TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ SANLY WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY MEJLISI 

    19-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine seredildi. 
    Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzda milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan ulag-kommunikasiýa düzümlerini ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýol gurluşygyna, awtoulag ýollaryny abatlamaga we zerur ulanyş ýagdaýynda saklamaga, bu işleriň hukuk esaslaryny kämilleşdirmäge degişli meseleleriň çözülişi barada hasabat berildi. 
    Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu gün ulag ulgamynyň milli, sebit we halkara möçberinde durnukly ösüşiň möhüm şertleriniň hatarynda durýandygyny, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň binýatlyk ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Ählumumy gatnaşyklarda hil taýdan täze ugur bolan ulag diplomatiýasy barha pugta ornaýar, şol diplomatiýany öňe ilerledip, ýurdumyz BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň çäklerinde köptaraply giňişleýin gatnaşyklaryň başyny başlaýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn belledi.
    Türkmenistan Ýewraziýa ulag ýollarynyň strategik çatrygynda taryhy taýdan ýerleşmek bilen bu ulgamda ägirt uly kuwwata eýedir. Häzir ýurdumyz sebit we halkara ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag hem-de logistika merkezi derejesinde barha ynamly berkarar bolup, bu ugurda iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirýär. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, awtoulag ýollarynyň aýrylmaz bölegi bolan ýurdumyzyň ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagy, giňeltmegi we diwersifikasiýalaşdyrmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitläp, wise-premýere birnäçe degişli anyk tabşyryklary berdi. 
    Sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän mejlis Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän edara-kärhanalarda işleriň ýagdaýy, gözegçilik edýän pudaklarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasion ylmy-tehniki çözgütleri ornaşdyrmagyň esasynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna ünsi çekdi.
    Döwlet Baştutanymyz wise-premýere amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirmek, pudaga goşmaça serişdeleri, öňdebaryjy tehnologiýalary çekmek we dolandyryş tejribesi babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Umuman, bularyň hemmesi ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini netijeli peýdalanmaga hem-de eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
    Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iri halkara taslamalary üstünlikli amala aşyrmak boýunça ýangyç-energetika toplumynda uly işler durmuşa geçirilýär. Hazar deňzinde Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Uzynada ýatagyny özleşdirmek boýunça giň gerimli iş alnyp barylýar. Gorlary boýunça baý bolan bu ýatagy işläp taýýarlamagyň geljegi uludyr. Uzynadada ýerleşen guýy Merkezi Aziýa sebitinde iň çuň guýy hasaplanylýar. Bu ýerde degişli işleriň geçirilmegi ýakyn geljekde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek, hususan-da, Aşgabat şäherinde agyz suwuny sarp edijiler bilen hasaplaşyklary we hyzmatlary sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 
    Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmek, elektron senagatyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan bu Konsepsiýasy 2025-nji ýyla çenli amala aşyrylar. 
    Wise-premýeriň habar berşi ýaly, öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň ýanynda hasaplaşyk merkezi döredildi, bu ýerde suwy ulanýanlar hakynda maglumatlar, şol sanda salgylar, suwuň sarp edilen görkezijileri, tölegler elektron görnüşde ýerleşdirildi. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary tölegleri öýjükli telefonlar, internet ýa-da töleg terminallary arkaly geçirip bilerler. 
    Hormatly Prezidentimiz bazar giňişliginiň globallaşmagynyň hem-de maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň esasy strategik serişde hökmünde maglumatlaryň peýdalanylmagyna esaslanýandygyny belledi. Düzüme goşulan sanly, kompýuter ulgamlary — jemgyýetiň ösüşiniň hem-de halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak usulynyň möhüm şerti bolup durýar. 
    Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýetiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň täze sepgitlere çykmaga mümkinçilik berjekdigini, önümçiligiň okgunly ösüşiniň ähli pudaklaryň işiniň kämilleşdirilmegi, iň gowy dünýä tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikiri we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen üpjün ediljekdigini belledi. 
    Ähli derejelerdäki döwlet edaralarynyň dolandyryş kuwwatyny we netijeliligini güýçlendirmäge gönükdirilen Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň tapgyrlaýyn amala aşyrylmagy dürli düzümleriň we jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berer. 
    Milli Liderimiz türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, paýtagtymyzda we welaýatlarda suwdan peýdalanmagyň netijeliligini artdyrmak, şol sanda agyz suwuny öndürýän kärhanalaryň durkuny täzelemegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna artdyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň çäklerinde ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Serdar etrabynyň çäginde ýerleşýän Akýaýla diýen ýerde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi bilen balykçylyk, maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanýan degişli düzümler dörediler. Munuň özi ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm tapgyra öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde zerur ähli durmuş düzümlerini, ýokary derejeli amatlyklary özünde jemleýän häzirki zaman ýaşaýyş toplumy emele geler diýip, wise-premýer belledi hem-de Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obanyň düýbüni tutmak dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada habar berdi. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň, ulag düzümini we jemagat hojalygyny, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, kiçi telekeçiligi ösdürmegiň, welaýatlary ykdysady taýdan ösdürmegiň hereketlendirijileri hökmünde täze obasenagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudygyny belledi. 
