Türkmen energiýasy dünýä ýaýraýar

    Energiýa — güýç diýmek!
    Dünýäniň ilatynyň ýokary depginde artmagy, şäherleşmegi, senagatlaşmagy we tehnologiýalaryň adamzadyň durmuşyndaky ornunyň barha ýokarlanmagy netijesinde energiýa bolan talap gitdigiçe artýar. Zeminiň ösen çagynda ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen ähli enjamlar diýen ýaly energiýa mätäç. Kompýuterler, telewizorlar, ulaglar we şuňa meňzeş ençeme tehnikalar haçanda olary energiýa bilen üpjün eden halatymyzda biziň hyzmatymyzda bolýar. Şonsuz olaryň barlygynyň manysam ýok. Eýsem, ynsan ogluny özüne şu derejede garaşly eden, energiýa aslynda näme? Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, bu düşünjä hemmetaraplaýyn, takyk kesgitleme bermek fizika ylmynyň iň kyn meseleleriniň biri. Ýönekeý dilde düşündirsek, energiýa töweregimizde bolup geçýän ähli hereketleriň ýüze çykmagyna mümkinçilik berýän güýç. Ynsanlardyr ulaglaryň hereket edip bilmeginiň, ojagymyzyň ýylap, kärhanalarymyzyň önüm öndürmeginiň, gülleriň açylyp, güneşiň Älemi ýagtyltmagynyň sebäbi energiýadyr. 
    Bir söz bilen aýdanymyzda, energiýa — güýç diýmek. Dünýäniň senagat taýdan barha ösýän döwründe, döwletler ösüşini dowam etdirmek üçin maddy energiýa mätäç. Şeýle bolansoň, döwletleriň içerki syýasatynda-da, halkara meselelerde-de energetika esasy orny eýeleýär. Bellemeli wajyp zatlaryň biri-de tebigy energiýa çeşmeleriniň Ýer ýüzüne endigan paýlanmandygy. Şu sebäpden energiýanyň ummasyz gorlaryna eýe bolan döwletler, şol sanda biziň Watanymyz hem bu babatda nesibeli. Ýöne haçanda şol humly hazynanyň üstüni açyp, ony ulanyp bilen halatyňda nepiniň degýändigini-de bellemeli. Şu babatda, bir zada ünsüňizi çekesimiz gelýär. Milli Liderimiziň ýurt baştutanlygyna saýlanmagy bilen dilimize öň eşidip görmedik bir sözümiz aralaşdy: diwersifikasiýalaşdyrmak. Bu sözi ýadyrgap, onuň manysy bilen gyzyklananymyzda, mugallymyň bu sözi nebitgaz ulgamyndaky syýasatyň mysalynda düşündireni häzirki ýaly ýadymda. Ýagny diwersifikasiýalaşdyrmak diýlende önüm öndürmek, söwda-satyk etmek ýaly meseleleriň dürli ugurlar boýunça ýola goýulmagynyň göz öňünde tutulýandygy aňladylýan eken. Hut milli Liderimiziň tagallalary bilen indi türkmen gazy dünýäniň çar künjüne ýylylyk paýlaýar.  

    TOPH — sebit ähmiýetli taslama
    Soňky ýyllarda amala aşyrylan giň gerimli maýa goýum taslamalarymyza, hususan-da, Hytaýa we Eýrana täze gaz geçirijileriň gurulmagyna, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ýerine ýetirilýän gurluşygyna berkarar döwletimiziň halkara energetika hyzmatdaşlygyna goşan hakyky goşandy hökmünde garamak bolar. Munuň özi Merkezi Aziýa sebitiniň umumy ýagdaýyna we ösüşine oňyn täsir edýär, ony dünýä ähmiýetli energetika merkezleriniň birine öwürýär.
    TOPH taslamasy — Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky möhüm ädim bolup, milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, onuň kuwwatyny artdyrmak, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygynyň üpjün edilmegi bilen dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ugratmagyň ösen ulgamyny döretmek onuň esasy ugurlary bolup durýar.
    Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna, ýagny owgan böleginiň gurluşygyna badalga bermek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň şol dabarada belleýşi ýaly: «Uzynlygy 1840 kilometre ýetiriljek gaz geçiriji doly ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik berer». Munuň özi tutuş sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösmegi, durmuş-ykdysady taýdan galkynmagy diýmek! Bu töwerekleriň energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegi diýmek! 
    Soňky ýyllarda Watanymyzyň barha rowaçlanýan energetika syýasatynyň netijesinde, türkmen tebigy gazynyň hyrydarlary artýar. «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmäge 8 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýumlarynyň gönükdirilmeginiň özi-de, häzirki döwürde türkmen energiýasyna bildirilýän ýokary talapdan nyşan. Aslynda, bilermenleriň aýtmaklaryna görä, häzirki wagtda dünýä energetika bazarlarynda tebigy gaz öz ornuny has-da pugtalandyrýar. Munuňam özüne ýetik sebäpleri bar. Beýleki energiýa serişdelerine garanyňda tebigy gazyň himiki düzüminiň ýönekeýligi sebäpli ýanyşy ýeňil we doly görnüşe eýe. Ýanyşy iň aňsat we ýylylyk berimliligi iň ýokary bolan ýangyç. Bu aýratynlygy boýunça ulanylyşy ýeňil we bahasy amatly. Düzümindäki atmosfera we ynsan saglygyna zyýanly maddalary taýdan beýleki gaty ýangyçlara garanyňda üçden bir, suwuk ýangyçlardan bolsa iki esse arassa. Şeýle bolansoň, soňky döwürlerde tebigy gazdan elektrik energiýasyny öndürmek hem giň gerime eýe boldy.

    Energetika ösüş ýolunda
    Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşi ýurdumyzyň energetikasynyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyny talap edýär. Şol talaby ödemek maksady bilen soňky ýyllarda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda turbinaly elektrik beketleriniň, şunuň bilen birlikde paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasy guruldy, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik hem-de yşyklandyryş ulgamlary täzelenilýär. 
    Aslynda, bu pudakda gazanylan üstünlikleriň derejesini ölçemek üçin diňe geçen ýylda amal edilen we düýbi tutulan taslamalaryň käbirini aňyňda aýlamagyň özi-de ýeterlik. Ýadyňyzda bolsa, umumy kuwwaty 1574 megawata barabar bolan Mary DES-i bilen utgaşykly dolanyşyk esasynda işleýän bug-gaz elektrik bekediniň işe girizilmegi geçen ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy. Bu ýerde dünýäde meşhur «General Electric» amerikan kompaniýasynyň 4 gaz we 2 bug turbinalary ornaşdyryldy. Iki görnüşli desgalaryň utgaşdyrylmagy goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.
    «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Lebap welaýatynda ýene-de bir iri maýa goýum taslamasyna — Çärjew etrabynda gaz turbinaly elektrik bekediniň gurluşygyna badalga berildi. Elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megawata barabar bolan gaz turbinaly desgalaryň üçüsini ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
    Bu ulgamda geçirilýän giň gerimli işler diňe bir ýurdumyzda her ýyl gurulýan iri senagat toplumlaryny we köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmän, eýsem, elektrik energiýasyny goňşy döwletlere hem ibermäge mümkinçilik berýär. Ýekeje mysal: Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat elektrik geçirijileri. Şol ulgamlar goňşy döwletiň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi. 
    2018-nji ýylyň tomsunda geçirijilik kuwwaty sagatda 100 megawata barabar bolan Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Şonuň bilen birlikde, türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy. Bu taslamany amala aşyrmak üçin ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Şonuň çäklerinde, hünärmenlerimiz elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesini, şol sanda elektrik bekedini hem-de umumy uzynlygy 112 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgamy gurdular.
    Geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi. Hususan-da, bu resminamada täze elektrik geçiriji ulgamy boýunça Owganystana iberiljek elektrik energiýasynyň mukdary kesgitlenildi. Şoňa laýyklykda, Hyradyň we Kandagaryň her birine 300 megawat elektrik energiýasy iberiler.
    2018-nji ýylda Aziýanyň ösüş banky bilen gol çekilen ylalaşyk ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagyna, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny giňeltmäge ýardam eder. Şol ylalaşyk Ahal — Balkan hem-de Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmäge degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan (TÖTOP) halkara taslamasynyň çäklerinde türkmen elektrik energiýasynyň iberilýän mukdaryny ep-esli artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde möhüm orny eýeleýändigini aýratyn nygtamalydyrys. 
                                                                                ***
    «Ojagyňda ot öçmesin!». Bu — türkmeniň öňde-soňda esasy arzuwy. Bu gün biz hormatly Prezidentimiziň şol arzuwy bütindünýä derejesinde wysal edýändigine şaýat bolýarys.