Watan gerçeklerini hormatlap

    AHALDA
    Welaýatda Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Welaýat merkezindäki Medeniýet öýünde geçirilen dabara 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna we urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan enelere goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi.
    Hormatly Prezidentimiziň uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna pul sowgadyny we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak bilen baglanyşykly gol çeken Permanyna laýyklykda, ildeşlerimizi sylaglamak mynasybetli geçirilen bu dabarada baýramçylyk gutlaglary aýdyldy. Onda çykyş edenler ýurdumyzda uruş weteranlaryna, urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan, şeýle-de, tylda zähmet çeken ak saçly enelere çäksiz sylag-sarpa goýulýandygy, olaryň hemişe döwlet tarapyndan üns-alada bilen gurşalyp alnandygy barada aýdyp, ildeşlerimiziň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gaýduwsyzlygy dogrusyndaky söhbede aýratyn ünsi çekdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, ildeşlerimiziň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi bu gün ýaş nesli watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir.
    Dabarada uruş weteranlaryna, ýar ojagyny saklap oturan we tylda zähmet çeken mährem enelere goýýan sarpasy üçin hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdyldy. 

    BALKANDA
    Ýeňiş gününiň 74 ýyllyk baýramyna bagyşlanan dabaralar Balkan welaýatynyň ähli etrapdyr şäherlerinde hem ýokary derejede bellenip geçilýär. Welaýatyň kenarýaka Türkmenbaşy şäherindäki Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda, şonuň ýaly-da Gumdag şäheriniň toý-dabaralar merkezinde guralan çäreler hem Ýeňiş gününe bagyşlanan dabaralaryň üstüni ýetirip, olar «Baky şöhrat bolsun mähribanlara, Ýeňiş tugun diken gahrymanlara!» diýen at bilen geçirildi. Şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim bölümleriniň bilelikde guramagynda geçirilen bu dabaralarda şirin aýdym-sazlara, milli tanslara, joşgunly halk döredijilik çykyşlaryna uly orun berildi. Edermen gerçeklerimiziň uruş ýyllaryndaky gahrymançylygyny beýan eden sahna eserleri dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.
    Şeýle göwün göteriji çärelerden soň, häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri uruş weteranlarynyň öýlerine baryp, olara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylaglaryny, gymmat bahaly sowgatlary we ter gül desselerini gowşurdylar. Ýokary ruhubelentlige eýe bolan şeýle ýatdan çykmajak, tolgundyryjy pursatlaryň dowamynda Watançylyk urşunyň merdana gerçekleri Gahryman Arkadagymyza halkymyz hakyndaky bimöçber aladalary, taýsyz tagallalary üçin özleriniň çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.

    DAŞOGUZDA
    Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew batly gadamlar bilen gülläp ösýän mähriban ýurdumyzyň ähli ýerinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 74 ýyllyk baýramy giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginde «Gahrymanlar ýüreklerde ýaşaýar» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu ýerde çykyş edenler Beýik Watançylyk urşundaky aldym-berdimli söweşlerde ata Watany goran gerçeklerimiz, olaryň yzynda galan maşgalalary barada döwletimiz tarapyndan edilýän çäksiz aladalar hakynda buýsanç bilen aýtdylar. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiziň adyndan bu baýramçylyk mynasybetli uruş weteranlaryna pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Munuň özi beýik adamkärçiligiň, hormat-sarpanyň belent nusgasydyr. 
    Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, talyp ýaşlaryň taýýarlan çykyşlarynda Watan gahrymanlarynyň bitiren beýik işleri, olaryň merdi-merdanalygy, edermenlikleri, Watanymyzyň asudalygy, abadançylygy uly buýsanç bilen wasp edildi. Soňra şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylaglary, gymmat bahaly sowgatlar, ter gül desseleri uruş weteranlarynyň öýlerinde dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Hormat-sylag bilen gurşalýan uruş weteranlary häzirki baýramçylyk günlerinde gymmat bahaly sowgat-serpaý edip, toý şatlygyny artdyrýan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
    
    LEBAPDA
    Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda-da 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlary we bu jeňde wepat bolan gerçekleriň yzynda galanlary hormatlamak dabaralary giň gerimde dowam edýär. Dünýäniň ençeme döwletlerinde bellenilýän bu baýramyň bosagasynda welaýatda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda gowgaly günleriň janly şaýatlaryna — weteranlara we kümüş saçly enelere pul sowgatlarynyň we başga-da birnäçe gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabaralary boldy.
    Lebap welaýat pensiýa gaznasynyň müdirliginiň berýän maglumatlaryna görä, häzir sebitde uruş weteranlarynyň 21-si ýaşaýar. Elbetde, Ýeňşiň gazanylaly bäri 74 ýyl geçdi. «Ynsan ömri» diýilýän müddet. Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda söweşen uruş weteranlary bu gün hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen gurşalýar. 
    Ýeňiş baýramyny 74-nji gezek garşylaýan weteranlara we urşuň yzynda galan enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sylagydyr gymmatly sowgatlaryň gowşurylmagy olaryň dünýäsine ýene bir ýakym çaýdy. Bu işe welaýat, etrap-şäher häkimlikleriniň, syýasy partiýalaryň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň welaýat bölümleriniň we pensiýa gaznasynyň işgärleri işjeňlik bilen gatnaşdylar.
    Uruş weteranlary şu günler welaýatda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň hem gadyrly myhmanlary. Türkmenabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda geçirilen dabara hem Beýik Ýeňşiň 74 ýyllygyna bagyşlandy.
    
    MARYDA
    Ýeňiş güni mynasybetli Mary welaýatynda hem uruş weteranlaryna we şol döwürde tylda zähmet gahrymançylygyny görkezen ildeşlerimize hormatly Prezidentimiziň pul sylagy we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Welaýatyň Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçesindäki Medeniýet öýünde urşa gatnaşanlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular, ak saçly mährem eneler, ylym, bilim, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamynyň işgärleri, harby bölümleriň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Mary şäherindäki Soltan Sanjar adyndaky Harby mekdebiniň serkerdeleri we okuwçylary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Beýik Watançylyk urşunda türkmen gerçekleriniň görkezen gahrymançylygy, edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, tylda galanlaryň görkezen zähmet gahrymançylygy, zenanlaryň öý-ojaklaryna, maşgalalaryna, söwer ýarlaryna, ata Watanyna bolan wepadarlygy barada gürrüň berdiler. Watany duşmanlardan azat etmek ugrundaky söweşlerde gahrymanlarça wepat bolan milli gahrymanlarymyzy hatyraladylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi. 
    Welaýatyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wekilleri Mary etrabynyň Peşanaly geňeşliginde ýaşaýan, 101 ýaşly uruş weterany Aýdogdy Amadyýewiň, Wekilbazar etrabynyň Mollanepes geňeşliginde ýaşaýan 94 ýaşly uruş weterany Akmyrat Sapargeldiýewiň maşgala ojaklaryna baryp, Ýeňiş baýramy mynasybetli geçirilen toýlara gatnaşdylar.