SALAMLAŞMAK — SYLAŞYK

    Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitapda pähime ýugrulan şeýle taglymly setirler bar: «Wagtyň ötegçidigi bize bir hakykaty ündeýär: mirasyňy öwrenmeli, ony nesillere geçirmeli». Bu setirler halkyň apalap gelýän gymmatlyklarynyň hemişe gadyryny bilip, ony sarpalap, geljekki nesle geçirmelidigini aňladýar. Çünki milli mirasymyzda türkmeniň ruhy dünýäsi ýaşaýar. Biziň gürrüňimiz salamlaşmak däbi hakynda.
    «Edep başy — salam» diýlişi ýaly, salamlaşmak — birek-birege bolan hormat-sylag, adamkärçilik, ynsanperwerlik. Salamlaşmak hakynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halka sowgat berlen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda «Salamsyz girene uýat, jogapsyz — çykana», «Ula salam ber, kiçä — kelam» ýaly atalar sözleri bar.
    Salam — edebiň ilkinji alamaty. Edebiň bar ýerinde kalby päklik, ahlaklylyk bar. Ol bolsa adamyň mertebesini beýgeldýär, oňa ýaraşyk berýär.
    Gökdepe etrabynda ýaşap geçen Amannazar Mämmedamanow türkmene mahsus gadymy, hiç haçan könelmeýän däplerimizi oňat bilýän, berjaý edýän ýaşuludy. Gojanyň däp-dessur, edep-terbiýe, öwüt-ündew bilen bagly gürrüňleri gyzyklydy, täsirlidi, esasy ýeri — peýdalydy. Onuň salamlaşmak bilen bagly gürrüňi, meger, gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegidigi üçin bolsa gerek, aýratyn ýatda galypdyr. Şol gürrüň gazetimiziň okyjylary üçinem gyzykly bolsa gerek.
    «Türkmenlerde tanyşmy ýa nätanyş, iki adam gabatlaşanda, ýaşkiçi özünden ula salam berýär. Ýaşuly oňa: «Waleýkimessalam! Saglykmydyr, oglum, gurgunçylykmydyr?» diýýär. Eger salam beren zenan maşgala bolsa, «Gurgunçylykmydyr, amanlykmydyr?!» diýilýär.
    Aýdaly, men gidip barýan, öňümden iki sany ýaşkiçi çykdy. Şonda kim ilki salam bermeli?! Elbetde men, sebäbi olar iki adam. Salamlaşmak edebinde azlyk köplüge salam berýär ahyry! Onsoňam köplük bilen salamlaşmaly bolnanda, sagdan çepe salamlaşyp başlanylýar.
    Ata-babalardan gelýän däplere görä, aýal adam bilen erkek kişi el gysyşyp görüşmeýär. Erkek kişi «Essalawmaleýkim!» diýip, sag eliniň köýneginiň ýa-da donunyň ýeňini tutýar. Aýal «Aleýik salam!» diýip, iki elini uzadýar. Eger-de zenan ýaşmakly bolsa başyny atýar.
    Zenanlaryň özara salamlaşmak däbinde uly ýaşlysy ýaşkiçiniň egnine kakýar. Gapydan ýaş gelin girende, öýde uly ýaşly aýal oturan bolsa, ýaşkiçi egnine kakdyrýar. Gelen uly bolsa, ol oturmanka, kiçi turup, aňyrdan geleniň ýanyna baryp egnine kakdyrýar. Aýal maşgala özünden ululara «Salamälik!» diýip ýüzlenýär. Ynha, ula hormat goýmak däbi irki wagtlardan bäri şeýle berjaý edilipdir.
    Pata barlanda pessaý ses bilen umumy salam bermeli. Nahar iýip oturan adamlaryň üstüne baranyňda salam bermeli, emma elleşmek hökman däl.
    Salam aýtmak däbinde «Size salam aýtdylar!» ýa-da «Size köp dogaýy salam aýtdylar!» diýlende, «Waleýkim salam» diýip, soňra «Salam iberenem, getirenem sag bolsun» diýilýär. «Salam aýt!» diýlende, salam eltiji, salamy tä aýdylmaly adama ýetirýänçä, bergili bolýar. Salam eltilmeli adam hem algyly bolup galýar.
