Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

    8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze, döwrebap obanyň, giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
    Garagumuň merkezinde ýerleşen bu emeli suw desgasy, ekologiýa we halk hojalygy babatda bolşy ýaly, ägirt uly durmuş maksatly ähmiýete eýedir. Uzak möhletleýin netijeli bu taslamanyň hemmetaraplaýyn ähmiýete eýedigini aýratyn bellemeli.
    Köp ugurlary öz içine alýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň yzygiderli gözegçiliginde saklanylýar. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň fewral aýynda kölüň töweregindäki ýagdaý bilen nobatdaky gezek tanşan pursadynda, bu ýerde bina ediljek täze obanyň taslamalarynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ol döwrebap ýaşaýyş-durmuş düzümini, önümçilik desgalaryny, maldarçylyk, balykçylyk we ekerançylyk toplumlaryny öz içine alýar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen dikuçarda Aşgabatdan Serdar etrabyna tarap ugrady. Milli Liderimiz ýol ugruna Garagum sährasynyň çägini özgertmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň barşy bilen tanyşdy.
    Soňky ýyllarda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly işleriň netijesinde Garagumuň çägi düýpli özgerdi. Guşuçar belentlikden emeli kölüň ýerleşýän ýeri bolan Garaşor çöketligi we oňa tarap çekilýän suw akabalarynyň gerimi has-da aýdyň görünýär. Çäge alaňlarynyň arasy bilen çekilýän suw akabalarynyň özboluşlylygy sähra gözellik çaýýar. Suwuň gelmegi bilen bu künjeklerde gök zolaklar we ajaýyp ýaýlalar emele geldi.
    Hormatly Prezidentimiziň dikuçary ýörite taýýarlanan ýerde gondy.
    Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady. Bu ýere şu günki çärä gatnaşmak üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem Balkan welaýatynyň häkimi we köp sanly adamlar ýygnandylar.
    Olaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa German, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, 
    BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natia Naswlişwili we beýlekiler bar.
    Bu taryhy waka mynasybetli guralan dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly myhmanlar, dürli döwletleriň we halkara guramalaryň hem-de dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň hemmesi düýn Aşgabatdan demir ýol ulagynda Serdar şäherine geldiler.
    Şeýle hem bu günki dabara estrada aýdymçylary, belli sazandalar we tans toparlary gatnaşýarlar. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri bolan ýaş estradaçylar «Altyn asyr» Türkmen kölüne bagyşlanan aýdymy ýerine ýetirdiler. Olar bu köli şahyrana dilde «bagt köli» diýip atlandyrdylar. Sungat işgärleriniň ajaýyp çykyşlary bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy we ol ähmiýetli çärelere gatnaşyjylary türkmen medeniýetiniň, onuň baý mirasynyň dünýäsine çagyrdy.
    Bu ýerde guralan özboluşly derweze açylyp, ýurdumyzyň taryhyna degişli binagärlik şekilleriniň we täze desgalaryň görnüşleriniň tutuş sergisi görünýär. Şeýle hem bu ýerde guralan sergide täze obanyň keşbi görkezilýär.
    Serginiň merkezinde haly düşelen ýoda bolup, onuň iki tarapynda taryhy we häzirki zaman binagärlik şekilleri görkezilýär. Toý äheňinde bezelen ak öýleriň ýanynda folklor toparlary we artistler teatrlaşdyrylan çykyşlaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olarda, esasan, hormatly Prezidentimiziň iki jiltli «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynda beýan edilýän pursatlar janlandyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserine degişli «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» ýaly jümleler goýlupdyr.
    Ýodanyň sag tarapynda milli binagärligiň taryhyna degişli gadymy galalaryň we taryhy eserlerde, rowaýatlarda beýan edilýän şäherleriň keşpleri janlandyrylypdyr. Ýodanyň çep tarapynda bolsa häzirki zaman binagärlik ýörelgeleri, gadymy döwürde kerwen ýollary geçen merkezi Garagumuň çäginde ýakyn geljekde emele geljek desgalaryň taslamalary görkezilýär. Häzirki döwürde sähranyň bu künjeklerinde awtomobil we demir ýollar çekilýär.
