Weteranlaryň sarpalanmagy

    4-nji maýda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde ýakynlaşyp gelýän 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny, tylyň zähmetkeşlerini we wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryny hatyralamak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, olara pul sowgady we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
    Köşgüň öňünde sungat eserleriniň — suratçylaryň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, bezegçileriň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Olarda ildeşlerimiziň söweş meýdanlarynda we tylda görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylyklary wasp edilýär.
    Dabara weteranlar-frontçular we esgerleriň ýanýoldaşlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, medeniýet işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
    Dabarada Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryna parahatçylygyň, bagtyýarlygyň we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna görkezen deňsiz-taýsyz edermenlikleri üçin hoşallyk sözleri aýdyldy. Olaryň hormata we tagzym edilmegine mynasyp mähriban topragymyza bolan söýgüsi, jeň meýdanynda görkezen gaýduwsyzlygy ýaşlarymyz üçin hemişe ýokary ahlak nusgalary bolup galýar.
    Weteranlar we söweşde wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaşuly nesle berýän hemişelik ünsi, urşa gatnaşanlar we wepat bolanlaryň maşgalalary babatda edýän aladalary üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
    Weteranlara gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary we gül desseleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýurdumyzyň belli aýdymçylary we döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlarynda weteranlary gutladylar we hoşallyklaryny beýan etdiler.