise Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewi çagyrdy. Ol ýurdumyzyň maliýe-bank toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
    Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bank ulgamynda geçirilýän özgertmeleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda ykdysadyýetimize mümkin boldugyça maýa goýumlaryny köpräk çekmek boýunça netijeli çäreleri görmek barada anyk görkezmeleri berdi.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilýän işler, şeýle hem öňde boljak Türkmen halysynyň baýramyna we iň oňat halyçylary sylaglamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda maý aýynyň soňky ýekşenbesinde halyçylaryň hünär baýramy belleniler diýip belledi. Biziň halylarymyz çeper elli halyçylaryň eli bilen döredilýän täsin gudrat bolup, bütin Ýer ýüzünde ykrar edilen nepis sungatdyr. Gadymy döwürlerden bäri köp asyrlaryň dowamynda irginsiz zähmeti, ýokary ussatlygy talap edýän bu çeper senediň syrlary nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli ýetirildi. Türkmen el halylary aňrybaş kämilligi bilen haýran galdyryp, häzirki döwürde hem gözelligiň naýbaşy nusgasy bolup, dünýädäki abraýyny artdyrýar diýip, milli Liderimiz belledi.
    Döwlet Baştutanymyz soňra sanly wideoaragatnaşyga Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowany hem çagyrdy. Hormatly Prezidentimiz gadymy milli ýörelgelerimiziň goralyp saklanmagyna hem-de artdyrylmagyna uly goşant goşan, el halylarynyň täsin nusgalaryny döredýän iň gowy halyçylarymyza ýokary döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak barada milli parlamentiň ýolbaşçysyna hem-de wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söwda işiniň düzgünlerini kämilleşdirmek we olaryň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem ýurdumyzyň azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça pudagara topar tarapyndan käbir önümleriň eksportyny we importyny düzgünleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
    Wise-premýer «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda, şol sanda söwda işini guramak, ony ýerli häkimiýet edaralarynyň işi bilen utgaşdyrmak, şeýle hem bu ugur boýunça milli kanunçylykda hukuk jogapkärçiligini güýçlendirmek boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi.
    Döwletimiziň yzygiderli goldaw bermegi netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän, şol sanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýän gök we miwe önümleriniň möçberi yzygiderli ýokarlanýar. Häzirki döwürde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýyladyşhanalary gurmak işleri giň gerimde dowam edýär.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, söwda hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, pudaga dünýäniň oňyn tejribesini we söwda işini kadalaşdyrýan kanunçylygy ornaşdyrmak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
    Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmekde we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny berkitmekde telekeçilige möhüm ornuň degişlidigini belläp, obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän taslamalara mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegi tabşyrdy.
    Milli Liderimiziň görkezişi ýaly, ilkinji nobatda, içerki bazar özümizde öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün edilmelidir. Munuň üçin ýyladyşhana hojalygyny ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly görnüşlerini döretmek, şeýle hem ýylyň dowamynda ilaty ter we dürli görnüşli gök önümler bilen üpjün etmek zerur bolup durýar.
    Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanowy göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işiniň netijeliligini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewraziýa yklymynda üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň giňelýändigini belläp, işleriň möçberiniň artmagy bilen baglylykda, gümrük edaralarynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmäge jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow 
    12 — 13-nji iýunda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu çäre Ylymlar güni mynasybetli guralar.
    Foruma gatnaşmak üçin Ýewropa, Aziýa we GDA ýurtlaryndan belli alymlar Aşgabada gelerler. Maslahatyň dowamynda maglumat, telekommunikasiýa, biotehnologiýa, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, logistika, suw diplomatiýasy, senagat, oba hojalygy, lukmançylyk pudaklarynda, derman senagatynda, ekologiýa ulgamlarynda ylmy gazananlary ornaşdyrmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
    Şeýle hem ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň arasynda ylmy işler boýunça her ýylda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy we baýramçylyk konserti, medeni çäreler geçiriler.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak maslahatyň ýurdumyzyň ylmynyň işjeň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini, onuň häzirki döwürde gazanylýan üstünlikleri giňden beýan etjekdigine, özara tejribe alşylmagyny şertlendirjekdigine we ylmy dünýäde netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürjekdigine, öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga we olary amala aşyrmaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.
    Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ylym ulgamynyň öňünde giň mümkinçilikleriň açylýandygyny we bu ugurda entek edilmeli işleriň örän köpdügini belläp, giňden bellenilýän Ylymlar gününde geçiriljek çärelerde alymlaryň edýän işleri, açyşlary we milli ylym ulgamynyň ösmegine goşýan goşandy barada degişli hasabatlary taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.
    Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak forumyň we Ylymlar güni mynasybetli geçiriljek ähli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa iýun aýynda bellenilýän milli senenamamyzyň şanly günleri hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdi.
    Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek döredijilik duşuşyklary, sergiler, konsertler we sahna oýunlary, bäsleşikler, halkara, umumymilli we pudaklaýyn maslahatlar, sport ýaryşlary bar.
    Geljek aýda «Ýaňlan, Diýarym!» atly döredijilik telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler.
    Medeniýet işgärleriniň hünär baýramyna hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän däp bolan Medeniýet hepdeligine giň gerimli çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
    Mundan başga-da, iýun aýynda durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralary bolar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň hem-de täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň aýratyn baý many-mazmuny bilen tapawutlanmalydygyny hem-de türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny açyp görkezmelidigini aýtdy.
