Tohum al-da, ýere bar...

    2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 22-nji mejlisi geçirildi. Onuň netijeleri, tohumçylyk boýunça alyp barýan işleri hakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, akademik, ylymlaryň doktory, professor Iwan Iwanowiç KUZMIN bilen söhbetdeş bolduk.
    — Iwan Iwanowiç, GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 22-nji mejlisiniň netijeleri barada nämeleri aýdyp bolar?!
    — Bu çäre geňeşe agza döwletleriň ählisi üçin örän möhüm. Azyk bolçulygyny, howpsuzlygyny gazanmak meselesi, ilki bilen, tohumçylyga bagly.
    Mejlisiň işi örän baý mazmunly boldy. Ol diňe maglumat alyşmak giňişligi däl-de, ýerine ýetirilen işleriň, tejribeleriň hem-de mümkinçilikleriň beýan edilýän ýeri boldy. Onda tohumçylygyň ylmy esaslary, kadalary barada pikir alyşdyk. 
    Mejlise Türkmenistandan ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleriniň hem gatnaşmagy tejribe alyşmakda netijeli bolandyr diýip pikir edýärin. Ylmy ojaklar bilen tanyşlyk, alymlar bilen özara söhbetdeşlikler biziň tejribämizi baýlaşdyrýar, ylma daýanyp işlemäge kömek edýär.
    Agzalaryň hasabatlaryndan başga-da, duşuşykda Russiýa Federasiýasynyň ot-iým önümçiligi Federal ylmy merkeziniň, Lorh adyndaky ýeralma hojalygy ylmy-barlag institutynyň, Bütinrussiýa şaly, mekgejöwen, dermanlyk ösümlikleri ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ylmy işgärleriniň çykyşlary diňlenildi. Bilşimiz ýaly, maldarçylykda ot-iým üpjünçiligi, döwlet tabşyrygyndaky ekinleriň hataryna giren ýeralmanyň ýetişdirilişi, gaýtadan işlenişi, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanyp, derman senagatyny ösdürmek, şalyçylyk Türkmenistan üçin möhüm ähmiýetli ugurlar.
    Gowy tohum ýokary hasylyň girewidir. Bize ekiş hem-de sortlulyk hili gowy tohumlar gerek. Naýbaşy, ýokary arkaly tohum üpjünçiligi, bu ugurda ylmy-barlaglary çuňlaşdyrmak, olaryň gerimini giňeltmek boýunça GDA-da hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri bar. 
    — Tohumçylykda Türkmenistanyň gazananlaryna nähili baha berýärsiňiz?
    — Men soňky onýyllykda türkmen topragynda 20-nji gezek bolşum diýsem, ýalňyşmaryn. Türkmenistanyň oba hojalyk sergilerine, hasyl toýlaryna köp gatnaşdym. Sebäbi Türkmenistanyň hormatly Prezidenti oba hojalykçy alymlaryň işini ählitaraplaýyn goldaýar, tohumçylyk meselesine içgin üns berýär.
    Türkmenistan täze sortlary önümçilige ornaşdyrmak hem-de ösen tehnologiýalary ulanmak, ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanmak arkaly bugdaýy eksport edýän döwlete öwrüldi. Ýurduň oba hojalygynda soňky ýyllarda sort synagy, sorty çalyşmak, täzelemek boýunça dünýäde iň öňdebaryjy tejribe gazanyldy. 
    Türkmenistanda şu ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaý, 1 million 50 müň tonna pagta öndürmek wezipe edilip goýlupdyr. Ýurduň oba hojalykçylary şeýle uly sepgitlere öňem ýetipdiler, ýene-de ýeterler. Sebäbi olarda uly tejribe bar. 
    Men Özbegistanda okadym, işledim, şonuň üçin gowaçanyň nämedigini gowy bilýärin. Russiýa Federasiýasynda hem ýakyn ýyllarda pagtaçylygy ösdürmek meýilleşdirilýär. Bu ugurda Türkmenistanda gazanylanlar biziň üçin örän gyzykly. 
