Talyplaryň halkara üstünligi

    Şu ýylyň 16 — 17-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Ýoşkar-Ola şäherindäki Powolžsk Döwlet tehnologiýalar uniwersitetinde Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersitetiniň we Sloweniýanyň Primorsk uniwersitetiniň bilelikde guramagynda Halkara matematika bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Sloweniýanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Bolgariýanyň ýokary okuw mekdepleriniň 56-synda bilim alýan talyplaryň 100-e golaýy gatnaşdy. Ýurdumyzyň bäsleşige gatnaşan talyplar toparyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Nurmuhammet Gurbanmämmedow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň takyk we tebigy ylymlar kafedrasynyň mugallymy Pirmyrat Gurbanow ýolbaşçylyk etdiler. 
    Bäsleşigiň netijeleri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Ramazan Bahtiýarow altyn medala, Döwran Nurgeldiýew, Myrat Çäşemow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Akmyrat Tirkeşow kümüş medala, şeýle-de, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Perman Iljanow bürünç medala mynasyp boldular. Mundan başga-da, bäsleşigiň çäklerinde talyplar öz bilim alýan ugurlary boýunça-da aýratyn bahalandyryldy. Ykdysadyýet we dolandyryş ugry boýunça Perman Iljanow, ynsanperwerlik bilimleri we hukuk ugry boýunça Akmyrat Tirkeşow 1-nji orna, matematika boýunça Myrat Çäşemow 2-nji orna, tehnika we tehnologiýa ugry boýunça Ramazan Bahtiýarow 3-nji orna mynasyp boldular. Baýrakly orunlara mynasyp bolan talyplara medallar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 
    — Türkmen talyplarynyň birnäçesiniň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VI matematika bäsleşiginden ata Watanymyza ýeňiş bilen, elleri diplomly dolanyp gelenine entek köp wagt geçenok. Bu gezekki bäsleşikde hem talyplarymyzyň üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemegi, olaryň irginsiz zähmetiniň netijesidir. 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bäsleşikde talyp ýaşlar gysga wagtyň dowamynda çylşyrymly mysaldyr meseleleriň 10 sanysyny ýazmaça çözmek boýunça bäsleşdiler. Bäsleşige taýýarlykly baran türkmen talyplary alymlaryň 30-syndan düzülen emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldular. Ýaşlarymyzyň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda döredýän mümkinçilikleri üçin ýurt Baştutanymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok — diýip, Pirmyrat Gurbanow gürrüň berdi.