RESMI HABARLAR

    Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Japarguly Gulberdiýewiç Orazowyň üstüne ýüklenildi.
                                                                                ***
    «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obany gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň häkimligine:
    Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda guruljak täze, döwrebap obada binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak, bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek hem-de obanyň gurluşygyny tapgyrlaýyn amala aşyrmak;
    Täze guruljak döwrebap obanyň baş meýilnamasyny işläp düzmek hem-de täze, döwrebap obanyň gurluşyk işlerini iki tapgyrda: 1-nji tapgyryny 2019 — 2022-nji ýyllarda, 2-nji tapgyryny 2022 — 2025-nji ýyllarda amala aşyrmak tabşyryldy.
                                                                                ***
    «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we baýlygyny gorap saklamak, ýurdumyzyň tebigy serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ilat üçin oňaýly ýaşaýyş we iş şertlerini döretmek hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasy hem-de «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
    Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we welaýatlaryň häkimliklerine Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
                                                                                ***
    Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy Kakabaýew Merdan Maksatowiçe käýinç yglan edildi.
                                                                                ***
    Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy Çolukow Serdar Gurbanberdiýewiçe käýinç yglan edildi.
                                                                                ***
    Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy we Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimi Baýramgulyýew Mämmet Guldurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
                                                                                ***
    Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy we Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmändigi üçin, Lebap welaýatynyň häkimi Atahallyýew Taňryguly Rejepgulyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.