Gül keşbiň ýaraşar güllere, bedew!

    Geçen şenbe güni eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi. Milli buýsanja we gymmatlyga öwrülen ahalteke bedewlerine biziň şu günlerimizde hem çäksiz sarpa goýulýandygyny, ýurdumyzda atçylyk sportuna uly ähmiýet berilýändigini şol günki dabaralar aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Şol gün paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky atçylyk sport toplumlarynyň çäginde ýaýbaňlandyrylan tomaşalar köpöwüşginliligi bilen alamatlandy. Ýazky at çapyşygy möwsümine badalga berilmeginiň şanyna geçirilen dabaralara hakyky toý ruhubelentligi mahsus boldy.
    Aşgabadyň atçylyk toplumy günüň saba-säherinde köp adamly boldy. Ýörite toý meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan dürli mazmunly sergiler, döwrümiziň belent waspy bolup ýaňlanan hoş owazly aýdym-sazlar, joşgunly halk döredijilik çykyşlary ildeşlerimize juda ýakymly duýgulary peşgeş berdi. Atçylyk toplumynyň aýlawynda ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda geçirilen ilkinji tapgyryň çapyşyklary şol günki dabara ajaýyp sazlaşyk goşup, tutuş ýurdumyz boýunça ýazky at çapyşyk möwsümine özboluşly badalga boldy. Bu ýerde çapyşyklaryň onusy geçirildi. Ilkinji çapyşykda 1000 metr aralyk bellenilip, oňa üçýaşar atlar goşuldy. Möwsümiň ilkinji tapgyrynyň ilkinji çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Kamar atly bedewi pellehana birinji bolup gelmegi başardy. Birinji tapgyryň beýleki çapyşyklary hem uly gyzyklanma döretdi. Jemleýji, onunjy çapyşykda bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň bedewleriniň ýene-de biri — Gutlyhan atly dor at ýeňiji boldy.
    «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ýazky at çapyşyklaryna badalga berilmegi mynasybetli «Balkan» atçylyk sport toplumynda geçirilen dabara-da ýatda galyjy we täsirli pursatlara baýdygy bilen alamatlandy. Toý ýörişinden başlanan baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar atçylyk sport toplumynda aýdym-sazlaryň joşgunly owazy astynda garşylandy. Açyk asmanyň astyndaky meýdançada ýaýbaňlandyrylan göwüngöteriji, baý many-mazmunly tomaşalar bagtyýar raýatlaryň kalbyny joşa getirdi. Sportuň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetirilen görkezme çykyşlar toýçy mähellede uly gyzyklanma döretdi.
    Ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda geçirilen çapyşyklar ýazky at çapyşygyna özboluşly badalga bolup, bu dabaranyň şatlyk-şagalaňyny al-asmana göterdi. «Balkan» atçylyk sport toplumynyň, welaýatyň edara-kärhanalarynyň, hususy hojalyklaryň üçýaşar atlarynyň 25-si şol günki çapyşyklara goşulyp, 3000 tomaşaçy orunlyk sport toplumyna ýygnanan janköýerleriň «berekellasy» bilen mübäreklendi. 1400 metr aralyga guralan ýaryşlaryň 5-si hem çekeleşikli geçdi.
    Şol gün Daşoguz welaýat merkezinde ýerleşýän atçylyk sport toplumynyň hem daş-töwereginiň mähellesi ýetik boldy. Bu ýere gelen welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary — il sylagly ýaşulular, mährem eneler, edara-kärhanalaryň işgärleri, talyp ýaşlar atçylyk sport toplumynyň öňündäki meýdançada ýerine ýetirilen ruhubelent çykyşlary çäksiz gyzyklanma bilen synladylar. Ýüreklere ylham, kalplara joşgun paýlan aýdym-sazlaryň belent owazy astynda gyzykly tomaşalary synlamagyň özboluşly lezzeti duýuldy. Bagtyýarlyga beslenen täze taryhy döwrümizde ösüşleriň özboluşly beýany bolan tomaşalardan göwni galkynan toýçy mähelle at çapyşyklaryna janköýerlik etdiler. Ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda bu ýerde çapyşyklaryň bäşisi bolup, oňa ýyndam bedewleriň 40-a golaýy goşuldy. 
    Ýurdumyzyň gündogar welaýatynda hem ýazky aç çapyşyk möwsümine dabara bilen badalga berildi. Geçen hepdäniň şenbe güni ýazky at çapyşyk möwsümine sabyrsyzlyk bilen garaşan ýüzlerçe janköýer welaýatyň atçylyk sport toplumyna ýygnandy. Ol ýerde milli toý däp-dessurlaryny açyp görkezýän tomaşalary, täsirli sergileri gyzyklanma bilen synladylar. Olara giňden atarylan toý gazanlarynda taýýarlanan milli tagamlardan hödür-kerem edildi. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde uzaklara ýaň salan çykyşlar hiç kimi biparh goýmady. Jeýhunyň kenaryndaky atçylyk sport toplumynyň toý ruhubelentligine beslenen aýlawyna ýetginjek çapyksuwarlaryň ýaryşlary bezeg berdi. Şol gün ol ýerde at çapyşyklarynyň bäşisi geçirilip, ýetginjek çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda guralan bu ýaryşlarda 1000 — 1200 metr aralyklar bellenildi. Dal bedewler bu aralyklar boýunça ýyndamlygyny görkezdiler.
    «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ýazky at çapyşyk möwsüminiň açylyş dabarasy Murgap jülgesiniň ilaty üçin hem hakyky toý-baýrama, şatlyk-şowhuna beslendi. Toý ýörişi bilen Mary atçylyk sport toplumyna gelen bagtyýar raýatlar ol ýerdäki giň göwrümli, köpöwüşginli tomaşalardan ruhy lezzet aldylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren teatrlaşdyrylan çykyşlaryndan, şowhunly aýdym-sazlaryndan göwni galkynan bedew janköýerleri neşir önümleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, at esbaplarynyň, gelin-gyzlaryň el işleriniň sergilerini hem synladylar.
    Atçylyk sport toplumynyň açyk asmanyň astyndaky meýdançasynda dowam eden dabaradan soňra, myhmanlar at çapyşygyna janköýerlik etdiler. Şol gün ol ýerde badalga alan ýazky at çapyşyk möwsüminiň ilkinji tapgyrynyň ilkinji çapyşyklary bedew janköýerlerinde unudylmajak täsirleri döretdi. Mary welaýat döwlet athanasynyň, welaýatyň edara-kärhanalarynyň, hususy hojalyklaryň ýyndam bedewleriniň 30-a golaýy çapuwa goýberildi. 1000 — 1400 metr aralyklar boýunça guralan çapyşyklar ýetginjek çapyksuwarlar üçin özboluşly synaga öwrüldi.
    Çapyşyklarda ýelden ýüwrük atlar üçin dürli aralyklar bellenilip, ussat çapyksuwarlar bedew janköýerlerini begendirmegi başardylar. Şenbe we ýekşenbe günlerindäki hakyky toý ruhuna eýe bolan at çapyşyklarynda ýeňiji bolan bedewlere we çapyksuwarlara toý serpaýlary ýapyldy.