    Şeýle hem bu ýerde Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklary, ýerli howa şertlerinde emele gelen dessurlar we çarwa adamlarynyň asylly ýörelgeleri barada gürrüň berýän sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
    Taslamalardan görnüşi ýaly, söwda kerwenlerini kerwensaraý garşylaýar. Mälim bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çäginden geçýän ugrunda şeýle kerwensaraýlaryň köpüsi duş gelýär. Bu ýerden uzak bolmadyk künjekde gadymy Uzboý derýasynyň emeli akabasyny görmek bolýar.
    Gadymy döwürlerde uzak ýol geçen kerwenler Uzboýuň kenaryna ýetipdirler. Şo wagtlar doly suwly Uzboý Amyderýadan gözbaş alyp, Hazar deňzine akypdyr. Taryhy döwürlerde Uzboýuň ugry bilen söwda gämileri gatnap, olar bir ýurtdan beýleki bir ýurda dürli harytlary getiripdirler. Bu ugur tutuş sebitde söwda gatnaşyklarynyň ösmeginde möhüm orun eýeläpdir. Şeýlelikde, halklaryň arasynda medeni we dostluk gatnaşyklary ösdürilipdir.
    Uzboýuň ugrunda ýerleşen Igdi gala söwda gämileri üçin möhüm çatryk bolup hyzmat edipdir. Serdar şäherinden iki ýüz kilometre golaý demirgazyk gündogarda ýerleşen bu galany goraýjylar söwda kerwenleriniň suw we guryýer ugurlarynyň, Parfiýa şalygynyň demirgazyk künjekleriniň howpsuzlygyny üpjün edipdirler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda bu barada giňişleýin gürrüň berilýär.
    Türkmenbaşy etrabynyň we Gumdag şäheriniň döredijilik toparlary özleriniň edebi-sazly çykyşlary bilen şol döwrüň kerwensaraýlarynyň durmuşyny beýan edýärler.
    Ýodanyň beýleki tarapynda bolsa birnäçe ýyldan bu ýerde kemala geljek täze durmuş-önümçilik toplumynyň keşbi janlandyrylypdyr. Onda nähili mekdebiň, çagalar bagynyň guruljakdygyny görkezýän görnüşler bar. Taslamalaryň hatarynda Medeniýet öýi, Saglyk öýi, ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem seýilgäh toplumy görkezilýär. Munuň özi «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginiň ýakyn geljekde emele geljek görnüşini beýan edýär.
    Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan edebi-sazly çykyşlar «Arkadagyň ajap eýýamy» kitabyndan alnan parçalar esasynda beýan edilýär. Onda türkmen halkynyň we jemgyýetçiligiň ähli ugurlarynda giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagynda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy barada giňişleýin gürrüň berilýär.
    Binalaryň taslamalaryndan soň, bu ýerde täze toplumyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän ýel we Gün energiýasy desgalary görkezilýär. Olar önümçilik we durmuş maksatlary üçin gaýtadan dikeldilýän çeşmeden elektrik energiýasyny öndürerler. Şeýlelikde, bu ýerde adamlaryň durmuşy tebigata ýaramaz täsiri bolmadyk ekologiýa nukdaýnazaryndan dörediler.
    Daşky gurşawyň sagdynlygy jemgyýetiň we çagalaryň doly derejeli sazlaşykly ösüşini üpjün eder diýip, milli Liderimiz belleýär. BMG-niň 2015-nji ýyldan soňky döwür üçin ählumumy gün tertibini kabul etmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda geçirilen sammitinde çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak barada alada etmezden, dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş hem-de ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigini belledi.
