Gyýanly: gurmagyň türkmen gudraty

    Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan, milli we ählumumy bähbitlere gulluk edýän daşary syýasaty dünýä döwletleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky garaýyşlaryň meňzeşligini ýa-da biri-birine golaýlygyny üpjün edýär. Munuň şeýledigini ýakynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň ýurdumyza amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar, baglaşylan şertnamalar, emele gelen umumy pikirler hem subut etdi. Koreý Lideriniň bu sapary türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykýandygynyň alamaty bolmak bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky özara maýa goýum taslamalarynyň işjeňleşmesine-de giň mümkinçilik döretdi. Döwlet saparynyň ikinji gününde Liderleriň Gyýanlydaky polimer zawodyna baryp, bu ýerdäki gazy gaýtadan işlemegiň innowasion nusgasy bilen tanyş bolmaklary we oňa berlen ýokary baha iki ýurduň arasynda bu ugur boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna hem ýol açdy.
    Ägirt uly gaz gorlary bolan Türkmenistan nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmekde ygtybarly tarap bolup durýar. Hut şonuň üçin häzirki döwürde Hazar basseýniniň türkmen böleginde abraýly halkara kompaniýalaryň ençemesi ägirt uly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrýar. Bu bolsa Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň innowasion ösüşine mümkinçilik döredýär, ýurdumyzyň baglaşylan şertnamalara, gazanylan ylalaşyklara ygrarlylygyny, türkmen bazarynyň mümkinçilikleriniň ýokarydygyny görkezýär.
    Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda işlenip düzülýän hem-de durmuşa geçirilýän maksatnamalarda öňde goýulýan wezipeler, goýulmaly ýerli we daşary ýurt maýa goýumlary nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge niýetlenendir. Maksatnamalarda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan taslamalaryň arasynda sintetiki benzini, kauçuk we polistrol, metildietanolamin, poliwinilasetat hem-de beýleki polimerleri öndürýän beýleki gazhimiýa toplumlarynyň bolmagy ýurduň ykdysady güýjüniň neneňsi kuwwatlydygyndan habar berýär.
    Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň esasy aýratynlyklarynyň biri ýurdumyzy sarp ediji döwletden dörediji, öndüriji, eksport ediji döwlete öwürmekden, şonuň netijesinde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, Türkmenistanyň geosyýasy täsirliligini, onuň sebitdäki we dünýädäki özboluşly ornuny yzygiderli berkitmekden ybaratdyr.
    Ýurdumyzyň gazhimiýa pudagynyň buýsanjyna öwrülen Gyýanlydaky polimer zawody gurmak gudratynyň nobatdaky mysalydyr. Özbaşyna özboluşly şäherçäni ýada salyp oturan bu zawodyň ulanylmaga berlenine bary-ýogy ýedi aý boldy. Şu gysga döwrüň içinde Türkmenistan dünýäniň esasy plastmassa çig malyny öndüriji ýurtlarynyň arasyndan mynasyp orun aldy, gurmak gudratynyň täze nusgasyna öwrüldi.
    Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dürli ulgamlaryny ýa-da halkara jemgyýetçiligi gyzyklandyrýan islendik syýasaty hem diňe bir Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň ykdysady bähbitlerini göz öňünde tutman, eýsem, olarda sebitiň, yklymyň we dünýäniň bähbitleri-de, ekologiýanyňdyr daşky gurşawyň abadançylygy ugrundaky tagallalar-da öz beýanyny tapýar. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana we türkmen Lideriniň parasatly syýasatyna bolan gyzyklanmasyny, ykraryny gün geçdigiçe ýokarlandyrýar. Bu Gyýanlydaky polimer zawodynyň gurulmagy bilen baglanyşykly hem şeýle boldy.
    Zawodyň gurluşygynda, onuň işe girizilenden soňky döwürlerinde howa giňişligine goýberilýän zyýanly gazlaryň iň pes derejede bolmagy, çig mal hökmünde ulanylýan tebigy gazyň düzümindäki ähli himiki elementleriň doly derejede arassalanyp alynmagy, ekologiýa, daşky gurşawa, sebitiň haýwanat hem ösümlik dünýäsine zyýanly täsir edip biljek ýagdaýlara ýol berilmezligi hormatly Prezidentimiziň esasy talaplarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.
    2013-nji ýylyň sentýabry Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň, şeýle-de Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde taryha altyn harplar bilen ýazyljak senä öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa resmi sapary amala aşyryldy.
    Bu sapar döwletara gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak bilen birlikde, Türkmenistanyň gazhimiýa pudagyny ösdürmekde aýgytly ädime öwrüldi. Saparyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Koreýa Respublikasynyň «LG International Corp», «Hyundai Engineering», şeýle-de Ýaponiýanyň «TOYO Engineering» kompaniýalarynyň arasynda ylalaşygyň baglaşylmagy türkmen ykdysadyýetiniň täze sepgidi hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde we maýadarlarynda uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi bu ylalaşyk ýurdumyzda gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça ägirt uly maýa goýumynyň Türkmenistanyň ertirki ösüşlerine gönükdirilmegidi. Üstesine-de, şol döwürler gojaman Hazaryň kenarynda birbada üç sany ägirt uly desganyň — polimer zawodynyň, «Garabogazkarbamid» zawodynyň we Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň gurluşyklarynyň deňeçerräk ýagdaýda alnyp barylmagy, paýtagtymyzda Olimpiýa şäherçesiniň, Aşgabadyň Halkara aeroportynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ykdysadyýetiniň neneňsi gudrata eýedigini görkezýän durmuş hakykatyna öwrüldi.
    Söhbedimiziň özenini düzýän polimer zawodynyň esasy aýratynlyklarynyň biri, onuň diňe bir Merkezi Aziýada däl, bütin dünýäde bu ugurdaky ägirt uly gazhimiýa toplumy bolmagy bilen birlikde, onuň Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň we Ýewropanyň beýleki döwletleriniň öndüren ylmyň iň täze gazanan tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagydyr. 5 milliard kub metr gazdan alynýan çig mallaryň netijesinde her ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenen bu taslamanyň önümleri sebitde hem-de dünýäde uly islegden peýdalanmak bilen birlikde, ol ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem mynasyp hyzmat eder.
    Taslamanyň, esasan, dört sany tehnologik we bir sany kömekçi desgadan ybarat bolmagy onuň ygtybarlylygynyň, ekologiýa taýdan zyýansyzlygynyň, gazyň düzümini himiki elementlerden saplamakdaky özboluşly häsiýetli aýratynlygynyň alamaty bolup durýar. Bu ýerdäki gaz bölüji desga her ýylda 5 milliard kub metr gazy arassalap, böleklere bölüp, arassalanan harytlyk gazyň tas ählisini diýen ýaly Merkezi Aziýanyň baş gaz geçirijisiniň geçiriji ulgamlaryna akdyrýar.Taslamanyň şeýle oýlanyşykly işlenip taýýarlanmagy, daşary ýurtlara düzümi himiki elementlerden doly arassalanan gazy ugratmaga mümkinçilik döretmek bilen birlikde, önümçiligiň täze ugurlaryny durmuşa geçirmekde ýitginiň aradan aýrylmagyna, bökdençlikleriň öňüniň alynmagyna hem şert döredýär.
    Eýsem, bu desganyň ähmiýetli aýratynlygy nämede? Arassalanmadyk gazlar özi bilen düzümindäki himiki elementleriň ençemesini akdyrmak arkaly, birinjiden, gymmatly elementleriň senagat harytlaryna öwrülmegini bökdeýän bolsa, ikinjiden, şol elementleriň ýanmak arkaly howanyň hapalanmagyna, ekologik goraglylyga zeper ýetmegine getirýär. Esasy ýörelgesini «Döwlet adam üçindir!» diýip kesgitlän milli Liderimiziň ýurdy dolandyrmakdaky parasady, halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky tagallalary sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegine, daşky gurşawyň abadançylygynyň bagtyýar durmuşymyzyň kepili bolmagyna gönükdirilendigi üçin milli bähbitleriň yrýa edilmegine ýol bermeýär. Şonuň üçin hem polimer önümçiliginde uly güýç bolup durýan zawodyň gaz bölüji desgasy ykdysady babatda-da, ekologik howpsuzlyk babatda-da, ynsan saglygynyň goraglylygy babatda-da juda ähmiýetlidir.
    Etany gaýtadan işleýän desganyň her ýylda 685 müň tonna uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, polietilen desgasynyň ýylda 386 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen önümçiligine, polipropilen desgasynyň gürrüňi edilýän möhletde 81 müň tonna adybir önümi öndürmäge niýetlenmegi, ol türkmen ykdysadyýetine goşulýan güýjüň, kuwwatyň mukdaryny, sebit we dünýä bazarlarynyň bu önümlere bolan islegleriniň näderejede kanagatlandyrylýandygyny görkezýär.
    99 göterim arassa metany öndürýän, gazyň düzümindäki metandan agyr birleşmeleri bölüp aýyrýan gaz bölüji desganyň ähmiýetli aýratynlygy bu ýerde iň häzirki zaman, ylmyň iň täze gazanan tehnologiýalarynyň biri bolan «COREFLUX» 
tehnologiýasynyň ornaşdyrylandygydyr. Bu tehnologiýanyň ýokary netijeliligi gazyň düzümindäki harytlyk himiki elementleriň ýitgisiz alynmagyna, howa goýberilýän zyňyndy gazlaryň mümkin bolan iň pes derejä çenli azaldylmagyna mümkinçilik bermek bilen birlikde, onuň dünýä tejribesinde giň gerimde ornaşdyrylmagyna hem şert döredýär. Polietilen öndürýän desgada oturdylan iki petle görnüşli reaktorlar hem ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýar. Innowasiýanyň täze gazanany hasaplanýan bu reaktorlar dünýä belli «Ineos» kompaniýasynyň önümidir we ol dünýä tejribesinde ýokary islegden peýdalanýar. Munuň şeýledigini gürrüňi edilýän ýokary hilli önümiň TDS-niň 1097 — 2018 belgili ülňüsine laýyk gelýändiginden, şeýle-de ýokary dykyzlykly polietileniň ýedi görnüşini öndürmäge mümkinçilik berýändiginden hem görmek bolýar.
    Gazhimiýa senagatynyň täze dürdänesi bolan Gyýanlydaky polimer zawodynda — innowasion tehnologiýalaryň täze hem özboluşly şäherçesinde bolanyňda, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli zadyň, hemme serişdeleriň adama hyzmat etmäge gönükdirilendigine göz ýetirýärsiň. Daş-töweregi agaç nahallary bilen gurşalan bu önümçilik desgasynda işçileriň saglygyna zeper ýetirjek hiç bir töwekgelçilik ýok. Häzirki wagtda bu ýerde 600 töweregi adam işleýär. Önümçiligiň möçberiniň artmagy netijesinde işgärleriň sanynyň müňden geçjekdigini bu ýerde aýtdylar.
    Bu ýerde doýgun gaz doýgun däl ýagdaýa getirilýär. Polietileniň ýedi, polipropileniň bäş görnüşini öndürmäge niýetlenen tehnologiýalar toplumynyň diňe harytlyk çig mal taýýarlamaga niýetlenendigi onuň eksport mümkinçilikleriniň ýokary bolmagyna şert döredýär. Umumy meýdany 108 gektara barabar bolan polimer ojagynda gije-gündiziň dowamynda 1400 tonna polietilen, 240 tonna polipropilen öndürilýändigi-de zawodyň öndüriji kuwwatynyň ýokarydygyndan habar berýär.