    Meni Ahal welaýatyndaky ekin meýdanlary bilen tanyşdyrdylar. Bu ýerde hojalyklaryň birinde onlarça gektar ýerde bugdaýyň «Bagrat» sorty ekilipdir. Oraga çenli wagt baram bolsa, öňünden çaklamalarymyz onuň gektaryna 100 sentnerden hasyl berjekdigini tassyklaýar. Onuň golaýynda gowaçanyň yzyna ekilen bugdaýyň hasyly hem ondan peslär ýaly däl, gektaryna 70 sentnerden berer diýip çaklaýaryn.
    Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergide türkmen seçgiçileriniň döreden sortlaryny görmek has-da guwandyryjy boldy. «Tohum al-da, ýere bar, gögermese, maňa gel!» diýen halk pähimi, milli seçgiçiligiň miweleri bu mekdebiň gadymylygyndan habar berýär.
    Türkmenistanda oba hojalyk önümçiliginiň has-da ösdüriljekdigine ynanýarys. Oňa goşant goşup bilsek — biziňem üstünligimiz. Bugdaýyň 25 — 30 sentner däl-de, 60 — 70 sentner hasyl berjek sortlaryny, gowy tohumlary getireris. Iň esasy zat — tohumy öz ýurduňda, ýerinde öndürmek zerur. Şonuň üçin ýurduň tohumçylyk hojalyklary bilen hyzmatdaşlygymyzy ösdürmäge çalyşýarys.
    — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň işiniň esasy ugurlary barada gürrüň beräýseňiz!
    — Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşi 1996-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda döredildi hem-de onuň Düzgünnamasy tassyklandy. Ol oba hojalyk ekinleriniň dürli sortlarynyň we gibridleriniň tohumlary bilen geňeş agzalarynyň ählisini üpjün etmek, olary öndürijileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredildi. Geňeşiň düzüminde bugdaýyň, gowaçanyň, arpanyň, däneli we kösükli ekinleriň, günebakaryň hem-de soýanyň, mekgejöweniň, şugundyryň, miweleriň, üzümiň seçgiçiligi, tohumçylygy, tohumlary gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek ýaly ugurlar boýunça 24 sany iş topary hereket edýär. 
    2013-nji ýylyň 31-nji maýynda Minsk şäherinde gol çekilen GDA ýurtlarynyň arasynda ekinleriň tohumlary, üzümiň, miweli baglaryň nahallary bilen döwletara üpjünçiligi boýunça Teswirnama häzir durmuşa geçirilýär hem-de kämilleşdirilýär. Aşgabat mejlisinde oňa goşmaçalar, üýtgetmeler girizmek hakyndaky meselä seredildi hem-de işçi toparyny döretmek hakynda karara gelindi.
    Bu Teswirnama laýyklykda, oba hojalyk önüm öndürijileriniň isleglerine laýyk tohum üpjünçiliginde döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek, tohumçylygyň genetik serişdelerini toplamak, alyşmak, gorap saklamak hem-de netijeli ulanmak, seçgiçiligiň gazananlaryny aýawly saklamak boýunça işleri utgaşdyryjy kadalary işläp düzmek, kabul etmek, agza döwletlerde bu ugurdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek ýaly wezipeler kesgitlenilýär.
    — Häzirki wagtda tohumçylyk, seçgiçilik işine bildirilýän talaplar nähili?
    — Oba hojalyk ylymlarynyň öňünde duran wezipeleriň biri — diňe bol hasyl almagyň däl, eýsem, ýokary hilli hasyl almagyň aladasyny etmeli, önümiň hili bolmaly. 
    Tohumçylyk işi köp ýyllary, zähmeti talap edýär. Ony ulgamlaýyn hem-de meýilnama esasynda alyp barmak zerur. Sebäbi tohumy öndürmek, soňra ony ýerlemek aňsat iş däl. Tohum öndürilende alyjylaryň islegleri nazara alynmaly, sargytlara görä tohum öndürmeli. Täze sortlary hasaba almak, saýlamak, barlamak işine döwrebap çemeleşmeli. 