    Milli Liderimiz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäklerini özleşdirmäge, bu ýerde miweçiligi we balykçylygy ösdürmäge ylmy taýdan çemeleşmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Kenarýaka zolakda bakjaçylyk üçin uly mümkinçilikler bar. 
    Ýaşaýyş jaýlary we beýleki durmuş maksatly desgalar bina edilende gurluşyk işleriniň, gurluşyk serişdeleriniň hiline aýratyn üns berilmelidir hem-de bu sebitiň howa şertlerine kybap gelmelidir.
    Şonuň ýaly talaplar awtoulag ýollaryna hem bildirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz ähli zatlary täze guruljak desgalary meýilleşdirmek tapgyrynda göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi. 
    Hormatly Prezidentimiz degişli taslamalaryň tehniki seljermesini hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan hemmetaraplaýyn öwrenilmelidigine ünsi çekdi. Ekologiýanyň we howpsuzlygyň ýokary ölçeglerine kybap gelýän amatly durmuş gurşawyny döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, döwlet Baştutanymyz bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. 
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasyny amala aşyrmak, döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamyň öňünde kesgitlän ilkinji derejeli wezipelerini çözmek, Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen degişli çäreleri tapgyrlaýyn ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. 
    Wise-premýer ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini höweslendirmek hem-de eksporty artdyrmak, Watanymyzyň önüm öndürijileriniň daşary bazarlara çykmagynyň çäklerini giňeltmek boýunça geçirilýän işler, bu ulgamda halkara gatnaşyklary, şol sanda telekeçilik ugurlary boýunça ýola goýulýan gatnaşyklar barada hasabat berdi. 
    Bu ugurda görülýän çäreler kärhanalary döwrebaplaşdyrmagyň iri maýa goýum önümçiliklerini, iş orunlaryny döretmegiň, senagatyň we ylmyň ýakynlaşmagynyň hasabyna türkmen önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, işewürlige hem-de maýa goýmaga has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de sanly ulgama geçirmegiň zerurdygyny belläp, ýurdumyzda ylmy önümçilige degişli harytlaryň eksportyny we ösüşini höweslendirmegiň toplumlaýyn ulgamyny, onuň innowasion düzümlerini kemala getirmek meselelerine ünsi çekdi. 
    Ýurdumyzyň söwda toplumynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy köp babatda içerki kuwwatyň bolmagy bilen kesgitlenilýär — munuň özi telekeçilige, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna, adam serişdelerine degişli mümkinçiliklerdir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de pudagy ösdürmek, şol sanda, daşary söwda ulgamynda bazar gurallaryny netijeli peýdalanmak boýunça degişli tabşyryklary berdi. 
    Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizde daşary söwda işleriniň eýeleýän möhüm ornuny belledi. Ol işler önümçilikleriň we pudaklaryň tehnologik taýdan ösüşini, ilatyň iş bilen üpjünçiligini, içerki bazaryň sarp ediş harytlary bilen doly bolmagyny üpjün edýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan şonuň ýaly önümleriň öndürilmegi bolsa diňe bir importyň umumy möçberini azaltmaga däl, eýsem, harytlaryň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we senagat eksportynyň mukdaryny artdyrmak boýunça wise-premýere görkezmeleri berdi.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we ony sanly ulgama geçirmek boýunça amala aşyrylýan strategik özgertmeler babatda intellektual ulgamlary hem-de iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglylykda, ylym we bilim ulgamlarynyň işi barada hasabat berdi. 
    Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji aprelde geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ähli derejedäki ýolbaşçylar üçin ýörite okuwlary guramak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. 
    Şu maksat bilen gysga möhletli okuwlaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Okuwlar sanly ykdysadyýet boýunça bilimi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir hem-de sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri, pudaklaryň ösüşine we durmuş ulgamyna täsiri barada umumy düşünjelerini artdyrmaga ýardam etmelidir. 
    Okuw meýilnamasyna «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmagyň ugurlary we tapgyrlary, sanly ykdysadyýete geçmegiň hukuk üpjünçiligi, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamy, maglumat howpsuzlygy we beýleki mowzuklar girizildi. Okuwlaryň ilkinji tapgyryna 2019-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlamak meýilleşdirilýär. 
    Hormatly Prezidentimiz sanly ykdysadyýetiň işgärleri taýýarlamagyň täze derejesini talap edýändigini aýdyp, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesine daýanmagyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzda gurlan hem-de gurluşygy dowam edýän döwrebap senagat kärhanalaryna, döredilýän täze pudaklara sanly tehnologiýalary özleşdiren ýokary hünärli hünärmenleriň zerurdygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda, hünär taýýarlygynyň tutuş ulgamyny kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. 
    Hormatly Prezidentimiz islendik milli taslamanyň, döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň kämil işgärleri, şeýle-de dolandyryş ulgamyny talap edýändigini nygtap, Döwlet gullugy akademiýasynda sanly ykdysadyýetiň esaslary boýunça okuwlaryň guralmagynyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere sanly özgertmeler boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegini, şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler, döredijilik we baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli üns we goldaw berýändigi netijesinde medeniýet ulgamynyň okgunly ösüşine kuwwatly itergi berilýändigini aýtdy. 
    Bellenilişi ýaly, öňümizdäki baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde konsertler, edebi-sazly çykyşlar, ylmy-amaly maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler we sergiler, sirk çykyşlary, sahna oýunlary we beýleki çäreler geçiriler. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, döredijilik ulgamynyň hünärmenlerini taýýarlamagyň, şu maksatlar bilen, halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ulanmagyň hem-de tejribe alyşmagyň möhümdigine ünsi çekdi. 
    Hormatly Prezidentimiz milli medeni mirasymyzy, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini wagyz etmekde hem-de türkmenistanlylary ahlak we ruhy taýdan terbiýelemekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny hem-de döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, olaryň işini döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns bermegi talap etdi. Öňümizdäki baýramçylyk çäreleriniň ählisiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda wise-premýere aýratyn tabşyryklar berildi. 
    Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmegiň meýilnamasy barada hasabat berdi.
    Şu günler welaýatlarda gowaça ekişi dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaýa ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri amala aşyrylýar. 
    Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň çäklerinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahaty hem-de ýöriteleşdirilen halkara sergi-ýarmarkasy, uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, bedewleriň päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşigi, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşlar, däp bolan at çapyşyklary guralar. Iň owadan ahalteke bedewini saýlamak ugrunda geçirilen bäsleşigiň netijeleri jemlener. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýagşyň köp ýagmagy bilen, ýurdumyzyň ähli ýerinde diýen ýaly şu ýyl meýdan otlarynyň bol bolandygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz häzir bu otlary orup, belli bir ýerlerde basyp goýmak barada birnäçe tabşyryklary berdi. 
    Döwlet Baştutanymyz yssy günleriň hem uzakda däldigini aýdyp, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň doly we pugta berjaý edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak baradaky döwlet toparynyň başlygy M.Çakyýewe we içeri işler ministri I.Mulikowa anyk tabşyryklary berdi.
    Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin örän oňat taýýarlanylmalydyr. 
    Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda geçirilýän ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň, halkara maslahatlaryň halkymyzyň iň oňat atçylyk däpleriniň ösdürilmegine, atçylyk we atçylyk sport mekdebiniň halkara atçylyk ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratynyň has-da artdyrylmagyna ýardam berýändigini aýtdy.
    Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça hasabat berdi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 
    Bu gatnaşyklar yzygiderli we uzak möhletli esasda ösdürilip, soňky 12 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň Hökümeti BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde dürli ugurlar boýunça anyk maksatly taslamalaryň 368-sini durmuşa geçirdi. Şolaryň arasynda 218 taslama BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen bilelikde amala aşyryldy.
    Taslamalaryň ählisi Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda her 5 ýyl üçin kabul edilýän hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçirildi. 
    Häzirki wagtda amala aşyrylýan 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Çarçuwaly Maksatnama esaslanyp, ýyllyk Hereketler meýilnamalary tassyklanylýar. Şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, Halkara Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy we bu guramanyň beýleki düzüm birlikleri bilen bilelikde milli derejede strategik ugurlar boýunça dürli taslamalar amala aşyrylýar.
    Şolaryň arasynda howpsuzlygy we parahatçylygy berkitmek, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly taslamalar esasy orun eýeleýär. Şolar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi, Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirligi we Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen bilelikde amala aşyrylýar.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu düzümler bilen gatnaşyklara Türkmenistanyň umumydünýä meselelerini çözmäge goşandyny ýokarlandyrmak babatda uly ähmiýet berýär. 
    Durnukly ösüşi gazanmak, ileri tutulýan ykdysady, durmuş, hukuk, ekologiýa we beýleki degişli meseleleri çözmäge gönükdirilen taslamalara hem möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti döretmäge, maglumat we statistika ulgamyny kämilleşdirmäge, durnukly ösüşi seljermegiň gurallaryny ösdürmäge, energiýa serişdelerini rejeli ulanmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak boýunça çärelere, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly wezipeleri çözmäge uly üns berilýär. 
    BMG bilen hyzmatdaşlykda durmuş-ykdysady ulgamda amala aşyrylýan taslamalaryň Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ornaşdyrmaga gönükdirilendigi bellenildi. 4 ýylyň dowamynda bilelikdäki işiň jemini jemläp, 2019-njy ýylyň 16 — 18-nji iýuly aralygynda Nýu-Ýork şäherinde Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň howandarlygynda geçiriljek Syýasy Forumda Meýletin milli syny dünýä jemgyýetçiligine hödürlemek göz öňünde tutulýar. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän strategiýasyna laýyklykda, ynsanperwer ulgamda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak hem BMG bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol taslamalar bolsa saglygy goraýyş, bilim we ylym ulgamlaryny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň esaslaryny pugtalandyrmaga, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmäge, gender deňligine, durmuş taýdan goraglylygy berkitmäge, ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge ýardam etmelidir. 
    Bellenilişi ýaly, golaýda Türkmenistanyň degişli düzümleriniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň Iş meýilnamalary tassyklanyldy we olara gol çekildi. Şol meýilnamalara laýyklykda, şu ýylyň dowamynda dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. 
    Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek boýunça taslama döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Bu taslama Birleşen Milletler Guramasy bilen 2016 — 2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde işlenilip taýýarlanyldy. 
    Taslamanyň esasy maksady ýurdumyzyň söwda ulgamynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysady ösüşiň möhüm ýagdaýy hökmünde adam maýasyny ösdürmek, eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak bilen onuň düzüminde goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň paýyny artdyrmak, importyň paýyny azaltmak üçin şertleri döretmekden ybaratdyr.
    Şunuň bilen baglylykda, bellenilen çäreler hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny maksat edinýän söwda syýasatyny amala aşyrmaga, görnüşleri giňeltmegiň, önümleriň hilini we tehnologik derejesini artdyrmagyň hasabyna eksporta degişli ugry ileri tutulýan derejede ösdürmäge, täze bazarlary özleşdirmäge gönükdirilendir. 
    Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Bitarap Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürjekdigini nygtady. BMG-niň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk edilmegi däp bolan bu gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetine şaýatlyk edýär. Şol edaralar bilen dürli pudaklarda birnäçe taslamalar we maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşup, BMG-niň dürli degişli düzümlerinde işlerini işjeň amala aşyrýar.
    Türkmenistan netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen anyk başlangyçlary öňe sürüp, özüniň baý parahatçylyk döredijilikli kuwwatyny umumy bähbitlere sarp etmäge gönükdirmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň milli, sebit we dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek işinde Birleşen Milletler Guramasy bilen giň köptaraply hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny tassyklady. 
    Döwlet Baştutanymyz BMGÖM bilen bilelikde işlenilip taýýarlanylan ýurdumyzyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek boýunça taslamanyň üstünde durup geçip, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň gurallaryny kämilleşdirmek, maýa goýumlary we nou-haulary çekmek boýunça görkezmeleri berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň söwda syýasaty beýleki pudaklardaky özgertmeler bilen bir hatarda, ýurdumyzy ösdürmegiň umumy nukdaýnazaryndan ugur alnyp kemala getirilmelidir hem-de milli durmuş-ykdysady strategiýasyny amala aşyrmagyň aýrylmaz bölegi bolmalydyr.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dünýäniň hojalyk, söwda aragatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagynda halkara maliýe-ykdysady düzümler, şol sanda BMG-niň degişli edaralary bilen özara gatnaşyklaryň uly ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurda işleriň mundan beýläk-de öňe ilerledilmegi üçin möhüm meseleleriň toplumyny kesgitledi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemlemek bilen, hökümet agzalarynyň ünsüni öňde bolýan wajyp wezipelere çekdi. Döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň taryhynda hem-de durmuşynda aýratyn ornunyň bardygyny, dünýäde behişdi bedewlerimiziň at-abraýynyň belent derejä çykandygyny belläp, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 
    Hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy wakalara baýdygyny belledi. Şu ýyl Türkmenistan GDA hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi, şeýle hem ýurdumyzyň öňe süren halkara başlangyçlary goldamaga bagyşlanan çäreleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. 
    Şeýle hem döwlet Baştutanymyz awgust aýynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçiriljek 1-nji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetini belläp, bu jogapkärli halkara çärä häzirden ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. 
    Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüş meýillerini öz wagtynda çaklamak, halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek bilen bagly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy. 
    Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.