TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝHHG-niň BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

    16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Tomas Greminger bilen duşuşdy. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygyna gabatlanylan çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi. 
    Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, öz ýolbaşçylyk edýän düzüminiň döredijilikli, öňdengörüjilikli syýasaty durmuşa geçirýän, sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ÝHHG bilen netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar hil taýdan täze ösüşe eýe boldy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, köpugurly gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigini nygtap, jenap Tomas Gremingere bu hyzmatdaşlygy ilerletmäge işjeň ýardam edýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol gatnaşyklar bolsa umumy dünýä ösüşine oňyn täsirini ýetirmelidir. 
    Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alşyldy. Bu hyzmatdaşlygyň özara başlangyçlara hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça çärelere esaslanmak bilen, halkara giňişlikde tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň aýdyň mysaly bolup durýandygy bellenildi. 
    Ýewraziýa giňişliginde täze halkara ulag ýollaryny döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Munuň özi dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak häsiýeti bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gatnaşyklarda hil taýdan täze ugruň — ulag diplomatiýasynyň berkarar bolýandygy nygtaldy. Ýurdumyz şol diplomatiýany döredijileriň biridir. Türkmenistan BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde şu mesele boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň başyny başlady. 
    Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de ÝHHG-niň ýolbaşçysy türkmen deňiz flotunyň hem-de tutuş degişli düzümiň strategik ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu taslamanyň ekologiýa meselesine ünsi çekdi. Ol howpsuzlygyň ýokary talaplaryna hem-de standartlaryna doly laýyk gelýär. 
    Döwlet Baştutanymyz täze Türkmenbaşy deňiz portunyň hereket etmeginiň sebitdäki hem-de onuň çäklerinden daşardaky ýagdaýa oňyn täsir etjekdigine, wajyp meseleleriň ençemesi boýunça Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyna ýardam etjekdigine, özara ynanyşmak hem-de bähbitleriň sazlaşygy ýörelgeleri esasynda yklymlaýyn döwletara gatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylyk berjekdigine ynam bildirdi. 
    Hormatly Prezidentimiz çäk taýdan örän amatly ýerleşýän ýurdumyzyň ägirt uly üstaşyr kuwwatyna eýedigini nygtady. Döwletimiz şol kuwwatdan doly peýdalanmaga çalyşýar. Halkara geçelgeleri döretmek boýunça iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň gaýragoýulmasyz wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, milli Liderimiz belledi. 
    Şunuň bilen baglylykda, «Lazurit» (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) multimodal ulag-üstaşyr geçelgesiniň, şeýle hem Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeldýän ýurdumyzyň ulag düzüminiň artýan kuwwatynyň ägirt uly ähmiýeti nygtaldy. 
    Ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde energiýa howpsuzlygyny hem-de energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli ulanmak hem-de Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri hökmünde görkezildi. Türkmenistan şu geçen ýyllaryň dowamynda Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegine saldamly goşant goşup gelýär. 
    Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Baş sekretarynyň pikirine görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak baradaky Karary, TOPH halkara gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, «Lazurit» geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Serhetabat — Turgundy demir ýoly aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi diňe bir taslama gatnaşyjylara däl, eýsem, sebitiň ähli ýurtlaryna ykdysady taýdan peýda getirer. 
    Milli Liderimiz we myhman ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym we bilim ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurduň ähli raýatlarynyň deňhukuklylygy hem-de abadançylygy onuň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň üstünliginiň girewi bolup durýar. Konstitusiýanyň we degişli Kanunyň esasynda Adalatçynyň — adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesiniň döredilendigi bellenildi. 
    Serhetýaka jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, ekstremizm we radikalizm howpuna garşy göreşmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň baştutany ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini nygtady. Şol üstünlikler bolsa terrorçylyga garşy göreşmekde dünýä bileleşigi hem-de abraýly düzümler üçin aýratyn gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň tejribesi şeýle transmilli howplaryň öňüni almak we olara garşy durmak boýunça halkara tejribäni kämilleşdirmäge ýardam edip biler diýip, Tomas Greminger aýtdy. 
    Ýokary wezipeli myhman netijeli hyzmatdaşlyk üçin açyk bolan ýurdumyzyň garaýyşlaryna, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly üstünliklerine ýokary baha berip, ÝHHG-niň Türkmenistan bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga bil baglaýandygyny aýtdy. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara hormat goýmak, netijeli we uzak möhletleýin ýörelgeler esasynda guralýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 
    Duşuşyga ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd gatnaşdy.