    Milli Liderimiziň konsepsiýasy ekologiýa ýaramaz täsiri bolmadyk dolandyryş usullaryny, önümçiligiň ylmy esasda gurulmagyny we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylmagyny esasy ugur edinýär. Ýurduň yzygiderli senagat taýdan ösüşine garamazdan, Türkmenistanda durnukly ekologiýa ýagdaýynyň saklanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
    Şu gün bu ýerde düýbi tutulýan durmuş-önümçilik toplumynyň çäklerinde «ýaşyl» ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berildi. Esenguly etrabynyň döredijilik toparlary täze obanyň ýaşaýjylarynyň medeni dynç alşyny görkezýän çykyşlary ýerine ýetirdiler. Aýdym-sazly dabaralar täze jaýlara göçüp geljek maşgalalaryň bagtyýarlygyny beýan etdi.
    Gadymy rowaýatlarda beýan edilýän Symrug atly guşuň ägirt uly şekili dabara gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çekdi. Rowaýata görä, ol asmandan düşüp, mirabyň ýanyna gelipdir we ondan teşneligini gandyrmak üçin suw diläpdir, onuň ýerine bolsa bu künjegi gülläp ösýän baglyga öwürmegi wada edipdir. Ol şeýle hem bolupdyr. Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynyň artistleri we Bereket etrabynyň «Güljan» tans toparynyň agzalary hut şu ertekini sungat üsti bilen janlandyrdylar.
    «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda ýerleşdiriljek geljekki seýilgähiň şekilinde hem suw meselesi möhüm orun eýeledi. Balkan welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň «Bagtyýarlyk» tans toparynyň we Magtymguly etrabynyň döredijilik toparynyň bilelikdäki çykyşy köpöwüşginli häsiýete eýe boldy.
    «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygynyň taslamasy ekerançylyk meýdanlaryndan çykýan şor suwlary bir ýere jemlemek meselelerine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ozallar bu suwlar Amyderýa we Garagum derýasyna, şeýle hem öri meýdanlaryna akdyrylýan bolsa, indi bu ähmiýetli taslama esasynda Türkmenistan sebitde ilkinji bolup, daşky gurşawyň goraglylygyna örän aýawly çemeleşmegiň beýanyna öwrülen şeýle taslamany durmuşa geçirýär.
    Ýurdumyzyň hojalygara we ulgamlaýyn zeý suwlaryny ekologiýa taýdan arassa ýere — Garaşor çöketligine ýygnamak baradaky ýörelge amala aşyrylyp başlandy. Garaşor Balkan, Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäklerinde ýerleşýär. Umumy uzynlygy 103 kilometre, ini bolsa 18,6 kilometre barabar bolan bu howdanyň ortaça çuňlugy 70 metr bolup, onuň mukdary 132 kub kilometre barabardyr.
    «Altyn asyr» Türkmen kölüne barýan suw akabalarynyň umumy uzynlygy 2 müň 659 kilometrdir. Esasy akaba welaýatlardan çekilen akabalaryň umumy uzynlygy bolsa 1 müň 553 kilometre deňdir. Häzirki döwürde ýygnalyp, soňra köle ugradylýan «Akýaýla» suw howdanynyň möçberi 970 million kub metre barabardyr.
    Umuman, Garagumda iri suw howdanynyň döredilmegi ähli sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmaga, topragyň şorlaşmagy, batgalyk we guraklyk bilen baglanyşykly köp sanly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer.
    Şeýlelikde, ýurdumyzda suwuň ägirt uly gory döredilýär. Ol tebigy taýdan süzülme we häzirki zaman tehnologiýalarynyň ulanylmagy arkaly täze ýerleri özleşdirmekde, öri meýdanlaryny giňeltmekde, şeýle hem gök zolaklary döretmekde we tehniki hajatlar üçin ähmiýetli bolup durýar.
