Buz üstündäki ussatlar

    Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Hokkeý federasiýasynyň bilelikde guramagynda hokkeý boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Oňa hokkeý toparlarynyň 10-a golaýy gatnaşyp, toparlara bölünip bäsleşdiler. 
    Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Galkan» gyş sport merkezinde çempionata gatnaşyjy toparlaryň arasynda guralan duşuşyklar çekeleşikli geçdi. Onda garşydaşlaryndan üstün çykmak üçin yhlasyny gaýgyrmaýan toparlaryň her biriniň maksady ýurdumyzyň çempionatynda birinji orny eýelemek bolup durýar. Çempionatyň dowamyndaky duşuşyklaryň netijesine laýyklykda, Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary birinji orny eýeläp, ýurdumyzyň çempiony bolmagy başardy. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli «Şir» hokkeý topary çempionatda ikinji orny, Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň «Watançy» hokkeý topary üçünji orny eýelemegi başardy. 
    «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly mynasybetli geçirilen çempionatyň ahyrynda ýeňiji toparlara guraýjylar tarapyndan medallardyr Hormat hatlary gowşuryldy. 
    Häzirki wagtda hokkeý boýunça milli ýygyndymyzyň türgenleri şu ýylyň 22 — 28-nji apreli aralygynda Bolgariýa Respublikasynyň Sofiýa şäherinde bolup, ol ýerde geçirilýän Dünýä çempionatynyň III diwizionyna gatnaşar. Şu günler olar bu çempionata ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Ýygyndymyz dünýä çempionatynyň III diwizionynda esasy Lýuksemburgyň, Türkiýäniň, Günorta Afrikanyň, Taýpeýiň, şeýle-de ýer eýeleri bolan Bolgariýanyň milli ýygyndylary bilen duşuşar.