    Bu ýerde ornaşdyrylan barlaghanalar türkmen polimeriniň hiliniň ýokary bolmagyny, önümçiligiň yzygiderliligini, ekologiýa we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Zawodyň barlaghanalary desgalardan gelýän suwuklyklary — taplanan we işlenen ýaglary, suwuklandyrylan piroliz benzinini, ýangyç ýagyny, güýçli, aram we gowşak aşgarlary, doýgun hem doýgun däl aminleri, taýýar däl nebitiň dykyzlygyny, önümiň şepbeşikligini, çyglylygyny, onuň ýapyk tigelde ýalynlanma nokadyny, sakgyjyny, aşgarlylygyny, tok geçirijiligini, erän gaty maddalaryny, umumy organiki uglerodlary, gazyň düzümindäki simaby barlamakda, gözegçilikde saklamakda aýratyn ähmiýete eýedir. Tehniki gözegçilik sehinde bolsa polimer önümleriniň ýokary hilli bolmagy üçin birnäçe barlaglar geçirilýär. Olara mysal edip, önümiň maýyşgaklygynyň, göwrüm dykyzlygynyň, akyjylygynyň, aklygynyň barlaglaryny görkezmek bolar. Şeýle barlaglaryň talabalaýyk geçirilmegi, innowasiýanyň täze tehnologiýalary arkaly önümiň yzygiderli gözegçilikde saklanmagyna, ahyrynda ähli babatda arassa önümiň emele gelmegine, bu önüme dünýä bazarlarynda islegiň barha artmagyna şert döredýär. Dünýäde energetika gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyzyň gazhimiýa senagatynyň bu önümleri häzirki döwürde sebitiň döwletleriniň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň we Ýewropa döwletleriniň birnäçesiniň islegli harydyna öwrüldi. Munuň şeýledigini zawodyň açylyp ulanmaga berlen gününden bäri geçen gysga döwürde logistik ýollar arkaly, «Türkmenistanda öndürildi» diýen belgi bilen ugradylan polimer önümleri hem şaýatlyk edýär...
    Zawodyň polipropilen öndürýän desgasy-da dünýä ylmynyň iň soňky gazananlary bilen doly enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde şeýle innowasiýalaryň mümkinçilikleri arkaly, ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, önümiň bäş görnüşi öndürilýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, bu önümler polimer örtügi, emeli süýüm, berk termoplastlar bilen birlikde, polimer önümleri bolan turbalar, kendir, berkligi ýokary bolan tanaplar, awtoulaglara niýetlenen dürli süzgüçler, egin-eşikler, mebeller, gaplaýyş serişdeleri we azyk önümleri taýýarlananda ulanmaga niýetlenendir.
    Zamanabap gazhimiýa toplumynyň ähli desgalarynda kompýuter arkaly dolandyryş gullugy zawodyň iň derwaýys düzümi hasaplanýar. Bu ýerde paýlaýyş ulgamy arkaly arassalaýjy desgalaryň inženerçilik bölümlerine, şeýle-de arassalanan akymlary gaýtadan peýdalanmak üçin senagatdyr durmuş akymlarynyň çeşmelerinden arassalaýyş bölümlerine hem-de ters ugur boýunça çekilen köprülerde turbageçirijilere gözegçiligiň yzygiderli amala aşyrylmagy önümçiligiň bökdençsiz ýola goýulmagyna mümkinçilik döredýär. Munuň üçin bu ugurdan ýörite bilimi bolan hem-de daşary ýurtlarda önümçilik-tejribe işlerini geçen ýaşlaryň saýlanyp alynmagy desgadaky önümçiligiň geljegi üçin oňyn çözgütdir.
    Önümçiligiň kuwwatyny artdyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredilen, polimer ojagy hökmünde ykrar edilen bu zawod gazhimiýa senagatynyň, türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine aýgytly täsirini ýetirýändigi üçinem uly ähmiýete eýedir. Gürrüňi edilýän bu zawod ýurdumyzyň gazhimiýa senagatynyň-da, innowasion ösüşiniň-de buýsanjydyr. Ol bu ugurlaryň geljekki ösüşleri üçin emele gelen taýsyz mümkinçilikdir, täze gözýetimlere ýetmek üçin ynamly badalgadyr. Bir söz bilen aýdanyňda, gurmagyň türkmen gudratydyr.