    «Altyn asyr» Türkmen köli ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini saklamak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çözgüdine oňyn goşant goşmaga ukyplydygyny aňladýan täzeçil taslama bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Suwarymly ýerler we gurak zonada suwdan peýdalanmak boýunça ägirt uly tejribe toplan Türkmenistan bu ulgamdaky ylmy barlaglaryň ösdürilmegine we beýleki döwletleriň hem suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga bolan ýörelgeleriniň işjeňleşdirilmegine ähmiýet berýär.
    Täze obada ýaş alymlar, ylmy-barlagçylar, rasionalizatorlar we olaryň işleri üçin ähli zerur mümkinçilikler dörediler. Aýratyn-da, maldarçylyk we balykçylyk önümçiligi boýunça gaýtadan işleýän pudaklaryň döredilmegine, ýerleriň özleşdirilmegine gönükdirilen häzirki zaman tehnologiýalaryna, bu ugurdaky ylmy-barlaglara ähmiýet berler. Türkmenbaşy şäheriniň artistleri alymlaryň bu ugurda alyp barýan işlerini janlandyran çykyşlary ýerine ýetirdiler.
    Şeýle hem gadymy türkmen durmuşyna degişli balykçylaryň, awçylaryň we beýlekileriň alyp barýan işleri janlandyryldy. Hazar we Balkanabat şäherleriniň döredijilik toparlary, şeýle hem Magtymguly etrabynyň «Sumbar» folklor topary balykçylygyň we awçylygyň taryhyna degişli çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.
    Häzirki döwürde ekologlaryň maglumatlaryna görä, «Altyn asyr» Türkmen kölünde balyklaryň 25-e golaý görnüşi bar. Olaryň hatarynda balygyň çapak, ak amur, lakga, ak we ala tüňňi maňlaý ýaly görnüşleri bar. Umuman, bu ýerde balykçylygy ösdürmek akwafermalary, köl hojalyklaryny döretmek üçin biologik binýat goýuldy.
    Munuň özi täze iş orunlarynyň döredilmegine, kiçi we orta pudaklaýyn işewürligiň ösdürilmegine, şunuň bilen birlikde, sebitde gaýtadan işleýän senagatyň dikelmegine mümkinçilik döreder.
    Soňra dabara gatnaşyjylar Serdar etrabynyň birleşdirilen döredijilik toparlarynyň türkmen halkynyň toý däplerini we täze jaýlara göçüp gelmek mynasybetli guraýan dabaralaryndan taýýarlanan çykyşlara tomaşa etdiler.
    Soňra esasy sahnada «Serpaý» we «Galkynyş» tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşan «Sag bol, eziz Arkadag!» atly aýdym dabaraly ýaňlandy.
    Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we daşary ýurtly myhmanlar baýramçylyk dabaralary guralan hatarlaryň içi bilen geçip, bu ýerde ýörite taýýarlanan ýere bardylar. Milli Liderimiz bu ýerde ýygnananlaryň öňünde çykyş etdi.
    «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň şu taryhy gününde biz XXI asyryň beýik gurluşygy bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde ýerleşjek täze, döwrebap obanyň gurluşygyna ak pata berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz söze başlady.
    Diňe bir öz ýurdumyz däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa üçin hem örän uly ähmiýeti bolan «Altyn asyr» Türkmen köli biziň Garaşsyzlyk ýyllarynda alyp barýan beýik işlerimiziň ajaýyp miweleriniň biridir, halkymyzyň buýsanjydyr.
    Uç-gyraksyz Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän täsin suw desgasynyň ýakasynda täze döwrebap obalaryň gurulmagy bu sebitde bagtyýar durmuşyň rowaçlanmagyna itergi berer. Iňläp ýatan sährany özleşdirip, ýurdumyz üçin zerur bolan maldarçylyk, ekerançylyk we balykçylyk pudaklaryny ösdürmäge ýardam eder.
