GDA-nyň TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ MEJLISI

    15-nji maýda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky, 22-nji mejlisi geçirildi. Oňa hünär ugurly ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, biziň ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň ylmy-barlag hem-de önümçilik merkezleriniň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
    2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda guralan duşuşygyň dowamynda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Bellenilişi ýaly, Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde gatnaşyklaryň bu ugruna uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutulyp, oba hojalygynda azyk howpsuzlygyny we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagyň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, döwrebap tehnologiýalary, oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak maksady bilen anyk çäreler görülýär.
    Mejlisiň barşynda GDA döwletlerinde hem-de Türkmenistanda seçgiçiligiň, görnüşleri synag etmegiň, tohumçylygyň we nahalhanaçylygyň ýagdaýy, oba hojalyk ekinleriniň kesellere hem-de zyýan berijilere garşy durnukly, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan täze görnüşlerini döretmek we ornaşdyrmak babatda geçirilýän ylmy-barlag işleri barada habarlar diňlenildi.
    Şunda Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda ýokary hilli hem-de sapylan tohumlary, miweleriň we ir-iýmişleriň hem-de üzümiň nahallaryny alyşmagy babatda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy nygtaldy, bu bolsa obasenagat önümçiliginiň durnukly ösmegine hyzmat edýär.
    Şu babatda oba hojalyk ulgamynda, döwletara ýakynlaşmak gatnaşyklarynda özara bähbitli işleri has-da pugtalandyrmak üçin GDA-nyň çäginde tohumçylygy dolandyrmagyň maglumat-seljeriş ulgamyny döretmäge uly orun berilýär.
    Duşuşygyň dowamynda ot-iým üpjünçiligi, ýeralmanyň, şalynyň we mekgejöweniň tohumçylygy babatda ylmy esaslar, innowasion tehnologiýalar we geljekki mümkinçilikler baradaky meselelere, dermanlyk hem-de ýakymly ysly ösümlikleri iş ýüzünde peýdalanmagyň mümkinçiliklerine aýratyn garaldy, dermanlyk ösümlikleri ulanmakda türkmen hünärmenleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ünsi netijesinde belli bir üstünlikleri gazandylar.
    Bu ugra degişli meseleler bilen Russiýa Federasiýasynyň ot-iým önümçiligi Federal ylmy merkeziniň, Russiýa Federasiýasynyň Lorh adyndaky ýeralma hojalygy ylmy-barlag institutynyň, Bütinrussiýa şaly ylmy-barlag institutynyň, Bütinrussiýa mekgejöwen ylmy-barlag institutynyň, Bütinrussiýa dermanlyk ösümlikleri ylmy-barlag institutynyň ýolbaşçylary hem-de ylmy işgärleri çykyş etdiler.
    Gyrgyz Respublikasynyň Oba hojalyk, azyk senagaty we meliorasiýa ministrliginiň departamentiniň ýolbaşçysy bu ýere ýygnananlara Russiýa Federasiýasynyň tohumçylyk önümçilik-ylmy assosiasiýasy («Tohumlar» assosiasiýasy) bilen Gyrgyz tohumçylyk assosiasiýasynyň arasynda gol çekilen hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde amala aşyryljak işleriň meýilnamasy barada habar berdi.
    Mundan başga-da, 2013-nji ýylyň 31-nji maýynda Minsk şäherinde gol çekilen oba hojalyk ekinleriniň ýokary hilli tohumlarynyň hem-de sapma görnüşleriniň, miweli baglary we üzüm nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň hem-de birek-birek bilen tejribe alyşmagyň köptaraply döwletara ýöriteleşmesi hakynda ylalaşyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda habarlar aýdyldy.
    2020 — 2021-nji ýyllarda döwletara derejede ekinleriň ýokary hasylly görnüşleriniň we nahallary ösdürip ýetişdirmegiň ýöriteleşdirilmegi hem-de önümçiligi bilen baglanyşykly meselelere giňişleýin garaldy.
    Duşuşyga gatnaşyjylar GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 22-nji mejlisiniň oňat guralandygy üçin döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler.