Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabara

    Her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Berkararlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Behişdi bedewler – halkymyzyň göwün ganaty» şygary astynda dabaraly maslahat geçirildi. «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda geçirilen dabaraly maslahata ýurdumyzyň belli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlar, «Galkynyş» at üstündäki oýunlar toparynyň türgenleri gatnaşdylar.
    Dabarada hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen atçylyk pudagynda ýetilýän belent sepgitler, bu pudakda ylmyň gazananlary, at çapyşyklarda aýlawlary baglan  ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlygy baradaky çykyşlar örän täsirli boldy. Dabaraly maslahatyň dowamynda ýyndamlygy, gözelligi bilen dünýäni haýrana goýýan gamyşgulak bedewlerimizi wasp edýän aýdym-sazlar, Watanymyzy rowaçlyklara besleýän mähriban Arkadagymyza alkyşly sözler belentden ýaňlandy. 
    Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyna degişli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärlere, hünärmenlere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary gowşuryldy.