    Tanşyň ýa-da ýakynlaryň köçesinden salamlaşman geçmeklik halanylmaýar. Salamlaşman geçip giden adamda-da biynjalyklyk döreýär. Adamyň gaharlanýan pursadynda oňa salam berip gapydan girilende, gaharly kişi öňküsinden köşeşýän ýaly bolýar.
    Salama baran öýüňem hormaty bardyr. Sen ýaşuly bol, ýaşkiçi bol, tapawudy ýok, bir öýe baranyňda, gapydan salam berip girmeli. Gapydan «Essalawmaleýkim!» diýip girilýär. Eger-de adam ýok bolsa, «Waleýkimessalam!» diýmeli. Salamyň agzalan ýerinde «Waleýkimessalam!» diýmeli. Salam jogapsyz galmaly däl.
    Göräýmäge, ýaş tapawudy bildirmeýän iki nätanyş gabatlaşanda, olaryň haýsy-da bolsa biri öňürdip, beýlekisine «Essalawmaleýkim!» diýýär. Beýlekisi «Waleýkimessalam, gurgunçylykmydyr?!» diýip, edep bilen onuň salamyny alýar. Salam beren salam alana «Soraşyň!» diýýär. «Aýdyberiň, sizden bolaýmasyn?!» diýip, garşydaşy jogap berýär. Bu jogapdaky şübhe müçe ýyllarynyň kömegi bilen anyklanýar. «Ýylyňy aýt!» diýip, salam beren, salamyny alana ýüzlenýär. Ol «Ýylym koýdur!» diýýär we beýlekisiniň jogabyna garaşýar. «Meniň ýylym ýylky». Ýylky ýylynda dünýä inen garşysyndaky özünden kiçä arkaýyn «Saglykmy?» diýip, ýüzlenip bilipdir. Şunlukda, olaryň ýaş tapawudy anyklanylýar. Çünki ýylky ýylynda doglan gadymy müçe senenamasy boýunça koý ýylynda doglan bir ýaş uly bolýar.
    Şeýle kadalar türkmenlerde edebiň, sylaşygyň ýokarydygyna güwä geçýär».
    Salamlaşmagyň güýji hakynda şeýleräk rowaýat hem bar.
    «Gadymy zamanlarda Bählil diýen bir adam bar eken. Ol akylly, parasatly adam bolansoň, onuň adynyň gapdalyna «dana» sözüni goşup aýdar ekenler.
    Günlerde bir gün Bählil dana bazarda aýlanyp ýörkä, bir söwdagär duşup:
    — Salam, eý, Bählil dana, men şu ýyl haýsy harydy alsam, peýdany köp görerin? — diýip sorapdyr. Bählil dana:
    — Sen şu ýyl sarymsak bilen demir alyber — diýip, jogap beren. Söwdagär hem onuň aýdan zatlarynyň baryny alypdyr. Şol ýyl ol on-on bäş esse peýda görüpdir. Soňky ýyl ýene Bählil dana bazarda aýlanyp ýörkä, oňa ýene şol söwdagär gabat gelipdir. Gelipdir-de, Taňry salamyny unudyp:
    — Haw, Bählil diwana, bu ýyl men näme alsam, kän peýda görerin? — diýip soran. Bählil dana:
    — Bu ýyl sen halwa bilen sogan alyber — diýip jogap berýär.
    Söwdagär hem bar puluna onuň aýdanlaryny alypdyr. Ol ýyl sogan bilen halwanyň batmanyny bir şaýa-da alan tapylmandyr. Ýaz çykypdyr, halwalar eräpdir, soganlar bolsa gögerip, zaýa bolupdyr. Şunlukda, şol söwdagär batyp, deregini dargadypdyr. Ol Bählil dana gabat gelende:
    — Sen näme üçin öten ýyl soranymda, maňa peýda geljek zady maslahat berip, bu ýyl bolsa zyýana goýduň? — diýen. Onda Bählil dana:
    — Öten ýyl menden soraňda, öňi bilen Taňry salamyny berdiň. Soň «Bählil dana» diýip ýüzlendiň. Men danalarça maslahat berdim, bu ýyl soraňda, sen temegiňi göge tutup, Taňry salamyny-da unutdyň... — diýip, jogap beripdir.
    Hawa, salamlaşmak — sylaşyk...
    Salamyň gymmatyny şahyr Berdinazar Hudaýnazarow pikir çuňňurlyklarynda jaýdar beýan edýär:
    Salamyň öňüne söz geçip bilmez,
    Duza-da şondan soň beriler nobat.