Watançylyk mekdebine bagyşlanan sergi

    Maý aýynyň ilkinji günlerinden Ýeňiş gününiň dabaralaryna Lebap welaýatynda hem giň gerim berildi. Şu günler welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli «Watan gahrymanlary baky ýaşaýarlar» atly sergi dowam edýär. Bu sergi Türkmenabat şäherindäki Beýik Watançylyk urşy muzeýi bilen bilelikde guralypdyr.
    Welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ýurdumyzda bellenilýän şanly senelerdir Hatyra günleriniň ählisinde ýörite sergileri guraýandygyny turuwbaşdan bellemek gerek. 10-njy maýa çenli dowam etjek şu sergi hem bagtyýar döwürdeşlerimiziň, merdana ata-babalarymyzyň edermenligine edilýän tagzyma öwrüldi.
    Arhiw maglumatlaryna görä, geçen asyryň iň gowgaly wakalarynyň biri bolan urşa diňe Lebap welaýatynyň özünden 700 müň töweregi adam gatnaşypdyr. Maglumatlarda şolaryň 86 müňden gowragynyň gowgaly jeňden dolanyp gelmändigi aýdylýar. Merdana Watan esgerlerine bagyşlanan «Hatyra», «Şöhrat» ýaly ýygyndylaryň maglumatlaryna görä, urşa Lebap welaýatynyň çäginden gatnaşan merdana esgerleriň 33-si Gahryman diýen belent ada mynasyp bolupdyrlar.
    Pederlerimiziň beýik gahrymançylygyny häzirki nesilleriň aňynda müdimi saklamak maksady bilen, 2015-nji ýylda Türkmenabat şäherinde ýörite muzeý döredildi. Muzeýiň ýolbaşçysy Rüstem Sahatowyň aýtmagyna görä, häzir bu ýerde gymmatlyklaryň 3 müňden gowragy bar.
    Muzeýde gurnalan wagtlaýyn sergi dürli gymmatlyklaryň 200-e golaýyny özünde jemleýär. Muzeýiň bölüm başlygy Ogulgerek Agajanowanyň gürrüň berşi ýaly, olaryň 130-dan gowragy şu muzeýiň, galanlary Türkmenabat şäherindäki ýörite muzeýiň gymmatlyklarydyr.
    Sergi açylan ilkinji günlerinden başlap, şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ünsüni özüne çekdi. Sebäbi bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi hyýallaryňy, pikirleriňi şol gowgaly ýyllara alyp gidýär. Goý, ol taryhy suratlar, şol ýyllarda ulanylan patefon, telefon, hat ýazýan enjam ýaly gymmatlyklar ýa harby lybaslar bolsun, parhy ýok, bu ýerdäki her bir zat özüne çekýär. Lebap welaýatynda uzak ýyllaryň dowamynda çap edilen «Çardžowskaýa prawda» gazetiniň 1941 — 1945-nji ýyllar aralygyndaky sanlarynyň ýygyndysy bilen tanyşmak has-da gyzykly. Sergide şol ýyllara degişli arhiw resminamalarynyň — kararlaryň, buýruklaryň, görkezmeleriň, şol sanda hatlardyr hoşallyk hatlarynyň hem ençemesi bar. Hormatly Prezidentimiziň weteranlar bilen düşen nurana suraty bolsa sergide döwürleriň sazlaşygyny üpjün edipdir.
    Serginiň açylyş dabarasyna we onuň çäginde geçirilýän duşuşyklara uruş weterany, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy Ýewgeniý Minýukowyň hem gatnaşmagy bu ýerdäki dabaralaryň täsirliligini has-da artdyrýar.