Dokmaçy zenanlaryň döwresinde

    Düýn paýtagtymyzdaky Modeller öýünde Türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň dokmaçy gyz-gelinleriniň arasynda yglan eden «Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan dokmaçy zenanlaryň 12-si gatnaşdy.
    Eginleri şowurdap duran keteni köýnekli, on barmagy köken ýüzükli gözeller bezemen sahnada däp-dessurlarymyzyň üsti bilen milli lybaslarymyzy mahabatlandyrdylar.
    Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýan dokmaçylar türkmen milli lybaslarynyň döwrebap görnüşlerini görkezdiler. Egin-eşik geýinmek medeniýetini, türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan milli häsiýetleri wasp edip, özlerini goşgy setirleriniň üsti bilen tanyşdyrdylar. Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda ýerleşdirilen rowaýatlar esasynda sahnalaşdyrylan çykyşlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
    Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar eminler tarapyndan ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny ösdürmek bilen bagly özgertmelere degişli berlen sowallara jogap berdiler. Özleriniň zähmet çekýän fabriklerinde, dokma toplumlarynda öndürilýän önümleri wideoşekiller arkaly görkezdiler.
    Eminleriň gelen netijesine görä, Wekilbazar etrabyndaky Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky dokma fabriginiň gözegçisi Jemal Berkeliýewa baş baýraga, Aşgabat dokma toplumynyň hil barlag bölüminiň dokma hilinde barlagçysy Senemgül Kazakowa birinji, Türkmenbaşy dokma toplumynyň tikinçilik fabriginiň trikotaž sehiniň tikin we gaplama bölümçesiniň işçisi Merjen Arazowa ikinji, Türkmenabat tikin fabriginiň tikin sehiniň tikinçisi Akpamyk Jumaýewa üçünji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.