    Şeýle-de, tohumçylyk hakyndaky, seçgiçileriň halkara hukugyny goraýan resminamalardan ugur alnyp, olaryň intellektual eýeçiligi hakynda kanunlaryň kämilleşdirilmegi, halkara we milli derejelerde tohumlaryň sebitleşdirilmegi, ekinleriň görnüşleri üçin iň amatly ýerlerde gowy, şol bir wagtda-da elýeterli bahaly tohum öndürmek esasy, talaplardyr. 
    Geňeşimiziň bu ugurda 23 ýyllyk iş tejribesi bolup, ol tohum öndürýän döwlet we hususy hojalyklaryň işini utgaşdyrýar. Mysal üçin, Türkmenistanda, Özbegistanda gowaçanyň hasyllylygy ýokary bolsa, Gyrgyzystanda ýorunjanyň gektaryndan 1 tonna tohum alynýar. Şundan ugur alyp, döwletara tohumçylyga ýöriteleşmäge, GDA agza döwletleriň tohumçylyk boýunça hyzmatdaşlygynyň irki döwürlere uzaýan taryhy köklerini gaýtadan janlandyrmaga şertler bar. Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen türkmen topragyndan dürli ekinleriň ýokary hilli tohumlary uzak ülkelere äkidilipdir... 
    — Ýolbaşçylygyňyzdaky Russiýa Federasiýasynyň Tohumçylyk önümçilik-ylmy assosiasiýasynyň işi bilen hem tanyşdyraýsaňyz!
    — «Tohumlar» assosiasiýamyz seçgi-tohumçylyk işiniň bitewi giňişligini döretmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ol 1991-nji ýylda taryhy zerurlyk esasynda — dürli sortlary we gibridleri etraplaşdyrmakda, alyşmakda toplanylan tejribäni ýitirmezlik, ony ösdürmek maksady bilen döredildi. Tohumçylyk hem-de seçgiçilik işine P.I.Lisisyn, D.L.Rudzinskiý, N.I.Wawilow ýaly ussatlaryň goşandy uludyr. Olaryň ýoluny ýöretmek biziň esasy borjumyzdyr.
    30 ýyla golaý wagt bäri seçgi-tohumçylyk işi bilen meşgullanýan assosiasiýamyzyň hyzmatdaşlary, ylalaşyklary barha artýar. Häzir Wengriýanyň Tohumçylyk assosiasiýasy, Ýewropa döwletleriniň, ABŞ-nyň tohumçylyk hojalyklary esasy hyzmatdaşlarymyz. Şu ýyl Gyrgyz tohumçylyk assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekdik.
    — Sanly ykdysadyýete geçilýän şertlerde GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň öňünde nähili wezipeler durýar?
    — Döwrebaplaşmak, sanly ulgama geçmek ähli pudaklary gurşap alýar. Tohumçylyk hojalyklarynyň sanlaşdyrylmagy, bitewi sanly ulgamynyň döredilmegi sebitimizde nähili tohumlaryň bardygyny bilmäge, ýygjam aragatnaşyk saklamaga, netijede, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, ylmy ösdürmäge ýardam eder. 
    GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşi tarapyndan «Tohumçylygy dolandyrmagyň maglumat-seljeriş ulgamy» taslamasy taýýarlanyldy. Geljekde döwletleriň arasynda bitewi maglumat binýadyny, tohumçylygyň sanly ulgamyny döretmek meýilleşdirilýär.
    — Iwan Iwanowiç, täsirli söhbetdeşlik üçin köp sag boluň! 
    — Söhbetdeşligimiziň ahyrynda türkmen paýtagtynda geçirilen maslahatlaryň, kabul edilen çözgütleriň ýakynda öz miwesini berjekdigine berk ynanýandygymy nygtamakçy. GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 22-nji mejlisini ýokary derejede guramaga, Aşgabatdaky halkara çärelere, ylmy foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, gadyrly türkmen doganlaryma hoşallygymy bildirýärin. Sag boluň!
                                                                                Söhbetdeş bolan Rahmanberdi GÖKLEŇOW.