    Şeýle hem meýilleşdirilen halkara medeni çäreleri we maslahatlary mynasyp derejede geçirmegiň möhümdigi nygtaldy, şeýle çäreler Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge, milli mirasymyzy wagyz etmäge giň mümkinçilik açýar.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleriň barşy hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.
    Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitlerde bugdaýa ideg etmek bilen bir hatarda, galla oragyna taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryna, elewatorlara hem-de ammarlara bökdençsiz we ýitgisiz daşamak üçin guramaçylyk işleri dowam edýär. Orak döwründe mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, meýdan düşelgelerinde medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryny, göçme söwda hyzmatlaryny guramak meýilleşdirilýär.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna «Türkmenistanda 2019-njy ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda», şeýle hem «Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakynda» Kararlaryň taslamalary hödürlenildi.
    Degişli resminamalara gol çekip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bellenilişi ýaly, Mary welaýatynda täze şäherçeleriň gurulmagy Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň ýolunda nobatdaky ädime öwrüler. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly şäherçelerde, ilkinji nobatda, döwrebap durmuş-ykdysady düzümiň döredilmegi hakynda alada edilmelidir. Munuň özi adamlaryň ýokary durmuş ülňülerini, döredijilikli zähmet, amatly ýaşaýyş we dynç alyş üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegini üpjün etmelidir.
    Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler, sebitleriň, şol sanda oba hojalygynyň toplumlaýyn ösdürilmeginiň wezipeleriniň durmuşa geçirilmegini, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň ýokarlanmagyny, raýatlaryň, şol sanda ýaş maşgalalaryň we ýaş hünärmenleriň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyny şertlendirer. Amala aşyrylýan ähli özgertmeler raýatlarymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
    Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlise Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy.
    Geljek ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegine 10 ýylyň dolýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz assosiasiýanyň nobatdaky ýubileý mejlisini Lebap welaýatynda geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny habar berdi.
    Ýurdumyzyň gündogar sebitinde bar bolan ajaýyp binagärlik ýadygärlikleri türkmen halkynyň baý taryhyndan we medeniýetinden habar berýär. Gadymy döwürlerde bu ýerden Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollary geçipdir. Ol gündogaryň we günbataryň halklarynyň medeni hem-de söwda hyzmatdaşlygynyň ýoly bolup hyzmat edipdir. Täze taryhy eýýamda Lebap welaýatynda döwrebap durmuş-ykdysady we ulag düzümleri döredildi. Bu ýerde atçylygyň ösdürilmegine möhüm üns berilýär.
    Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisleriniň ýurdumyzyň welaýatlarynda gezekli-gezegine geçirilmegi behişdi bedewleriň wagyz edilmegini, türkmen halkynyň milli buýsanjy we onuň umumadamzat gymmatlygyna goşant goşandy bolup durýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki şöhratynyň belende galmagyny şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
    Şunuň bilen baglylykda, halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde welaýatyň Atçylyk sport toplumyny döwrebap derejede taýýarlamagyň, onuň çapuw ýodalarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk getirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleri ýokary derejede ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işi, 31-nji maýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
    Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, häzirki döwürde zerur guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Mejlisiň gün tertibine GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ykdysady we ynsanperwer ugurlary boýunça meseleleriň toplumy giriziler. Onuň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.
    Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Arkalaşygyň çäklerindäki işjeň gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde we dürli pudaklarda ägirt uly kuwwata eýe bolan hem-de döwletara gatnaşyklaryň berkidilmegine mynasyp goşant goşýan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Ýurdumyzyň şu ýylda GDA başlyklyk etmegi we onuň çäklerinde birnäçe wajyp çäreleriň meýilleşdirilmegi hut şu maksatlara ýetilmegine gönükdirilendir.
    Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň öňde boljak mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
    Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini dowam edip, Mejlisiň başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna öňde boljak dürli baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmegi, olary teleradio gepleşiklerinde we habar beriş neşir serişdelerinde giňden beýan etmegi tabşyrdy.
    Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň gowy netije berýändigini belledi we zähmetsöýer daýhanlarymyzyň ýylyň-ýylyna oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýändiklerini, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmäge mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny aýtdy. Merdana daýhanlarymyzyň netijeli zähmet çekmekleri, ene toprakdan bol hasyl almaklary üçin döwletimiz ähli zerur şertleri döredýär. Oba zähmetkeşleri şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, uly üstünlikler gazanýarlar. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanýan netijeleri has-da guwandyrýar. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem olaryň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde ekin meýdanlarynda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.
    Häzir gallaçylaryň durmuşynda örän möhüm we jogapkärli döwür — orak möwsümi ýetip geldi. Gallaçylaryň öňünde durýan indiki wezipe — köp zähmet siňdirilip, yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakdan ybaratdyr. Orak möwsümini gysga wagtyň içinde we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, men Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda 5-nji iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa 12-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
    Hormatly ýaşulularyň ýerlerde orak möwsümini «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş edip, döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylara, ýurdumyzyň ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, saçaklarymyzyň berekedi, ýaşaýşyň çeşmesi bolan guşgursak bugdaýyň mukdaryny yzygiderli artdyryp, täze zähmet üstünliklerini gazanmagy tüýs ýürekden arzuw etdi.
    Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryny we olaryň üsti bilen ähli watandaşlarymyzy, ilkinji nobatda, nepisligi boýunça gaýtalanmajak gözelligi döredýän çeper elli halyçylary ýakynlap gelýän Türkmen halysynyň baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz iň oňat halyçylara «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky» çözgüdini aýdyp, degişli Permana gol çekdi.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.