«Altyn asyr» 2 minutda bir utuk gazandy

    17-nji aprelde paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň Merkezi zolagynyň («D» toparça) duşuşygy geçirildi. Toparçalaýyn bölegiň ikinji tapgyrynyň çägindäki duşuşykda ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr» Täjigistanyň «Istiklol» toparyny kabul etdi.
    Bassyr üç ýyl bir toparçada ýaryşyp gelýän Türkmenistanyň we Täjigistanyň çempionlarynyň, geçen ýyllarda bolşy ýaly, şu ýyl hem toparçadaky iň güýçli wekiller hasaplanýandygyny aýtmak gerek. Galyberse-de, yklym ýaryşynyň soňky iki ýylynyň finalçysy hem Merkezi zolakdan — «D» toparçadan çykdy. 2017-nji ýylda «Istiklol» finala çenli baryp ýeten bolsa, geçen ýyl ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr» toparynyň üstünligini gaýtalady. Şonuň üçin Aşgabatda bolan duşuşyga diňe bir «D» toparçada däl-de, tutuş ýaryş boýunça uly ünsüň gönükdirilendigini bellemek gerek. Mundan ozal biri-biri bilen dört gezek duşuşan «Altyn asyrdyr» «Istiklolyň» bäşinji duşuşygynyň netijesi bary-ýogy iki minutda çözüldi. Ýöne şol iki minutda «Köpetdag» stadionyna ýygnanan janköýerler 79 minut garaşmaly boldular. Bu ýagdaý nähili bolup geçdi?
    Güýçleri deňeçer bolansoň, toparlaryň ikisine-de öňe saýlanmak başartmady. Hatda duşuşygyň birinji ýarymynda hasap hem açylmady. Bu deňlik esasy wagtyň tamamlanmagyna 11 minut galýança dowam etdi. 79-njy minutda «Altyn asyryň» goragçylarynyň duşuşygyň tutuş dowamyndaky dartgynlylykdan ýaňa goýberen sähelçe säwliginden myhman topardan Şeriddin Boboýew dürs peýdalanyp, hasaby açdy. Ýöne «Istiklolyň» futbolçylary oýundaky üstünligi bary-ýogy ýekeje minut saklap bildiler. Geçirilen pökgüden soňra oýny bada-bat başlan futbolçylarymyz çep gyradan guralan hüjümde pökgini myhman toparyň jerime meýdançasyna, ol ýerdenem derwezä dürs gönükdirip, hasaby deňlediler. «Altyn asyrdan» ýarym goragçy Selim Nurmyradow tapawutlandy. Duşuşygyň galan minutlarynda howply pursatlaryň ýene-de birnäçesi dörän hem bolsa, hasaby artdyrmak toparlaryň hiç birine-de başartmady. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.
    «D» toparçadaky beýleki duşuşyk Täjigistanyň Hujand şäherinde geçirildi. Onda şäheriň adybir topary Gyrgyz Respublikasynyň çempiony «Dordoýdan» 3:1 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, AFK-nyň kubogy — 2019-da geçiren iki duşuşygynda 2 utuk toplan «Altyn asyr», häzirlikçe, üçünji orunda. Ýöne garşydaşlar hem juda öňde däl. «Istiklolda» 4, «Hujandda» 3 utuk bar. «Dordoý» bolsa 1 utuk bilen toparçada ahyrky orny eýeleýär.
    «Altyn asyr» yklym ýaryşyndaky indiki duşuşygyny 30-njy aprelde Täjigistanda «Hujand» bilen geçirer.