Dostluk owazlary ýaňlandy

    Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramaklarynda rumyn sazandalarynyň topary bilen ýurdumyzyň Döwlet simfoniki orkestriniň çykyşy boldy.
    Bu konsertde «Zamfiresku» atly saz topary we tanymal aýdymçy Adrian Nouryň bilelikde ýerine ýetiren çykyşlary diňleýjilere şatlyk-şowhun paýlady.
    Bir maşgaladan bolan bu sazanda üçlügi — Jorjetta, Ýonutz we Sten Zamfireskular Rumyniýanyň iň tanymal gitara ussatlary hökmünde bellidir. Ençeme milli we halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, şeýle-de, Ýewropa ýurtlarynyň diňleýjileriniň söýgüsini gazanmagy başaran bu topar sahnada hyjuwly «flamenko» äheňinde rumyn sazlaryny ezberlik bilen ýerine ýetirdiler.
    Sazandalaryň bir gitarany bilelikde çalmaklary konsertiň iň şowhunly pursatlarynyň biri boldy. Zehinli aýdymçy Adrian Nouryň çykyşlary-da konserte gelenlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
    Konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary Jorj Eneskunyň rapsodiýasy bilen öz ussatlyklaryny görkezdiler. Solist Bahar Durdyýewa bilen rumyn aýdymçysy Adrian Nour bolsa kompozitor Çary Nurymowyň şahyr Gara Seýitliýewiň sözlerine «Näzlim uz maňa» aýdymyny diňleýjilere sowgat etdiler.
    Bu konsert Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň barha işjeň häsiýete eýedigini ýene bir ýola görkezdi.