TÜRKMENISTAN — KOREÝA RESPUBLIKASY: netijeli hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

    Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek bilen baglydyr. Häzir Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy barha giňeýär we hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. Iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy. 2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýanyň, 2013-nji ýylda bolsa Seulda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy iki dostlukly döwletiň diplomatik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ädimleriň biri boldy. 
    Türkmen-koreý gatnaşyklary deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek hem-de ösüşiň hatyrasyna bähbitleri ileri tutmak ýörelgelerine esaslanmak bilen, geljegi uly ugurlara gönükdirilendir. 

    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berip, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýokary tehnologiýaly senagat, ulag-aragatnaşyk, ylym we medeniýet, sport ýaly ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi üns merkezinde saklaýar. 
    Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ygtybarly esasy hökmünde iň ýokary derejedäki döwletara saparlara aýratyn uly orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň 2008-nji ýylyň 5 — 7-nji noýabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 11 — 14-nji aprelinde Koreýa Respublikasynda döwlet saparynda bolmagy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini has-da berkitdi. Dostlukly we özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen netijeli gepleşiklerde döwletara gatnaşyklaryň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek hem-de söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň strategik ugurlary kesgitlenildi. Olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin dürli derejedäki duşuşyklarda iki döwletiň bähbitlerine doly jogap berýän we anyk maksatlara gönükdirilen bilelikdäki iri möçberli taslamalar ara alnyp maslahatlaşylýar hem-de anyk teklipler işlenilip taýýarlanylýar. 
    2015-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Forumyň münberinden çykyş etmek bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň üýtgewsiz garaýyşlaryny we oňyn başlangyçlaryny, hususan-da, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça tekliplerini aýan edipdi. Bu halkara maslahata 80-den gowrak hökümet wekiliýetleri we köp sanly halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
    2018-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Koreýa Respublikasynyň parlamentiniň Koreýa — Türkmenistan parlament dostluk toparynyň Prezidenti Park De Çuluň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Respublikasynyň parlamentiniň wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary görkezijileri bellenilip, taraplar parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Mundan başga-da, taraplar ýaragsyzlandyrmak, köpçülikleýin heläkçilige getiriji ýaraglary ýaýratmaga garşy göreşmekde we ýadro ýaragyndan azat zolaklary döretmek boýunça bilelikdäki tagallalary bellediler. 
    Koreý tarapynyň çakylygy boýunça 2018-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde saparda boldy. Bu saparyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen gepleşikler geçirildi. Gepleşiklerde syýasy gatnaşyklary berkitmegiň, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garalyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2018 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi. 
    2018-nji ýylyň 6 — 7-nji noýabry aralygynda Seul şäherinde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde «Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa» atly 11-nji mejlis geçirildi. Forumyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurtlaryň işewürleriniň arasynda gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak hem-de bilelikdäki taslamalara goldaw bermek ýaly meselelere garaldy.
    Türkmenistan we Koreýa dünýä syýasatynyň we ykdysadyýetiniň derwaýys ugurlary boýunça, aýratyn hem parahatçylyk we durnukly ösüş babatynda özara gabat gelýän garaýyşlara eýerýär. Munuň özi birek-biregi goldamak bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasyny emele getirýär. 
    Iki döwletiň arasyndaky ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ýaly iri pudaklarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň geljegi uly bolan ýokary tehnologiýaly innowasion ugurlarynyň binýadyny goýmakda hem uly mümkinçilikler bardyr. Dokma we himiýa senagaty, şäher gurluşygy, ýol-gatnaw düzümi şeýle ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Bu babatdaky mümkinçilikleriň işe girizilmegi, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberleriniň ýokarlanmagyny we onuň düzüminiň kämilleşdirilmegini şertlendirýär. 
    Eýýäm birnäçe ýylyň dowamynda Koreýanyň iri kompaniýalary türkmen ykdysadyýetiniň dürli ulgamlaryny özgertmekde üstünlikli işleýärler. Olaryň gatnaşýan iri taslamalarynyň hatarynda “Galkynyş” käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça zawodyň gurluşygy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň gurulmagy bardyr. Şeýle-de, bilelikdäki taslamalaryň hatarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň ikinji tapgyryny, tebigy gazdan suwuk ýangyjy almagyň önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygyny, metallurgiýa zawodynyň gurluşygyny we beýlekileri görkezmek bolar.
    Türkmenistanda ulanylýan jemgyýetçilik awtobuslarynyň we ýeňil ulaglaryň aglabasy koreý ulag önümçiligine degişlidir. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk özüniň netijeliligini görkezdi we döwletleriň ikisi-de ony uzakmöhletleýin esasda dowam etmäge gyzyklanma bildirýär.
    Häzir düýpli özgertmeler ýoluna ynamly gadam goýan Türkmenistan üçin Koreýa Respublikasynyň ýokary tehnologiýalar babatdaky tejribesi we gazananlary has-da wajyp bolup durýar. Ýurdumyz geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde, aýratyn-da, Gün energiýasyny peýdalanmak babatda ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmeginde koreýaly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklara uly ynam bildirýär.
    Şunuň bilen baglylykda, bu işlere kiçi we orta telekeçiligiň işjeň çekilmegi, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ikitaraplaýyn işewürlik maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. 
    Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň mejlislerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy olaryň netijeli çözgüdini şertlendirýär. 2015-nji ýylyň 10-njy aprelinde Seul şäherinde söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda geljegi uly bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary barada pikir alşyldy. Bu toparyň 2017-nji ýylyň 6-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen mejlisinde söwda-ykdysady we maliýe ulgamyny standartlaşdyrmak, dolandyryş ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümetara türkmen-koreý toparynyň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda Seul şäherinde bolan söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň 7-nji mejlisinde ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alşyldy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli ugurlaryna seredildi. 
    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasy bilen ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. Bu babatda Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça agentliginiň bilim ulgamyndaky alyp barýan işleri we köpýyllyk tejribesi aýratyn bellärliklidir. Agentligiň guraýan okuwlarynda Türkmenistanyň wekilleri hem hünär taýýarlygyny ýokarlandyrýarlar. Okuwlaryň dowamyndaky sagdyn durmuş, ekologiýa, tebigaty goramak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryň we usullaryň ulanylyşyna degişli tejribeler aýratyn ähmiýete eýedir.
    Bilim ulgamyndaky esasy bellemeli zatlaryň biri hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2008-nji ýyldan bäri koreý dili bölüminiň hereket edip, bu ugurda birnäçe hünärmenleriň taýýarlanylmagydyr. Munuň özi türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde bolşy ýaly, Türkmenistanyň täze, döwrebaplaşdyrylan bilim ulgamynyň kemala gelmeginde hem uly ähmiýete eýedir. 
    Türkmen-koreý gatnaşyklarynda medeni hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Soňky ýyllarda Türkmenistanda Koreýanyň Medeniýet günleri we Koreýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri, ýurdumyzda bu dostlukly ýurduň tans toparlarynyň çykyşlary yzygiderli geçirilýär. Iki döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň ählisinde medeni-ynsanperwer ulgamdaky, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport hem-de syýahatçylyk ugurlaryndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň derwaýyslygy aýratyn nygtalýar. 
    2018-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly XII kitap sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň koreý dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilmegi iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
    Şeýlelikde, Koreýanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmekde möhüm ädimleriň biri bolar we dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny açar.
                                                                                    Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.