    Çäge alaňlary gurşap alan giňişlikler suwuň gelmegi bilen özgerip, gök zolaga bürenýär. Täze obanyň düýbüniň tutulýan ýeri bolsa ekologiýa taýdan arassalygy, tebigatynyň gözelligi we özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
    Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garap, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we köpöwüşginli görnüşini gorap saklamak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, milli Liderimiz kölüň sebitini özleşdirmek tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetimizi ýokary depginler bilen ösdürmäge mümkinçilik berer diýip aýtdy. Şeýle hem bu taslama ilat üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam eder.
    Bu mekanlarda suw meselesiniň çözülmegi azyk we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlar üçin amatly durmuş şertlerini döretmek bilen bagly beýleki meseleleri hem çözmegi aňladýar. Şoňa görä-de, kölüň daş-töweregini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň taslamalary köpugurly häsiýete eýe bolýar. Biz bu işleriň ählisini mähriban halkymyzyň abadan we bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaş nesillerimiziň bagtyýar geljegi üçin edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
    Häzirki döwürde ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa ulgamlarynda giň gerimli milli maksatnamalar hem-de taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda toplan baý tejribämizi we döredijilik mümkinçiliklerimizi umumy bähbidiň hatyrasyna gönükdirmäge çalyşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
    Tutuş sebit üçin ägirt uly ähmiýeti bolan, maksady boýunça deňi-taýy bolmadyk «Altyn asyr» Türkmen kölüni gurmagyň taslamasy hem şol belent wezipelere ýetmäge niýetlenendir.
    Ýakynda bu kölüň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasynyň we ony durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanandygyny belläp, milli Liderimiz olarda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň suwuny netijeli peýdalanmak, Garagum sährasyny özleşdirmek, onda tokaý zolaklaryny döretmek, öri meýdanlaryny giňeltmek boýunça anyk çäreleriň toplumynyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Geljekde bu etraplarda dowardarçylygy, düýedarçylygy, balykçylygy we ekerançylygy ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylar.
    Sebitde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biologik köpdürlüliginiň artmagyna, ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna, kölüň suwunyň arassalanmagyna hem-de netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen ylmy barlaglar önümçilik bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýar.
    Örän uly ähmiýeti bolan bu ylmy barlaglary yzygiderli geçirmek üçin ýörite tejribehana döredip, ony kämil enjamlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýakyn geljekde kölüň kenarlarynda çöl we medeni ösümlikler, miweli baglar gök salar, olaryň ösüşi ylmy esasda düýpli öwreniler.
    Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu tutumly işlere Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýakyndan gatnaşmalydyklaryny belledi. Hususan-da, balykçylyk hojalyklary ýörite balyk tutulýan enjamlar ornaşdyrylan gämiler bilen üpjün edilen toparlar döredilmelidir.
    Şol işleriň ilerlemegi medeni zolakdan alysda ýerleşjek täze obanyň doly manysynda emele gelmegine, bu ýere ilatyň göçüp gelmegine, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagyna mümkinçilik berer.
    Garagumuň merkezinde Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäklerinde guruljak täze oba «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Şeýle hem raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn tutumly işlerimiziň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu döwrebap obanyň gurluşyk işleriniň birinji tapgyry 2019 — 2022-nji ýyllarda amala aşyrylyp, ikinji tapgyryna 2022-nji ýylda başlap, ol 2025-nji ýylda doly tamamlanar. Birinji tapgyrda bu ýerde oba geňeşiniň, Polisiýa we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binalary, 260 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, Saglyk merkezi, içerki ýollar hem-de gaz, agyz suwy, lagym we elektrik geçiriji ulgamlar, suw süýjediji desga gurlar.
    Şeýle hem kuwwaty 10 MWt bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik stansiýasy, seýilgäh, aragatnaşyk üpjünçiliginiň içerki we daşarky eltiji inžener ulgamlary, ýangyç guýujy beket, balykçylyk hojalygy, azykdyr senagat harytlary dükany bina ediler.
    Şonuň ýaly-da, birinji tapgyrda 60 sany bir gatly 4 otagly, 20 sany bir gatly 3 otagly ýaşaýyş jaýlary, ikinji tapgyrda bolsa, 44 sany bir gatly 4 otagly, 88 sany hem bir gatly 3 otagly ýaşaýyş jaýlary gurlar.
    Guruljak bu ýaşaýyş jaýlary we beýleki medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly döwrebap desgalar sebitiň howa şertlerine doly laýyk getirilip, bina ediler. Olarda oba ilatynyň we türkmen durmuşynyň milli aýratynlyklary göz öňünde tutular diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn belledi. Şeýle hem jaýlaryň öňünde mellek ýerleri, hojalyk zerurlyklary üçin telärler, garaž we zerur bolan beýleki inžener-tehniki desgalar ýerleşdiriler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
    Bu ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek hem meýilnama esasynda geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Awtomobil ýollary çekiler. Ilatyň maldarçylyk, balykçylyk we gök ekerançylyk bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler dörediler.
    Täze obada ýaşajak adamlaryň iş üpjünçiligine, durmuş goraglylygyna aýratyn üns berler.
    «Altyn asyr» Türkmen kölüniň «Akýaýla» şor suw howdanynyň sebitinde guruljak desgalar we ekiljek baglar bu töweregiň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsir eder.
    Umuman, täze oba döwrebap şäher bilen bäsleşip, onda adamlaryň ýaşamagy we zähmet çekmegi, dynç almagy üçin ähli amatlyklar dörediler. Garagum sährasy özgerip, bu ýerlerde bagtyýar durmuş gaýnap joşar. Bu bolsa biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň ýene-de bir mysalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
    Garaşsyz Watanymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan täze obadyr şäherçeleriň, welaýat merkezleriniň döwrebap keşbi, ulanmaga berilýän binalar we desgalar güneşli Diýarymyzyň görküne görk goşýar. Biz alyp barýan bu syýasatymyzy geljekde hem depginli dowam ederis. Sebäbi, biziň esasy maksadymyz halkymyzyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
    Umuman, geçirilýän bu ägirt uly işleriň ählisi ýurdumyzyň uly üstünliklere, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetendigine doly şaýatlyk edýär.
    Milli Liderimiz ýurdumyzdaky daşary ýurtly ilçilere, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna we işgärlerine ýüzlenip, olara häzirki waka gatnaşýandyklary hem-de alyp barýan köp sanly işleri, şol sanda «suw diplomatiýasy» ulgamynda anyk işleri ýola goýýan Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny goldaýandyklary üçin hoşallyk bildirdi.
    Watandaşlarymyzy, dabara gatnaşyjylary «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýakasynda döwrebap, täze obanyň gurluşygyna badalga berilmegi bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýakyn wagtda Garagum sährasyna bezeg berjek täze obanyň gurluşykçylaryna we ilatyna bolsa eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.
    Oglanjyk bilen gyzjagaz döwlet Baştutanymyzyň ýanyna gelip, joşgunly goşgy setirleri bilen milli Liderimizi gutladylar we Arkadag Prezidentimize berk jan saglyk, alyp barýan köpugurly işlerinde uly üstünlik arzuw etdiler. Çagalaryň haýyşy esasynda hormatly Prezidentimiz şu günki şanly waka mynasybetli geljek nesillere niýetlenen ýadygärlik ýazga gol çekdi. Ol ýörite guta ýerleşdirildi.
    Milli Liderimiz gutyny täze obanyň ilkinji desgasynyň binýadyna oklap, oňa ilkinji beton garyndylaryny atdy.
    Dabara tamamlanandan soňra döwlet Baştutanymyz dikuçaryň ýanynda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi bilen bolan söhbetdeşlikde sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmeginiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň ösdürilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda öňde durýan meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn we örän jogapkärçilikli çemeleşmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
    Bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugrady.