Dostluk owazlary sazlaşanda

    Düýn paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramaklarynda Gruziýanyň döwlet akademiki ansamblynyň «Rustawi» atly folklor aýdym-tans topary bilen Türkmenistanyň medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti boldy.
    «Rustawi» ansambly döredilen gününden başlap, Gruziýanyň wokal sungatynda öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýar. Toparyň esaslandyryjysy Anzor Erkomaýişwili milli saz ugrundan halypa, aýdymçy, folklorçy hökmünde «Ýylyň ýüz adamy» ada mynasyp görüldi. Ansamblyň her bir aýdymçysy polifoniki sungatyndan, ýagny bir wagtda solist we hor aýdymlaryny ýerine ýetirýär. «Rustawide» ýerine ýetirijiler Gruziýanyň dürli welaýatlaryndan bolup, olaryň aýdymlary taryhy äheňe baýdyr. Bu topar toý-märekelerde, dürli baýramçylyklarda milli tanslary bilen çykyş edip, tomaşaçylara şatlyk paýlaýar.
    Konsertiň açylyşynda Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi buýsançly sözlerini beýan edip, bu çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallygyny bildirdi. Konsertde Türkmenistanyň at gazanan artisti Atajan Berdiýew hoş owazly aýdymlary bilen daşary ýurtly myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. «Rustawi» ansambly bolsa «Mrawal žamieri», «Suliko», «Gari-kahuri», «Ajar», «Tpiliso» aýdymdyr tanslaryny ýerine ýetirip, diňleýjileri ruhlandyrdy.
    Konsertiň jemleýji bölüminde Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň medeni işewürlik merkeziniň «Galkynyş» tans topary bilen «Rustawi» ansamblynyň bilelikde ýerine ýetiren türkmen milli küştdepdi tansy tomaşaçylar ruhy lezzet paýlady.
    Ýeri gelende bellesek, «Rustawi» dünýäniň 80-den gowrak ýurdynda 5000-e ýakyn konsert berip, uly meşhurlyga eýe boldy. Ine, şeýle meşhur döredijilik topary türkmen topragynda çykyş edýär. Dostluk  owazlary ebedi ýaňlansyn!