«Balkan» gämisi ýene-de ýüzüşde

    Hormatly Prezidentimiz telekeçilige, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna degişli mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň çeken maýa goýumlarynyň esasynda «Balkan» gämisiniň abatlanylyp, ulanyşa goýberilmegi döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrundaky tagallalaryň miwesidir. Şunuň bilen bagly 4-nji maýda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda geçirilen dabara örän täsirli boldy. Oňa senagat we kommunikasiýa toplumynyň, Halkara deňiz portunyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmen logistika assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. 
    «Beýik Ýüpek ýoly» hususy kärhanasynyň çeken daşary ýurt maýa goýumynyň esasynda düýpli abatlanylan «Balkan» gämisi gury ýükleri we konteýnerleri daşamak üçin niýetlenendir. Bir gezekde 3 müň 700 tonna çenli ýükleri daşamaga niýetlenen bu gämi agyr agramly we uly göwrümli ýükleri, şeýle hem senagat taslamalarynyň ýüklerini daşamaga ukyplydyr. Onuň abatlaýyş işlerinde türkmen hünärmenleri bilen bilelikde daşary ýurtly hünärmenler hem işlediler. 
    1993-nji ýylda gurlup, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda hasaba alnan gäminiň uzynlygy 88 metre, beýikligi 13 metre barabardyr. Onuň ulanyşa goýberilmegi logistika ulgamynda birnäçe mümkinçilikleri, şeýle-de täze iş orunlaryny döredýär.
    Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň düzüminde «Balkan» gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynyň bolmagy gämileri ýygnamaga, tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri we beýlekileri doly abatlamaga şert döredýär. Bu ýerde dürli derejeli we görnüşli gämileri gurmak mümkin. Zawodyň önümçilik bölümleri ýylda 10 müň tonna polady işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Şu döwrüň dowamynda döwrebap tehnologiýalary hem-de halkara ölçeglere kybap gelýän awtomatlaşdyrylan ulgamlary ulanmak bilen, zawod dört we ondan hem köp gämini gurmaga hem-de 20 gämini abatlamak we hyzmat etmek boýunça işleri geçirmäge ukyplydyr. 
    Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ulag we logistika ulgamynda amala aşyrýan işleri, gazanýan ýokary netijeleri ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksporta ugradylmagyna, ýük akymynyň ýokarlanmagyna mynasyp goşant goşýar. «Balkan» gämisiniň düýpli abatlanylmagy Hazar deňziniň üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberiniň artdyrylmagyna ýardam berer.