Çekeleşikli şaşka ýaryşy

    Öňňin paýtagtymyzdaky küşt we şaşka mekdebinde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebiniň, şeýle hem «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň žurnalistleriniň arasynda sportuň şaşka görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen birlikde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň onlarçasy gatnaşdy.  
    Ýaryşyň dowamynda küşt we şaşka mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew, žurnalist Ogulbeg Jumaýewa, «Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory Ussa Ussaýew, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory Seýitmyrat Geldiýew çykyş etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek ugrunda edýän aladasynyň gün-günden rowaçlyga beslenýändigi buýsanç bilen bellenildi. Ýaş şahyrlar Goçmyrat Orazberdiýewiň, Mukam Muhamowyň okap beren goşgulary şaşka ýaryşyna gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. 
    Çekeleşikli geçen ýaryşyň netijesinde erkekleriň arasynda Rüstem Hojageldiýew birinji, Aganyýaz Garýagdyýew ikinji, Eziz Geldimyradow üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar. Zenanlaryň arasynda öňdäki orunlary Zyba Suhanowa, Güljan Durdyýewa, Oguljennet Paşşykowa eýelemegi başardylar. 
    Žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda geçen duşuşyklaryň netijesinde Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Merjen Annaýewa bilen Maral Rozyýewa degişlilikde, birinji we ikinji orunlara mynasyp boldular. Üçünji orny Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Leýla Garryýewa eýeledi. 
    Ýaryşyň dowamynda eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Gurbangeldi Mämmetsähedow, Jumageldi Amanow, Şamyrat Muhammetgurbanow, Çaryguly Hanjaýew, Arzygül Rahmanowa, Şirin Şirliýewa höweslendiriji baýraga mynasyp boldular. 
    Ýeňiji bolan žurnalistlere, şeýle-de ýaryşa işjeň gatnaşanlara Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň redaksiýasynyň Hormat hatlary, şeýle-de «Makul hyzmat» terjime merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.