Ussat tälimçi Aşgabatda

    Şu günler Halkara buz üstünde typmak federasiýasynyň (ISU-nyň) jogapkär tälimçisi, Polşa döwletiniň Olimpiýa Milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Sarkis Tewanýanyň paýtagtymyza iş sapary dowam edýär.
    Myhman saparyň ilkinji gününden Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport mekdebiniň figuralaýyn typmak bölüminiň türgenleri, şeýle-de, ussat «Maral» toparynyň agzalary bilen okuw-türgenleşik sapagyny geçirip başlady. Onuň çäklerinde ýaş türgenler buzuň üstünde özüňe erk etmek, dürli hereketleri ýerine ýetirmek, berjaý edilmeli düzgünler dogrusynda giňişleýin düşünje aldylar.
    — Meniň Türkmenistana ilkinji gezek gelşim. Ýerli türgenler bilen işleşmek juda ýakymly. Aşgabada sport şäheri diýsek hakykatdan daşlaşmasak gerek. Bu ýerdäki sport toplumlary diňe bir binagärlik aýratynlyklary bilen däl, eýsem, olar türgenleşmek üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýän toplum hökmünde hem tapawutlanýar. 
    28-nji maýda Halkara figuralaýyn typmak federasiýasynyň wise-prezidenti Aleksandr Lakernik, şeýle-de, bu guramanyň birnäçe wekili Aşgabada geler. Olar Türkmenistanyň gyşky sport görnüşleri milli merkeziniň tälimçileri, eminleri, türgenleri bilen bilelikde synag okuwlaryny geçirerler. Türkmenistanda bolýan saparymyzyň ahyrynda synag okuwlarynda tapawutlanan eminlere, tälimçilere, türgenlere ýörite güwanamalar gowşurylar.
    Halkara figuralaýyn typmak federasiýasy barada belläp geçsek, ol 1924-nji ýylda Fransiýada geçirilen Gyşky olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde döredilýär. Şol ýyldan bäri federasiýanyň tälimçileri dürli ýurtlarda bolup, sportuň gyzykly hem çylşyrymly görnüşleriniň biri bolan figuralaýyn typmak sportuny wagyz edip, okuw-türgenleşikleri geçirip gelýärler. Meniň özüm birnäçe ýurtda bolup gördüm. Baran ýerlerimde sporta berilýän üns-alada bilen içgin gyzyklandym. Türkmenistanda sporta döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalýandygyna göz ýetirdim — diýip, Halkara buz üstünde typmak federasiýasynyň jogapkär tälimçisi Sarkis Tewanýan gürrüň berdi.
    Hawa, daşary ýurtlardan tejribeli türgenleriň ýurdumyza yzygiderli gelip, milli ýygyndy toparlarymyzyň türgenleri bilen geçirýän okuw-türgenleşikleri olaryň başarnygynyň ýokarlanmagyna uly ýardam berýär. Bu barada Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Sport mekdebiniň direktorynyň orunbasary Aýna Atdaýewa şeýle gürrüň berdi:
    — Buzuň üstünde hereket etmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Ol türgenden irginsiz zähmeti, ünslüligi, ezberligi talap edýär. Geljegine umyt bildirilýän ýaş uçgunlarymyz bilen geçýän türgenleşiklerimizde olara sportuň bu çylşyrymly görnüşiniň inçeliklerini öwredýäris.
    Ata Watanymyzyň sport abraýynyň belende galmagynda ussat «Maral» toparynyň hem mynasyp goşandynyň bardygyny bellemek isleýärin. Toparyň türgenleri türkmen milli tanslarynyň birnäçesini «buzly sahnada» görkezip, daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlarda tapawutlanyp, baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Häzirki günde olar täze tanslaryň üstünde işleýärler. Halkara buz üstünde typmak federasiýasynyň jogapkär tälimçisiniň biz bilen, şol sanda ýaş türgenler bilen geçirýän okuw türgenleşiginiň gowy netijeleri berjekdigi ikuçsuz.